• Sonuç bulunamadı

Kärhanalaryň ätiýaçlandyrylyşy we töwekgelçilikden goranmak işleri

Belgede TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET TUGRASY (sayfa 125-129)

VIII BÖLÜM Gaznalar we ätiýaçlyklar

10. Kärhanalaryň ätiýaçlandyrylyşy we töwekgelçilikden goranmak işleri

10.1. Ätiýaçlandyrma gatnaşyklarynyň esasy düşünjeleri.

Telekeçiligiň ähli görnüşlerinde töwekgelçilik bar. Töwekgelçiliksiz telekeçilik ýok.

Töwekgelçilik öňki zamanlarda-da bolupdyr, häzirki döwürde hem ol duş gelýär, geljekki döwürlerde-de töwekgelçilik bolar diýsek ýalňyşmarys. Töwekgelçiligi doly aýyrmak mümkin däl. Şol sebäpli töwekgelçilikden goranmak üçin ätiýaçlandyrma işleri zerur.

Biziň döwletimizde ätiýaçlandyrma işleri Türkmenistanyň „Strahowaniýe işleri hakynda― kanuny esasynda amala aşyrylýar.

Ätiýaçlandyrma işleri geçirlende şu aşakdaky düşünjeler giňden ulanylýar:

- Ätiýaçlandyryjy;

- ätiýaçlandyrylýan;

- ätiýaçlandyrmagyň meýdançasy;

- ätiýaçlandyryş agenti;

- ätiýaçlandyryş bukjasy;

- ätiýaçlandyryşyň töwekgelçiligi;

- ätiýaçlandyryşyň bahasy;

- ätiýaçlandyrmanyň tölegi;

- ätiýaçlandyryş polisi;

- ätiýaçlandyryş şertnamasy;

- ätiýaçlandyrylýan waka;

- ätiýaçlandyrylan obýekti täzeden ätiýaçlandyrýan tarap;

- ätiýaçlandyrmanyň öwezi;

- ätiýaçlandyrmanyň gaznasy.

Ätiýaçlandyryjy - bu ätiýaçlandyryş işleri geçirýän gurama ýa-da ätiýaçlandyryş kompaniýasy.

Ätiýaçlandyrylýan – edara görnüşli, şahsy ýa-da başga tarap. Bu tarap bilen ätiýaçlandyryjy kompanýa ätiýaçlandyrmak hakynda şertnamany baglaşýar.

Ätiýaçlandyrma meýdançasy - bu ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny geçirip bolýan çäklerini (meýdançany) görkezýän düşünje.

Ätiýaçlandyryş agenti - bu ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň buýrugy esasynda ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşýan tarap.

Ätiýaçlandyryş bukjasy - bu ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň baglaşan şertnamalarynyň jemini görkezýän görkeziji.

Ätiýaçlandyryşyň töwekgelçiligi – bu ynamsyzlygyň göterimini görkezýän görkeziji.

Töwekgelçilik beýik bolan ýagdaýda ätiýäçlandyrylmagyň bahasy ýokary bolýar. Töwekgelçilik pes bolan ýagdaýda ätiýäçlandyrylmagyň bahasy hem pese düşüp biler.

Ätiýaçlandyryşyň bahasy - bu ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen baha. Baha ätiýäçlandyryş kompaniýasynyň we ätiýäçlandyrylýan kärhananyň ylalaşyklary esasynda kesilýär.

Baha ýa-da onuň çäkleri döwlet tarapyndan kesgitlenip hem bilner.

Ätiýaçlandyrmanyň tölegi - bu ätiýäçlandyrmak üçin belli döwürde ätiýäçlandyryş kompaniýasyna şertnama esasynda geçirilýän pul serişdeleri.

Ätiýaçlandyryş polisi – bu ätiýaçlandyrmanyň esasy şertlerini görkezýän resminama. Polis ýörite bellige alynýan blankalarda doldurylýar.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy - bu ätiýäçlandyryjynyň we ätiýaçlandyrylýanyň arasynda baglaşylýan şertnamadyr. Onda ätiýäçlandyrmanyň ähli şertleri giňişleýin görkezilýär.

