• Sonuç bulunamadı

Kärhananyň salgyt ulgamy bilen gatnaşyklary

VIII BÖLÜM Gaznalar we ätiýaçlyklar

6. Kärhananyň salgyt gatnaşyklary

6.2. Kärhananyň salgyt ulgamy bilen gatnaşyklary

Türkmenistanda kärhanalaryň salgyt ulgamy bilen gatnaşyklary döwletiň Konstitusiýasyna,

―Salgytlar hakynda‖ bitewi Kanuna we beýleki hukuknamalara esaslanýarlar.

Kadalaşdyryjy hukuknamalarda çapraz gelmeler bar bolan halatynda Bitewi kanunyň düzgünleri ulanylýar.

Salgyt - hukuk gatnaşyklaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek diňe Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen amala aşyrylyp bilner.

Täze salgytlary bellemek ýa-da hereket edýän salgytlary üýtgetmek bilen ―Salgytlar hakynda‖

bitewi Kanuna üýtgetme girizýän Türkmenistanyň Kanunlary, olar resmi taýdan çap edilenden bir aý geçen soň, emma degişli salgyt boýunça nobatdaky salgyt döwrüniň başlanmagy bilen güýje girýär.

Salgyt töleýjileriň ýagdaýlaryny gowulandyrýan, şeýle hem hereket edýän salgytlary ýatyrmak

baradaky düzgünleri belleýän Türkmenistanyň kanunlary, eger - de bu olarda göni göz öňünde tutulan bolsa, çap edilen pursatyndan güýje girip bilerler.

Türkmenistanda şular kärhanalar bilen salgyt - hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan edaralar bolup durýarlar:

- döwlet salgyt gullugynyň edaralary ; - döwlet gümrük gullugynyň edaralary ; - maliýe ministrliginiň edaralary .

Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugynyň edaralary Baş döwlet salgyt gullugy tarapyndan dolandyrylýar.

Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy öz gezeginde döwletiň Ministrler Kabinetine tabyndyr we ol özi hakyndaky Düzgünnamanyň esasynda hereket edýär.

Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy we onuň orunbasarlary Prezident tarapyndan bellenilýär.

Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

- salgyt töleýjileriň (salgyt ýumuşçylarynyň) doly we wagtynda hasaba alynmagyny üpjun etmek, döwlet býujetine salgytlaryň doly we wagtynda tölenişine gözegçilik geçirmek;

- salgyt kanunçylygynyň ýerine ýetirilişi boýunça maglumatlary ýygnamak, seljermek we ony kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak;

- öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen meseleler boýunça usulyýet we gollanma görkezmelerini çykarmak, şahsy we edara görnüşli taraplaryň arzalaryna we ýüz tutmalaryna bellenilen tertipde garamak;

- beýleki döwletler bilen salgyt salmak meseleleri boýunça ylalaşyklaryň taslamalaryny taýýarlamaga gatnaşmak;

- beýleki döwletleriň salgyt edaralary bilen özara iş alyp barmak.

Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň ähli welaýatlarda öz bölümleri bardyr.

Türkmenistanyň etraplara degişli däl şaherlerinde döwlet şäher salgyt gulluklary döredilendir.

Mysal üçin, Aşgabat, Türkmenabat şäheri boýunça salgyt gulluklary bar.

Aşgabat şäheri boýunça döwlet salgyt gullugyna Köpetdag, Azatlyk, S.A.Nyýazow adyndaky, Çandybil etraplary boýunça döwlet salgyt gulluklary degişlidir. Türkmenistanyň ähli etraplarynda salgyt gulluklary ýerleşýär.

Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy özüniň welaýatlardaky, şäherlerdäki, etraplardaky düzüm birlekleriniň işlerine ýolbaşçylyk edýär.

Türkmenistanyň salgyt gulluklary „Salgytlar hakynda― bitewi Kanuny esasynda hereket edýärler.

Bu kanunda salgyt gullugynyň hukuklary we borçlary görkezilýär. Şol kanuna laýyklykda Türkmenistanyň salgyt gullugy edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň esasy hukuklary şulardan ybaratdyr:

- salgyt töleýjilerden (ýumuşçylaryndan) salgydy hasaplamak we tölemek bilen bagly tassyklanan görnüşler boýunça resminamalary we beýleki maglumatlary, şeýle hem düşündirişleri, olary tassyklaýan resminamalary talap etmäge we almaga;

- Türkmenistanyň hereket edýan kanunlaryna laýyklykda salgyt barlaglaryny geçirmäge we beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde barlaglara gatnaşmaga, resminamalaýyn salgyt barlaglary geçirilende barlanýan taraplaryň girdeji (peýda) almaga gönükdirilen telekeçilik we beýleki işleri geçirmek üçin peýdalanylýan önümçilik, ammar, söwda we beýleki jaýlaryny, şeýle hem şu işler bilen baglanyşykly emlägi gözden geçirmäge;

- elektron-gözegçilik pulhana abzallaryny ulanmagyň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmäge;

- öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde salgyt düzgünleriniň bozulmalary hakyndaky işler boýunça teswirnama düzmäge;

- salgyt töleýji tarapyndan resminamalar (maglumatlar) berilmedik ýagdaýynda bar bolan maglumatlaryň esasynda tölenmäge degişli salgydyň möçberini özbaşdak anyklamaga we kesgitlemäge;

- salgyt töleýjileri (salgyt ýumuşçylaryny), şeýle hem barlag geçirilýän döwürde olara degişli resminamalary ýa-da maglumatlary bolan beýleki adamlary salgyt gullugy edaralaryna çagyrmaga;

- salgyt kanunçylyk namalarynda bellenen başga hukuklar.

