• Sonuç bulunamadı

Esasy we dolanyşyk serişdeler hem olaryň kärhananyň ykdysadyýetine täsiri

Öndüriji güýçleriň içinde işçi güýji bilen bilelikde esasy we dolanyşyk serişdeleriň orny örän ulydyr.

Her bir kärhanada, hyzmat edýän hojalyklarda gönüden-göni önümçilige gatnaşýan we şert döredip, hyzmat edýän serişdeler bolýar. Olar ykdysady edebiýatlarda iki topara bölünýär: esasy we dolanyşyk serişdelere.

Esasy serişdeler önümçilik pursatyna birnäçe gezek gatnaşyp, özleriniň hakyky görnüşini ýitirmeýärler. Bu serişdeler täze öndürilen önüme kem-kemden könelişýän paýy boýunça özleriniň gymmatyny geçirýärler. Olaryň gulluk möhleti 1 ýyldan az bolmaly däldir, gymmaty bolsa iki iň pes iş hakyndan (häzirki döwürde täze pul birliginde 100 manatdan) az bolmaly däldir.

Esasy serişdeleriň hataryna binalar, desgalar, geçiriji gurnawlar, oturdylan enjamlar, stanoklar, ulag serişdeleri, ölçeji we sazlaýjy gurallar we gurnawlar, hasaplaýjy tehnika, instrumentler , önümçilik esbaplary we gurallary, hojalyk inwentarlary , oba hojalyk maşynlary we gurallary, uly ýaşly işçi we önüm berýän mallary (ownuklary hem goşmak bilen), oturdylan köp ýyllyk agaçlar we beýleki esasy gaznalar ( kitaphana gaznalary, sahna oýun goýujy serişdeler we ş.m.). girýär.

Oba hojalyk maşynlary we gurallary , şeýle-de işçi we önüm berýän mallary bahasyna garamazdan esasy serişdelere degişlidirler.

2000-nji ýylyň fewral aýynyň 21-ne Türkmenistanyň Merkezi Balans toparyň başlygy tarapyndan tassyklanylan „Esasy serişdeleri (gaznalary) buhgalterlik hasaba anyşy boýunça Düzgünnama‖

laýyklykda şular kärhananyň esasy serişdelerine degişli däldir:

- bahasyna garamazdan ýörite gurallar we ýörite tilsimler (aýry- aýry önümler tapgyrlaýyn we köp mukdarda öndürmäge niýetlenen gurallar we maksatlaýyn enjamlar);

- ýaş we baka goýlan mallar, guşlar, towşanlar, sütükli haýwanlar, bal aralary, şeýle-de , tejribe geçirilýän haýwanlar;

- bahasyna we möhletine garamazdan ýörite geýimler, ýörite aýakgaplar we ýorgan-düşekler, myhmanhanalaryň esasy serişdeleriniň hasabynda durýan ýorgan-düşeklerden başgasy;

- aýry-aýry gurluşyk gurnawlary we bölekleri, maşynlaryň , enjamlaryň we gurluşyk, abatlaýyş we jemlemek üçin niýetlenen süşýän bölekleriň gurluşlary we düzümleri ;

- kärhana taýarlajylaryň, üpjunçilik we ýerleýji guramalaryň ammarlarynda taýyn önüm hökmünde hasapda durýan enjamlar we maşynlar, şeýle hem gurnamagy talap edýän we düýpli gurluşygyň balansynda durýan enjamlar;

- gurluşygyň bellenen çäklerindäki toplanyş çykdajysynyň hasabyna gurulýan wagtlaýyn , jikme-jik sanawa girmeýän gurluşyklar we gurnawlar;

- oturdylan, ýöne, işe girizilmedik we düýpli gurluşygyň balansynda durýan maşynlar we enjamlar;

- oturtmak üçin niýetlenýän, nahalhanalarda ýerleşdirilýän köp ýyllyk agaçlar;

- bahasyna we möhletine garamazdan balyk tutulýan gurallar (trallar, torlar, çeňňekler we ş.m.).

Görkezilenler dolanyşyk, ýa-da arzan bahaly we tiz könelýän serişdelere hem ösdürimdäki mallara degişlidirler.

Esasy serişdeler öz gezeginde ykdysady edebiýatlarda önümçilik we önümçilik däl serişdelere bölünýär.

Önümçilik esasy eserişdeleri diýlip, gönüden-göni önümçilige gatnaşýan serişdelere aýdylýar (önümçilik binalary, desgalar, geçiriji gurnawlar, güýç beriji maşynlary we enjamlary, iş maşynlary we enjamlar we ş.m.).

Önümçilik däl esasy serişdeler diýlip – önümçilige şert döredýän, hyzmat edýän serişdelere aýdylýar (kärhana degişli klublar, köşkler we medeniýet öýleri, çagalar bagy, myhmanhanalar,

hammamlar, arassaçylyk geçiriji, umumy ýaşaýyş jaýlary, medeni edaralar, dynç alyş öyler, sport binalary we ş.m.).