Ätiýaçlandyrylýan waka - bu töwekgelçiligi bar bolan, bolup biljek we ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen waka.

Ätiýaçlandyrylýan obýekti täzeden ätiýaçlandyrýan tarap - bu ätiýaçlandyryş işlerinde ulanylýan usullaryň biri. Bu usulyň kömegi bilen ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş işlerini geçirmek üçin şertnama arkaly üçünji tarapy (perestrahowateli) çekýär. Şertnama baglaşylanda ätiýaçlandyryjylar öz maliýe gorlary pes bolanda we ätiýaçlandyrylýan wakanyň zyýanlaryň öwezini doly gaýtarmak mümkinçilikleri bolmadyk ýagdaýlarda bu usul ulanýarlar. Ätiýaçlandyrylýan waka gelende (bolanda) zyýanlaryň öwezini gaýtarmak bilen bagly meseleler ikinji ätiýaçlandyryjy geçirýär.

Ätiýaçlandyrmanyň öwezi - ätiýaçlandyrylýan waka bolanda ätiýäçlandyrylýan tarapyň zyýanlarynyň öwezini ýapmak bilen bagly ätiýaçlandyryjynyň çykdajylary.

Ätiýaçlandyrmanyň gaznasy ätiýaçlandyrylan obýektler boýunça bolup biljek hadysalardan soň çekiljek zyýanlaryň öwezini gaýtarmak (bermek) üçin döredilen gazna.

10.2. Kärhanalaryň ätiýaçlyk gorlary.

Kärhananyň şu gün maliýe ýagdaýy oňat bolsa, ertir erbetleşäýmegi ahmal. Şonuň üçin ätiýäçlyk gory kärhana üçin zerur. Bu gorlaryň zerurlygyny göz öňünde tutup olar diňe kärhanalarda döredilmän eýsem aýratyn şahsýet, maşgala, pudak, döwlet derejelerde hem döredilýär.

Kärhanalar ätiýaçlyk gorlaryny peýdanyň hasabyna döretmelidirler. Şonuň üçin hem kärhana gazanýan peýdasyny tygşytly ulanmaga çalyşmalydyr. Kabir kärhanlar öz gazanan peýdasyny diňe sarp etmäge gönükdirýärler. Şol kärhanalaryň geljegi ýokdur.

Kärhanalaryň ätiýaçlyk gorunyň döredilişi hakynda düzgün-tertip esasnamasynda ýazylmalydyr.

Kärhananyň peýdasyndan ätiýäçlyk goryna geçirilýän göterim şol düzgün-tertibe laýyklykda kesgitlenmelidir.

Ätiýaçlyk goryny döretmek üçin buhgalterlik hasabynda ýörite ýazgylar edilýär. Köplenç şeýle ýazgy ýazylýar :

Debet 81―Peýdanyň ulanylyşy― Kredit 86‖Ätiýäçlyk gory‖.

Atiýaçlandyrma gaznalary diňe peýdanyň hasabyna döredilmän, käbir halatlarda esaslandyryjylaryň hasabyna hem döredilýär.

Döredijileriň goýumlary nagt we nagt däl görnüşinde goýlup bilner. Goýumlar milli walýutada we daşary ýurduň walýutalarynda hem goýlup bilner. Goýum edilse, buhgalterlik hasabynda aşakdaky ýazgylar edilýär:

Debet 50― Kassa― Kredit 75 „Döredijiler bilen hasaplaşyklar―

Debet 75„Döredijiler bilen hasaplaşyklar― Kredit 86 ―Ätiýäçlyk gory‖.

Debet 51 „Hasaplaşyk hasaby― Kredit 75― „Döredijiler bilen hasaplaşyklar―

Debet 75 „Döredijiler bilen hasaplaşyklar― Kredit 86―Ätiýäçlyk gory‖.

Debet 52 „Daşary ýurt pullarynyň hasaby― Kredit 75 „Döredijiler bilen hasaplaşyklar―

Debet 75 „Döredijiler bilen hasaplaşyklar― Kredit 86 ―Ätiýäçlyk gory‖.

