• Sonuç bulunamadı

Kärhanalaryň maliýe we karz ulgamy bilen aragatnaşyklary

VIII BÖLÜM Gaznalar we ätiýaçlyklar

5. Kärhanalaryň maliýe we karz ulgamy bilen aragatnaşyklary

5.1. Maliýe-karz ulgamynyň düzümi, wezipeleri we amallary.

Maliýe-karz ulgamy döwletiň esasy bölegi bolup, döwleti dolandyrmakda örän wajyp orny tutýar.

Maliýe-karz ulgamsyz döwleti dolandyrmak mümkin däl. Oňa taryhdan köp mysallary tapyp bolýar.

Maliýe-karz ulgamy bu döwletiň hem ýüregi, hem-de gan damarlary. Sebäbi ulgamyň kömegi bilen pul gaznalary ýygnalýar we paýlanýar. Pul gaznalary bolsa raýatlary, edaralary, kärhanalary we bütin döwleti herekede getirýär.

Türkmenistanyň maliýe-karz ulgamynyň düzümini aşakdaky dördünji görkezgiçden görüp bolar:

4-nji görkezgiç Türkmenistanyň maliýe-karz ulgamynyň düzümi.

Maliýe-karz guramalary öz alyp barýan işinde Türkmenistanyň Prezidentine tabyndyr.

Türkmenistanyň maliýe ministriligi Hökümet üçin maliýe syýasatynyň esasy ugurlary boýunça teklipleri işläp taýýarlaýan döwlet çaklaýyş-seljeriş guramasy bolup durýar.

Türkmenistanyň maliýe ministriliginiň döwletiň ähli welaýatlarynda we etraplarynda maliýe bölümleri hereket edýär. Olar bir tarapdan ýerli häkimliklere ikinji tarapdan bolsa Türkmenistanyň maliýe ministriligine degişlidirler.

Türkmenistanyň maliýe ministriligi öňki Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministriligiň düýbinde döredildi. Şol sebäpli ol öňki ministriligiň belli wezipeleri özüne aldy.

Şolaryň içinde:

- döwletiň maliýe işini guramak we dolandyrmak;

- maliýe, býüjet, salgyt syýasaty, maliýe bazarlary ösdürmek, ätiýäçlandyryş we auditorlyk işleri babatda ýeke-täk syýasaty işläp taýarlamak we durmuşa geçirmek);

- Türkmenistanyň býujet ulgamyny kämilişdirmek;

- döwletiň, ministrilikleriň we pudak edaralarynyň maliýe ýagdaýyny seljermek;

- döwletiň eýeçiligini we bähbidini goramak;

- bahalara döwlet gözegçiligini amala aşyrmak hem olara kadalaşdyryjy ulgamyny düzüp taýarlamak;

- döwlet eýeçiligindäki edara görnüşli taraplaryň zähmete hak tölemek , ilatyň iş we durmuş üpjunçilik syýasatyny amala aşyrmagyň ulgamyny işläp taýarlamak;

- başga wezipeleri.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işi „Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda― kanun esasynda dolandyrylýar.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esasy maksatlary we wezipeleri şulardan ybaratdyr:

- durnukly pul birliklerini üpjün etmek;

- nyrhlaryň durnuklylygyny gazanmak we goldamak;

- durnukly bank ulgamynyň işlemegini üpjün etmek;

- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetini maliýe tarapyndan goldamak;

- karz we pul syýasatyny döretmek we ony amala aşyrmak;

- walýuta syýasatyny döretmäge, kabul etmäge we amala aşyrmaga gatnaşmak;

- ygtyýarnamalary bermek we banklara hem-de bank ulgamyna gözegçiligi amala aşyrmak;

- döwletiň halkara ätiýaçlyklaryny saklamak we olara ygtyýarlyk etmek;

- hasaplaşyk ulgamynyň netijeli işlemegine ýardam etmek;

- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň bankiri, geňeşçisi we fiskal agenti bolmak;

- pul syýasatynyň meseleleri boýunça hökümetara maslahatlarynda, ähli geňeşlerde we guramalarda Türkmenistan döwletine wekilçilik etmek;

- daşary ýurt banklaryna ygtyýarnamalary bermek we şolaryň peýdalylygyna gözegçiligi amala aşyrmak hem-de öz ygtyýarlygyndaky beýleki meseleleri çözmek;

- daşary ýurtlaryň hökümetlerine, daşary ýurtlaryň merkezi banklaryna we maliýe guramalaryna, şonuň ýaly-da Türkmenistan döwletiniň ýa-da Türkmenistanyň merkezi bankynyň agzalykda durýan halkara guramalaryna bank hyzmatlaryny etmek;

- halkara guramalaryň hataryna girmek we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gatnaşmak;

- Türkmenistan döwletiniň wekili hökmünde Türkmenistanyň halkara guramalaryna gatnaşmagy bilen baglanyşykly borçnamalary öz üstüne almak we degişli çäreleri amala aşyrmak.