Önümçilik we önümçilik däl esasy serişdeleriň göterim gatnaşygy (udel agramy) dürli pudaklarda dürli-dürlüdir.

Kärhananyň esasy serişdeleri dürli çeşmeleriň hasabyna döredilýär. Şolaryň içinde:döredijileriň esaslyk maýasynyň, kärhananyň peýdasynyň, karzlaryň , döwletiň, çekilen serişdeleriň (täze paýdarlaryň), kärhanada ulanylmaýan serişdeleri ýerleşdirmekden gelen girdejileriň we başga çeşmeleriň hasabyna.

Esasy serişdeler fiziki we moral taýdan könelýär. Serişdeleriň fiziki taýdan könelmegi her zadyň ulanyş möhleti bolmagy bilen düşünilýär. Moral taýdan könelen diýlip netijeligi ylmy-tehnikanyň ilermäniň (progresiň) häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelmeýan esasy serişdelere diýilýär.

Esasy serişdeleri dikeldip, bellenilen tertipde başga taraplara ýerleşderip mümkinçilik bolmasa we olar dürli sebäpler boýunça ýaramsyz ýagdaýa gelende, moral taýdan könelinde, täzeden gurlanda, giňeleninde, durky täzeleninde, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylanda, olary kesgitlenen tertipde hasapdan öçürip bolar.

Merkezleşdirilen býüjetdäki edaralar we kärhanalar şu esasy serişdeleriň dikeldiş bahalaryny hasapdan öçürip bilerler:

- bellenilen iň az iş hakynyň 10 essesine (500 denomirlenen manada) çenli möçberini özbaşdak ýagdaýda;

- bellenilen iň az iş hakynyň 10 essesinden gymmatlary ýokarda durýan guramalaryň rugsat bermegi bilen.

Ýerli býüjetdäki edaralar we kärhanalar şu esasy serişdeleriň dikeldiş bahalaryny hasapdan öçürip bilerler:

- bellenilen iň az iş hakynyň 10 essesine çenli möçberini özbaşdak ýagdaýda;

- bellenilen iň az iş hakynyň 10 essesinden 50 essesine çenli möçberini şäherleriň (Aşgabat şäherinden başga), etraplaryň häkimleriniň rugsat bermegi bilen.

- bellenilen iň az iş hakynyň 50 essesinden ýokarsyny welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň rugsat bermegi bilen;

- ministrikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri bellenilen iň az iş hakynyň 100 essesine çenli möçberdäki dikeldiş bahasy bolan esasy serişdeleri özler, ondan köpüsini bolsa-Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň rugsat bermegi bilen hasapdan öçürýärler.

Esasy serişdeleri we başga gymmatlyklary hasapdan öçürmek, zerur namalary resmileşdirmek üçin döwlet kärhanalarynda we edaralarda ýolbaşçynyň buýrugy bilen hemişelik işleýän toparlar döredilýär.

Döwletiň eýeçiliginde durmaýan kärhanalar esasy serişdeleriň bahasyna garamazdan olary hasapdan özbaşdak öçürmäge haklydyrlar. Emma hasapdan esasy serişdeleri öçürmänkä olar hasapdan öçüriljek esasy serişdelerden galan gara we reňkli metalary degişli döwlet guramalara tabşyrmalydyrlar. Ulag serişdeleriň ulanmagy mümkin däldigi barada güwanamany ygtyýar berilen guramalardan (komission dukanlaryndan) almalydyrlar.

Esasy serişdeler kärhananyň ykdysadyýetinde uly orun tutýar. Olar kärhananyň baýlygyny, karz almagyň ukyplylygyny, bazar ykdysadyýetinde abraýyny görkezýär. Şol sebäpli kärhananyň ýolbaşçylary kärhananyň esasy serişdelerine, olaryň ulanylmagyna berk gözegçiligi etmelidirler.

Kärhanalaryň ýolbaşçylary wagtal-wagtal esasy serişdeleriň ykdysady taýdan netijeliligini seljermelidirler we olaryň zähmet öndürijiligine, önüm berijiligine, önüm sygymyna we düşewüntliligine aýry üns bermelidirler.

Görkezilen görkezijileriň seljermesi ykdysady ylymlaryň doktory, professor I.Arazgulyýewyň , we T.A. Amanmämmedowyň „Makroykdysadyýet― okuw gollanmalarynda has takyk görkezilen. Şol sebäpli gollanmadaky görkezijiler bilen sizi aşakdaky sahypalarda tanyşdyrmak makul bildik.

Esasy serişdeleriň zähmet öndürijiligi şu aşakdaky usul boýunça kesgitlenilip bilner. Ýagny, öndürilen önümleriň sanyny ýa-da gymmatyny maşynlaryň, stanoklaryň sanyna bölmeklik arkaly kesgitlenilip bilner.

E.s.z.o =Ö.ö.g : M.s.