Ätiýaçlandyrma gaznalary maliýe kömeginiň hasabyna hem döredilip bilner. Başga söz bilen aýdanyňda kärhanalar öz bolup biljek zyýanlaryny ýapmak üçin ätiýaçlandyrma gorlaryny ýygnamaly bolýarlar.

10.3. Kärhanalaryň ätiýaçlandyrylyşy we töwekgelçiliklerden goranmagyň usullary.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň çäginde hereket edýän kärhanalar

―Türkmendöwletätiýaçlandyryş‖ kompaniýasy bilen şertnamany baglaşyp bilerler. Bu kompaniýa şu aşakdaky obýektlere ätiýaçlandyrýar:

- emläkleri;

- ulag serişdeleri;

- daşary ýurtlara gidýän syýahatçylary;

- mallary;

- oba hojalyk ekinlerini;

- başga obýektleri.

―Türkmendöwletätiýaçlandyryş‖kompaniýa bilen şertnama baglaşyp kärhanalar öz binalary, desgalary, maşynlary, enjamlary , önümleri, çig maly we beýleki emlägi şu öňünden görülmedik ýagdaýlardan, ýagny emlägiň weýran bolmagyna ýa-da oňa zeper ýetmegine sebäp bolan ýangyndan, suw joşmagyndan, çabgaly ýagyşdan, gaý harasatdan, sil gelmeginden ätiýaçlandyrylyp bilerler.

Ätiýaçlandyryş tölegleri görkezilen emlägiň bahasynyň 0,1% - 0,9% çenlidir, hemişelik müşderilere bolsa töleglerden 5%-15% çenli indirim we ätiýaçlandyryş şertnamasy dikeldilen mahaly ýeňillikli aý möhleti berilýär.

Ulag serişdeleri ätiýaçlandyranda ―Türkmendöwletätiýaçlandyryş‖ kompaniýasy we onuň guramalary ätiýaçlandyrylyşyň üç sany görnüşini hödürleýärler. Şolaryň içinde:

- awtomobil ulagynyň islendik görnüşini (kasko);

- sürüjileri, ýolagçylary;

- raýatlyk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak .

Ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda kärhana resminamada görkezilen hadysalardan ätiýäçlandyryjydan öz çeken zyýanlaryň öwezini talap edip biler:

- ýol-ulag hadysalaryndan;

- ulagyň hem-de onuň ätiýaç şaýlarynyň ogurlanmagyndan;

- onuň ýanmagyndan ýa-da öz-özünden ot almagyndan;

- predmetleriň (zatlaryň) ýa-da daşlaryň gaçmagyndan;

- başga biriniň bikanun hereketlerinden ýeten maddy zyýanyň öwezini dolmagy kepillendirýär.

Ulag serişdeleri olaryň hakyky bahasynyň möçberinde ätiýaçlandyrylyp bilner.

Ätiýaçlandyrma şertnamasy I ýyllyk möhlet bilen ýa-da 1 aýlykdan 11 aýlyga çenli möhlet bilen baglaşylýar. Ätiýaçlandyryş guramasy ýeten zyýanyň öwezini zerur bolan resminamalary bar bolan ýagdaýynda şertnamada göz öňünde tutulan ýagdaýda töleýär.

―Türkmendöwletätiýaçlandyryş‖ kompaniýasy ―Merkur Assistans‖ kompaniýasy bilen şertnama baglaşyp şulara mümkinçilik aldy:

- daşary ýurtlarda gaýragoýulmasyz kömegiň gije-gündizläp işleýän merkeziň hyzmatyna;

- şu merkezde ýokary hünärli saglygy goraýyş işgärlerinden ybarat toparyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga;

- ýer şarynyň islendik nokadyna keselhanalaryň, ätiýäçlandyrýanyň ýanynda bolýan lukmanlaryň we medisina işgärleriniň hyzmatlaryndan peýdalanmaga;

- näsaglary ýokary derejedäki keselhanalara we yzyna öýlerine getirmek üçin howa hem-de ýerüsti serişdelerden peýdalanmaga .