Türkmenistanyň täjirçilik we beýleki banklary öz işinde 1993-njy ýylyň oktýabr aýynda kabul edilen Türkmenistanyň ―Kommersiýa banklary we bank işi hakynda‖ kanuny we döwletiň beýleki kanunlara laýyklykda işlenilip düzilen esasnamalardan ugur alýarlar.

Esasnamada bankyň ady, hukuk salgysy, bank Geňeşiniň we bankyň müdirýetiniň auditor gullugynyň ygtyýarlary, esaslyk maýasynyň möçberi, onuň paýnamalarynyň sany we nominal gymmaty, şeýle hem paýdarlaryň hukuklary görkezilýär. Bankyň esasnamasyna şonuň ýaly-da, kanunlara ters gelmeýän, bank işiniň aýratynlygy bilen baglanyşykly düzgünler goşulyp bilner.

Bank öz işinde Müdiriýeti tarapyndan tassyklanylýan içerki tertip-düzgüniň kadalaryndan ugur alýar. Şonda bankyň düzümi, işgärler (ştat) rejesi (tertibi), bölümler hakyndaky düzgünnama, olaryň maksatlary hem wezipeleri, şeýle hem bankyň kiçi bölümleriniň özara gatnaşygy, bankyň başlygynyň, onuň orunbasarlarynyň, Müdiriýetiniň agzalarynyň wezipe borçlary bellenilýär.

Banklar- täjirçilik işleri (biznes) bilen meşgullanýan özboluşly kärhanalardyr. Banklar elindäki wagtlaýyn ulanylmaýan serişdeleri , edara görnüşli we şahsy taraplara , döwlete möhletlilik, yzyna gaýtarmak, töleglilik şertler esasynda satýarlar.

Banklar köplenç hususy däl serişdeler bilen „işleýärler―. Olar başga kärhanalaryň, edaralaryň, ilatyň, döwletiň serişdelerini süýşürip paýlaýarlar. Şonuň üçinem banklar diňe öz hususy gyzyklanmalaryna seretmän, jemgyýetiň gyzyklanmalaryna hem köp üns berýändirler.

Türkmenistanyň bank ulgamynda banklar iki derejeli banklara bölünýär. Birinji derejede Merkezi bank, ikinji derejede bolsa beýleki banklar. Emma, eýeçilik, hukuk –guramaçylyk görnüşleri boýunça Türkmenistanyň banklaryny şertli bir näçe topara bölüp görkezmek bolar:

Birinji nobatda banklaryň bankyny- Türkmenistanyň Merkezi banky görkezmek zerurdyr.

Ikinji toparda bolsa „Prezident―, daşary ykdysadyýet, „Halk― „Türkmenbaşy― , „Türkmenistan― hem-de „Daýhan― döwlet täjirçilik banklary görkezip bolar.

Üçünji banklaryň toparlaryna paýdarlar täjirçilik „Senagat―,we „Garagum― banklary degişlidir.―Garagum― bankyna daşary ýurtlaryň paýdarlary hem gatnaşýar. Şol sebäpli ol halkara-paýdarlar täjirçilik banky diýlip hasaplanýar.

Türkmenistanyň bank ulgamynda häzirki döwürde bir sany bilelikdäki Türkmen-türk täjirçilik banky hem-de iki sany daşary ýurtlaryň banklary – „Saderat―(Eýran), we Päkistanyň merkezi bankynyň şahamçasy hereket edýärler.

Türkmenistanda käbir daşary ýurt banklaryň wekilhanalary açylan. Mysal üçin, Ýewropa abatlaýyş we ösüş , Aziýa abatlaýyş we ösüş, „Doýçe― banklaryň wekilhanalary.

Käbir ykdysady edebiýatlarda maliýe ulgamynda girewhanalar (lombardlar) hem görkezilýär.