Türkmenistanyň salgyt gullugynyň edaralarynyň wezipeli adamlary we gullukçylary şulara borçludyrlar:

- kanunlara laýyklykda berk iş alyp barmaga;

- salgyt syrlaryny we salgyt töleýjiler (ýumuşçylary) baradaky maglumatlary saklamagyň düzgünlerini berjaý etmäge;

- öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde salgyt kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik etmäge, salgyt töleýjilerden (ýumuşçylaryndan) ýüze çykarylan düzgün bozulmalary düzetmegi we görkezilen talaplary ýerine ýetirmegi talap etmäge;

- öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde salgyt töleýjileri (ýumuşçylaryny) hereket edýän salgytlary tölemegiň tertipleri we möhletleri, salgyt töleýjileriň hukuklary we borçlary, şeýle hem Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň degişli namalary barada habardar etmäge;

- salgyt töleýjileriň we salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň abraýyny hem- de mertebesini hormatlamaga.

Türkmenistanyň salgyt gullugy edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň kanunlarda bellenen beýleki borçlary hem bardyr.

Kärhana salgyt töleýji hökmünde häsiýetnama berlende onuň aşakdaky taraplaryna aýratyn üns berilýär:

- kärhananyň döwletiň kanunlaryna laýyklykda açylmagyna hem hereket edilmegine;

- onuň girdejilerine, harajatlaryna we maliýe netijelerine;

- kärhananyň töleg ukyplylygyna, onuň bergilerine , algylaryna we likwidliligine;

- gaýry häsiýetlerine.

Kärhananyň, edaranyň hökmany suratda esasnamasy, ygtyýarnamasy we sertifikatlary bolmaly.

Kärhana diňe esasnamasynda görkezilen işleri ýerine ýetirmäge haklydyr. Kärhananyň şu gollanmanyň 12-nji goşulmasynda görkezilen işlerine hökmany suratda ygtyýarnamasy bolmaly.

Kärhananyň esasnamasy tassyklanmadyk bolsa ýa-da onda görkezilen işlerden başga-da işler ýerine ýetirilýän bolsa, ýa-da ol ygtyýarnamasyz, sertifikatsyz hereket edýan bolsa, onda salgyt töleýjä garşy degişli çäreler geçirilýar. Ygtyýarlandyrmaga degişli işiň kärhana tarapyndan ygtyýarnamasyz amala aşyrylmagy şeýle işden alnan girdeji (peýda) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwletiň Merkezleşdirilen býujetiniň girdejisine alynmaga degişlidir.

Kärhananyň girdejilerini, harajatlaryny, maliýe netijelerini, şol sanda balans we arassa peýdany hasaba almagyň tertibi bilen şu gollanmanyň 13-nji bölümini okap tanşyp bolar.

Kärhananyň töleg ukyplylygyny onuň pul serişdeleri bilen üpjun edilişi, hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilişi, bergileriň üzilişi görkezýär.

Kärhananyň töleg ukyplylygyna ýakyn düşünje-onuň balansynyň likwidliligi. Şol bir wagtyň içinde bu düşünjileriň öz aýratynlyklary bar. Likwidlilik sözüň özi - gymmatlyklaryň bazarda ýerleşdirilişiniň çaltlygyny we milli pula öwürmekligiň ukyplylygyny görkezýän düşünje. Käbir gymmatlyklary bazarda ýerleşdirmek we milli pula öwürmek aňsat bolýar. Mysal üçin, erkin aýlanýan walýutalar görnüşinde serişdeleri, gymmat bahaly daşlary, metallary we başgalary. Käbir gymmatlyklary bolsa bazarda ýerleşdirmek we milli pula öwürmek kyn düşýär. Mysal üçin, ulanyşda bolan tehniki serişdeleri, gurallary we başga zatlary. Kärhananyň balansy likwidli bolsa onuň emläkleri bazarda ýerleşdirilende, kärhananyň ähli maliýe borçlary (bergileri) ýapylmalydyr. Eger-de kärhana balansda hasaba alnan ähli emläklerini bazar nyrhy boýunça ýerleşdirip, alyp biljek algylaryny alyp, öz bergilerini ýapyp bilmese, kärhananyň balansy likwidli däl diýlip hasap edilýär.

Türkmenistanyň kärhanalary häzirki döwürde şu aşakdaky salgytlary we ýygymlary töleýärler:

- ýerasty baýlyklardan gelýän girdejilerden , - goşulan baha üçin , edara görnüşli tarapyň peýdasyndan (girdejisinden) , şahsy adamlaryň girdejisinden we emläk üçin alynýan salgytlary;

- goşmaça tölegleri (aksizleri);

- durmuş ätiýaçlandyryş goruna geçirilýan ýygymlary;

- ýerli ýygymlary (olaryň görnüşleri ýokarda gorkezilen).

Ýerasty baýlyklardan gelýän girdejilerden alynýan salgydy barada umumy maglumat gollanmanyň ýokarky sahypalarynda berlen. Başga salgytlar we ýygymlar barada maglumatlary gollanmanyň aşakdaky sahypalaryndan alyp bilersiňiz.

Outline

Benzer Belgeler