Bu ýerde: E.s.z.o – esasy serişdeleriň zähmet öndürijiligi;

Ö.ö.g.- öndürilen önümiň umumy gymmaty;

Bu ýerde: E.s.o.b –esasy serişdeleriň önüm berijiligi;

Ö.ö.g.-öndürilen önümiň umumy gymmaty;

E.s.g. – esasy serişdeleriň gymmaty;

Esasy serişdeleriň önüm sygymy:

Bu ýerde: E.s.o.s –esasy serişdeleriň önüm sygymy;

E.s.g.- esasy serişdeleriň umumy gymmaty;

Ö.ö.g.- öndürilen önümiň gymmaty;

Bu ýerde: E.s.d – esasy serişdeleriň düşewüntliligi;

ΔP gazanylan arassa peýda;

E.s.g. – esasy serişdeleriň umumy gummaty;

Ýokardaky görkezijiler özara baglanyşyklydyrlar. Olaryň biri beýlekisine täsir edip, bir-birinden gelip çykýandyr.

Dolanyşyk serişdelere önümçilik pursatyna bir gezek gatnaşyp, hakyky görnüşini ýitirip öz gymmatyny bolsa täze öndürilen önüme (hyzmata, işe) doly möçberde geçirýän, ulanyş möhleti bir ýyldan we bahasy kanunçylykda bellenilen iki minimal zähmet hakyndan az bolan gymmatlyklara düşünilýär .

Kärhananyň dolanyşyk serişdeleri bir görnüşinden başga görnüşine (harytdan pula, puldan haryda) mydama geçip aýlanýarlar. Olaryň ykdysady taýdan netijeliligi esasan özleriniň aýlanmagyň tizligi bilen kesgitlenýär. Sebäbi dolanyşyk serişdeleri näçe çalt aýlansa, şonça-da köp önüm öndürilýär, önümiň özüne düşýän gymmaty peselýar hem-de dolanyşyga gerek bolan dolanyşyk serişdeleriniň ätiýaçlandyrmasynyň möçberi azalýar.

Materiallar, ösdürimdäki mallar, ýarym taýýar önümler, arzan bahaly we tiz könelýän zatlar, tamamlanmadyk önümçilik, geljekki döwürleriň çykdajylary, taýýar önümler, harytlar, şol sanda hasaplaşyksyz ugradylanlar, hasaplaşyk hasabyndaky, pulhanalardaky, banklardaky pul serişdeleri, dürli görnüşdäki algylar kärhananyň dolanyşyk serişdelerine degişlidirler. Görkezilen serişdeleriň başga toparlara bölünmegi bilen şu gollanmanyň ikinji görkezgiçiň kömegi bilen tanşyp bolar.

Dolanyşyk serişdeleriň her haýsy aýry hasapda hasaba alynyp, dürli hasapiçi hasaplara bölünýär.

Dolanyşyk serişdeleri dürli çeşmeleriň, şol sanda: hususy, karzyna alynan, we çekilen serişdeleriň hasabyna döredilip bilner. Kärhanalarda dolanyşyk serişdeleriň udel agramlary we düzümleri kärhananyň işine we degişli pudagyna baglydyr. Sebäbi önümçiligiň we dolanşygyň ykdysady-tehniki şertleri dürli pudaklarda tapawutlanýär. Senagat pudagynda hususy we hususy hasaplanýan dolanyşyk serişdeleriň agramy köplenç artýar. Gurluşykda, oba hojalygynda we söwdada köplenç karzyna alnan serişdeler ulanylýar.

Gowy işleýän kärhalarda hususy dolanyşyk serişdeleriň möçberi köplenç köpelýär. Erbet işleýän kärhalarda bolsa tersine hususy dolanyşyk serişdeleriň möçberi köplenç azalýär. Şol kärhanalaryň algylary we bergileri köpelýär hem maliýe ýagdaýlary erbetleşýär.

Kärhanalaryň ýolbaşçylary dolanyşyk serişdeleriň ulanylmagyna berk gözegçiligi etmelidirler.

Gözegçilik wagtal-wagtal seljeriş işleriň geçirmegini talap edýär. Kärhananyň ýolbaşçylary dolanyşyk serişdeleriň azalmagyň sebäplerini anyk bilip degişli çäreleri geçirmelidirler.

Arzan bahaly we tiz könelýän zatlaryň bahasy kanunçylykda bellenilen iň pes iş hakynyň birliginiň 20 göterimine (10 denominirlenen manada) çenli bolsa , olaryň gymmaty önümçilige ýa-da ulanylyşa goýberilişine görä hasapýa-dan öçürmäge (harajatlara goşmaga) rugsat berilýär.

Görkezilen zatlaryň bahasy 10 manatdan artýan bolsa , şeýle hem bahasyna we hyzmat eden möhletine garamazdan aw gurallary, awtomatlaşdyryş serişdeleriniň we barlaghana enjamlarynyň bahasy olar ammarlardan ulanyşa berlen mahaly 50 göterim möçberde hem-de ýaramsyzlygy sebäpli ulanyşdan çykan mahaly galan 50 göterim möçberde (bu zatlaryň bahasyny ulanylmagy mümkin bolan nyrhda tutup galmak bilen) hasapdan öçürmäge (harajatlara goşmaga) rugsat berilýär.

Outline

Benzer Belgeler