Girewhanalardan raýatlar we başga taraplar öz gymmat bahaly zatlaryny girew hökmünde belli möhlete goýup pul serişdeleri alýarlar. Eger-de alnan pul serişdeler göterim bilen bilelikde girewhana tabşyrlsa, girewe goýlan zatlar gaýtarylýar. Pul serişdeler we göterimler gaýtarylmadyk ýagdaýlarda girewe goýlan zatlary girewhana ýerleşdirip olaryň hasabyna çeken zyýanlaryň öwezini ýapýar.

Täjirçilik we beýleki banklaryň dolandyrylyşyny aşakdaky bäşinji görkezgiç bilen şekillendirip bolar:

5-nji görkezgiç Täjirçilik we beýleki banklaryň dolandyrylyşy

Paýdarlaryň (esaslandyryjylaryň) umumy ýygnagy Bankyň Geňeşi

Bankyň Müdiriýeti Bankyň auditor gullugy Departamentler, müdirlikler(uprawleniýalar)

Bankyň şahamçalary Bankyň bölümçileri

Karz bölümi Pulhana Amallar,hasap,

pensiýa we başga bölümler Bankyň işgärleri, gullukçylary

Täjirçilik we beýleki banklar şu bank amallaryny we gepleşikleri geçirip bilerler:

- müşderileriň we banklaryň habarçylarynyň tabşyrmagy boýunça hasaplaşyklary we olaryň kassa hyzmatyny amala aşyrmagy, karzlary bermegi;

- inwestirleýän serişdeleriň eýeleriniň we şol serişdeleri berijileriň tabşyrygy boýunça, şeýle hem bankyň öz serişdeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny maliýeleşdirmegi;

- paýnamalary we beýleki gymmat bahaly kagyzlary goýbermegi. Öz hasabyna ýa-da müşderileriniň hasabyna töleg resminamalaryny ýa-da gymmat bahaly kagyzlary satyn almagy, satmagy we saklamagy, şeýle hem şolar bilen häzirki hereket edýän kanunlar tarapyndan gadagan edilmedik beýleki amallary amala aşyrmagy;

- ýerine ýetirilmegi pul görnüşde göz öňünde tutulan kepillikleriň, zamunlyklaryň we gaýry borçnamalaryň üçünji taraplaryň adyndan berilmegini;

- harytlary ibermegiň, daşamagyň we hyzmatlary ýerine ýetirmek hakyndaky şertnamadan gelip çykýan talap hukuklaryny edinmegi, şeýle talaplary ýerine ýetirmegiň töwekgelçiliklerini kabul etmegi we şol talaplary inkassirlemegi (forfeýting), şeýle hem şol amallaryň, harytlaryň hereketiniň goşmaça gözegçilik bilen ýerine ýetirilmegi (faktoring);

- edara görnüşli we şahsy taraplarda, şol sanda daşary ýurtly taraplardan nagt daşary ýurt walýutasynyň hem-de hasaplarda we goýumlarda bar bolan walýutany satyn almagy we olara satmagy;

- Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasy esasynda döwletiň içinde we onuň çäginden daşary ýurtlarda gymmat bahaly metallary, daşlary, hem şolardan ýasalýan önümleri kabul etmegi we saklamagy;

- müşderileriň tabşyrmagy boýunça serişdeleri çekmegi we ýerleşdirmegi hem-de gymmat kagyzlary dolandyrmagyň ynanç (trast) amallary;

- bank işi bilen baglanyşykly maslahat (konsultatiw) hyzmatlary etmegi, şol sanda müşderileriň maýa goýumlaryny (inwestisiýalaryny) dolandyryjy, geňeşçi ýa-da maliýe agenti ýa maslahatçy hökmünde hyzmatlary ýerine ýetirmegi;

- enjamlary, ulag serişdelerini we gaýry emlägi kärende şertlerinde bermek üçin olary bankyň öz serişdeleriniň hasabyna satyn almagy (lizing amallaryny amala aşyrmagy);

- häzirki hereket edýän kanunlara laýyklykda gozgalmaýan emläk bilen girewine goýmak –almak amallaryny geçirmegi;

- degişli ygtyýarnama bar bolan halatynda we kanunlarda gadagan edilmedik beýleki amallary we gepleşikleri geçirmegi;

- maddy önümçiligiň we maddy gymmatlyklaryň söwdasy, şeýle hem ätiýäçlandyrmanyň ähli görnüşleriniň ugrundaky banklaryň işi gadagan edilýär, muňa walýuta ätiýaçlandyrmasy, karz we göterim töwekgelçilikleri girmeýär.