―Türkmendöwletätiýaçlandyryş‖kompaniýasy Türkmenistanyň daşary ýurtlarda bolýan raýatlaryna şular üçin lukmançylyk çykdajylarynyň öwezini dolar:

- ambulatoriýa bejerişi üçin;

- derman serişdelere we daňy serişdeleri üçin;

- bedene zeper ýetende we döwük-ýenjik ýüze çykan mahaly lukmançylyk kömeginiň berlendigi üçin;

- radioterapiýa, fototerapiýa we ýylylyk bilen bejeriş üçin;

- rentgen arkaly keseli anyklaýyş üçin;

- keselhanada stasionar bejeriş üçin;

- operasiýalary geçirmek boýunça çykdajylar üçin;

- keselhana ýa-da ýörite klinika näsagy eltmegiň bahasy üçin;

- näsaglary öýüne eltmek boýunça goşmaça çykdajylary üçin.

Ätiýaçlandyrma bilen üstüni dolmanyň çäkleri 15 müň amerikan dollaryndan 50 müň amerikan dollaryna çenlidir, şunda ätiýaçlandyrma tölegi daşary ýurtda bolmagyň her güni üçin 0,7 amerikan dollaryndan 1,4 amerikan dollaryna çenlidir.

―Türkmendöwletätiýaçlandyryş‖ kompaniýasy şu mallary we guşlary ätiýaçlandyryp biler:

- gara mallary, atlary, düýeleri;

- goýunlary, geçileri, doňuzlary;

- öý guşlaryny.

Ätiýaçlandyrma öwezini dolmasy ähli zerur resminamalar berlenden soň 7 günüň dowamynda töleniler. Eger ätiýaçlandyrmanyň şertnamasy bir ýyla baglaşylsa, onda ätiýaçlandyryş tölegleri tölenilmeli möhletlere bölmek bilen tölenilýär. Ätiýaçlandyryş tölegleri ätiýaçlandyrma pul möçberleriniň gara mallar boýunça - 10%-ne, doňuzlar boýunça – 9%-ne, dowarlar boýunça – 10%-ne, atlar, düýeler boýunça – 9%-ne öý guşlary boýunça – 5%-ne, barabardyr.

Oba hojalyk ekinleriniň ätiýaçlandyryş obýektlerine iki obýekt degişli:

- oba hojalyk ekinleri;

- agaçlar we miwe-ir-iýmişi berýän ekinler ätiýaçlandyrmaga kabul edilýär.

Oba hojalyk ekinleri olary ekmegiň (senenama) möhletinden gijä galynman, köp ýyllyk ösümlikler bolsa hasyl berýän ýaşda ösüşden galan mahaly (gyşa gidenden) ätiýaçlandyrma kabul edilýär.

―Türkmendöwletätiýaçlandyryş‖ guramalary tarapyndan ekerançylyk bilen meşgullanýan kärhanalaryň zähmetiň miwelerini ätiýaçlandyryp aşakdaky hadysalardan soň kömek edip bilerler:

- çabgaly ýagyşdan we dolydan, tupandan hem-de harasatdan, ýangyndan, gurakçylykdan, doňaklykdan, sil gelmeginden, suwsuzlykdan we suwuň az bolmagyndan;

- ýabany haýwanlar we uçup geçýän guşlar tarapyndan ýok edilmeginden;

- ösümlikleriň kesellerinden we zyýan beriji mör-möjeklerden;

- beýleki öňünden görülmedik ýagdaýlardan gorar.

Ätiýaçlandyryş tölegleri hasylyň gymmatynyň güýzlik däne ekinleri boýunça – 7%-ne, ýazlyk däne ekinleri boýunça – 3%-ne, pagta boýunça – 13-14%-ne, tehniki ekinler, kartoşka, gök, bakja ekinler boýunça – 14%-ne, otiýmlik ekinler boýunça – 1%-ne, miwe-ir-iýmiş berýän ösümlikler boýunça – 19%-ne we köp ýyllyk ösümlikler boýunça – 2%-ne barabardyr.