5.2. Kärhanalaryň maliýe-karz guramalary bilen gatnaşyklary.

Türkmenistanyň maliýe ministriligi we onuň welaýatlardaky we etraplardaky bölümler bilen döwlet eýeçiligindäki we hususylaşdyrylan kärhanalary mydama gatnaşykda bolmalydyrlar. Sebäbi olar öz maliýe meýilnamalaryny we hasabatlaryny ýokarky edaralar bilen ylalaşmalydyrlar. Eger-de kärhana býujet serişdeleri berilýän bolsa şol kärhanalara aýratyn gözegçilik edilýär.

Türkmenistanyň maliýe ministriligi we onuň welaýatlardaky we etraplardaky bölümleri kärhanalaryň nyrh düzgünleriň berjaý edilşini barlamaga haklydyrlar.

Türkmenistanyň maliýe ministriligi we onuň welaýatlardaky we etraplardaky bölümleri döwlet eýeçilikdäki ähli kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryň çäklerini kesgitltýärler. Çäklenen zähmet haklardan ýokary haklary tölemek gadagan. Oňa Ministrilik tarapyndan gözegçilik edilýär.

Ministrilikde we onuň bölümlerinde ýörite gözegçilik-barlag müdiriýeti (bölümleri) hereket edýär.

Kärhanalar Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda islendik bankda öz hasabyny açyp biler.

Banky saýlamak üçin kärhanalar öz ýerleşýan ýerini, geçirjek amallaryny, bankyň hyzmatlarynyň hilini, onuň maliýe ýagdaýyny göz öňünde tutmalydyrlar. Käbir amallary geçirmek üçin banklaryň ýörite ygtyýarnamalary bolmalydyr. Mysal üçin, walýuta amallary geçirmek üçin bankyň görkezilen amallary amala aşyrmaga rugsat berýän ýörite baş ygtyýarnamasy bolmaly.

Eger-de kärhana hasaplaşyk hasabyny açan bankynda karz gatnaşyklaryny saklajak bolsa, onda ol ilki şol bankda karz almagyň ähli şertlerini öwrenmeli. Häzirki döwürde hasaplaşyk hasabyny bir bankda açyp, karzlary başga bankdan hem alyp bolar. Şoňa garamazdan karz berýän banklar karz bermegiň öň ýanynda hasaplaşyk hasabynyň açylan ýeri, kärhananyň döwlet belligine alnandygy hakynda we başga gerekli maglumatlary täzeden talap etmäge haklydyr.

Türkmenistanyň banklary durnukly işleýärler. Başga döwletleriň banklary käwagt bergä batyp ýapylýarlar. Şol ýagdaýlarda olaryň müşderileri bolan taraplar hem köp zyýanlary çekýärler.

Zyýanlardan goranmak üçin kärhanalar banklary saýlanlarynda olaryň maliýe ýagdaýyny barlaýarlar.

Bankyň maliýe ýagdaýy pes bolsa şol bankda öz pul serişdeleriňi saklamak howply hasaplanýar. Şol sebäpli daşary ýurtlarda iň abraýly, baý banklarda hasaplary açmak amatlydyr.

Kärhanalar banklaryň kömegi bilen ýokarda görkezilen amallaryň dürli görnüşlerini geçirip bilerler. Şolaryň içinde esasylary:

- nagt we nagt däl görnüşdäki geçirilýän pul hasaplaşyklary;

- karz amallary;

- pul saklamak, çalyşmak amallary;

- faktoring, forfeýting, lizing, ynanç (trast );

- maslahat bermek we başga amallary.

Faktoring amallary daşary ýurt banklaryň işinde giň ýaýran we dellalçylyk amallarynyň dürli görnüşleriniň biridir. Ykdysady edebiýatlarda faktoring amallaryň bir näçe görnüşleri gökezilýär.

Şolaryň içinde giň (konwension) we ýaşyryn (konfidisial) faktoring.

Taryhy taýdan ilkinji gezek giň (konwension) faktoring ýüze çykdy. Ol buhgalterlik hasabyny, önüm iberijiler we alyjylar , işgärler bilen hasaplaşyklary, karzlaryň ätiýäçlandyrmasyny, wekilçiligi we şoňa meňzeşleri özüne birleşdirýär. Bankyň müşderiniň özünde, şol sanda kärhanada diňe önümçilik wezipesi saklanýar. Bellinilen wagtda bankyň we müşderiniň arasynda hasaplaşyklar geçirilýär.

Ýaşyryn (konfidisial) faktoring diňe käbir amallary ýerine ýetirmek bilen çäklendirilýär. Bank müşdere bergileri üzlüşmek , algylary almak ýardam berip belli göterimi özüne alýar.

Mysal üçin, haryt iberijiň (işi , hyzmaty amala aşyran tarapyň) 10000 manat almaga hukugy bar. Şol hukugyny bank ondan satyn alýar. Bankyň we müşderiniň (kärhananyň) arasynda şertnama baglaşylýar. Şertnama laýyklykda bank müşderä algysyny almaga kömek eden üçin 10000 manatdan belli göterimi, mysal üçin 10 göterimi, ýa-da 1000 manady alýar. Eger-de bank bilen müşderiň arasynda bergidardan pul serişdeleri alnandan soň hasaplaşyklar geçirilýän bolsa, oňa faktoring amaly diýilýär. Eger-de bank bergidardan pul almak hukugyny ulanmanka, şol hukugy banka beren tarapa öňünden pul serişdeleri geçiren bolsa, mysal üçin 9000 manady, onda bu amala ykdysady edebiýatlarda - forfeýting amal diýilýar.

Lizing amallary barada giňeşleýin maglumatlar şu gollanmanyň aşakdaky sahypalarynda beriler.

Ynanç (trast ) amallary ýerine ýetirende banklar müşderiň wagtlaýyn ulanylmaýan pul serişdelerini çekip belli maksatlara ulanýar we müşdere belli derejede girdeji (göterim) getirýär.

Nagt pullary bankdan almak, olary tabşyrmak, halkara we içerki hasaplaşyklary geçirmek, karzlary almak barada maglumatlar şu gollanmanyň indiki sahypalarynda berlendir.

Karhanalaryň ýolbaşçylary käbir amallary geçirmänkä, bankdan ýörite maslahatlary alyp bilerler.

Banklar bilen kärhanalaryň arasynda geçirilýän amallar kanunlara laýyklykda geçirilmelidir. Käbir meseleler boýunça kanunlara laýykda banklaryň ýolbaşçylary öz buýruklaryny, görkezmelerini, bildirişnamalary çykaryp bilerler. Eger-de şol buýruklar, görkezmeler kärhananyň pul serişdeleri bilen bagly bolsa, onda kärhananyň dolandyryjylary olar barada habarly bolmalydyr. Köplenç şol buýruklaryň, görkezmeleriň göçürmeleri banklarda görünýän ýerlerde görkezilýär (asylýar) ýa-da bankyň müşderilerine ýörite habar berilýär.

Kärhanalaryň ýolbaşçylary bank hyzmatlarynyň ähli görnüşleri bilen tanşyp, olaryň şertlerini gowy öwremegi başarmalydyrlar.

Merkezi bank kärhanalar bilen gatnaşyklary esasanam täjirçilik we başga banklaryň üsti (kömegi) bilen amala aşyrýar. Kärhana bilen bankyň arasynda jedelli meseleler ýüze çykanda, şol meseleler Merkezi bankyň kömegi bilen çözlüp bilner.

Merkezi bankyň kömegi bilen kärhanalar milli manady başga döwletleriň walýutalaryna we başga döwletleriň walýutalaryny milli manada çalşyp bilerler. Daşary ýurt eýeçiligindäki kärhanany Türkmenistanda açmak üçin olaryň döredijileri bellenilen möçberlerde Merkezi banka daşary ýurt walýutalaryny tabşyrmalydyrlar.

Kärhanalaryň salgyt gulluklary we ätiýaçlandyryş kompanýalary bilen gatnaşyklary barada maglumatlar kitabyň indiki sahypalarynda giňişleýin beriler.

Gollanmanyň aşakdaky sahypalarynda durmuş üpjünçilik ministriligi hakynda hem käbir maglumatlar beriler. Ministriligiň esasy işi barada onuň ady özi aýdyp dur. Bu ministrlik pensiýalaryň, kömek pullaryň berilmegine gözekçilik edýär.

Outline

Benzer Belgeler