Ätiýäçlandyryş şertnamalar kärhanalaryň arzalary esasynda baglaşylýar. Arza bilen bilelikde ätiýäçlandyryş gurama başga resminamalar hem tabşyrylýar. Şolaryň içinde kärhananyň, onuň emläkleriň, ulag serişdeleriniň , mallaryň hukuk resminamalary, saglyk barada güwanamalar, ýol hatlar (putýowkalar) we başgalar.

Şertnama baglaşylmaka ätiýäçlandyryljak obýektler ätiýaçlandyryş gurama tarapyndan barlanýar.

Barlaglar hadysalardan soň hem geçirilýär. Hadysalar suratlandyrylýar. Zyýanlaryň öwezi nagt we nagt däl görnüşinde gaýtarylyp bilner. Nagt görnüşinde pul kömekleri çek arkaly berilýär. Nagt däl görnüşinde pullar kärhananyň hasaplaşyk ýa-da walýuta hasabyna geçirilýär.

Kärhananyň ýolbaşçylary ätiýaçlandyryş işleri geçirmek üçin ―Ätiýaçlandyryş hakynda‖ kanuny gowy bilmelidir. Ätiýäçlandyryş şertnamalary baglaşmankalar kärhananyň ýolbaşçylary onuň ähli şertlerini öwrenip göz önüne tutmalydyrlar. Hadysa bolandan soň öz wagtynda zerur bolan resminamalary ýygnamalydyrlar we degişli ätiýäçlandyryş gurama wagtynda ýüz tutmalydyrlar.

Töwekgelçilikden goranmaklygy we ätiýaçlandyrma işlerini şertli iki usula bölüp bolar: tehniki we maliýe ätiýaçlandyryş usullaryna.

Maliýe ätiýäçlandyryş usullary köplenç ykdysady, pul gatnaşyklary bilen baglydyr.

Tehniki ätiýäçlandyryş usullary ulanylanda köplenç goşmaça maliýe serişdeleri talap edilenok.

Mysal üçin, tehniki howpsuzlygy barada işgärler bilen gürrüňler geçirilende, gurulan jaýlar ýa-da başga enjamlar kanunlara we talaplara laýyklykda tabşyrylyp, kabul edilende goşmaça çykdajylardan goraýar. Emma käbir ýagdaýlarda tehniki ätiýäçlandyryş işleri geçirilende goşmaça maliýe serişdeleri hem talap edilýär. Mysal ücin, ýangyn howpsuzlygyndan goranmak üçin kärhanalar goşmaça enjamlary – bedreleri, paltalary, pilleri we ş.m. almaga mejbur bolýarlar. Şol sebäpli käbir halatlarda tehniki we maliýe ätiýaçlandyryş usullarynyň gabat gelýän hasiýetleri hem bar.

Ykdysady edebiýatlarda ätiýaçlandyryş usullary ýene-de iki topara bölünýär: hökmany we meýletin ätiýaçlandyryş usullaryna. Hökmany ätiýaçlandyryş usullary döwlet tarapyndan tassyklanylyp, hökmany suratda ýerine ýetirilmegi talap edilýär. Mysal üçin, işgärleriň zähmet hakyna görä, kärhanalar hökmany suratda durmuş ätiýaçlandyryş gaznasyna pul serişderelerini geçirmelidirler.

Ulag serişdeleri täzeden hasaba alnanda olar hökmany döwlet möçberinde kesgitlenen mukdarda ätiýaçlandyrylmaly. Kärhana ätiýaçlandyrmak barada şertnamasyny baglaşmadyk ýagdaýda ulag serişdeleri täzeden döwlet belligine alnanok.

Kärhanalar öz ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryp hem bilerler.

Kärhananyň işgärleri medisina ätiýäçlandyryş , pensiýa gaznalara öz zähmet haklaryny öz arzalary boýunça hem geçirip bilerler.

Kärhanalar ätiýaçlandyrma işlerini geçirmek üçin öz serişdelerini ätiýaçlandyrma gurama hem geçirip bilerler.

Ýokardaky maglumatlary jemläp alamyzda, töwekgelçiliklerden goranmak üçin kärhanalaryň dolandyryjylary şu aşakdaky zerur işleri geçirmelidirler:

- işgärler bilen tehniki howpsuzlyk hakynda gürrüňleri geçirip, ýörite kitaplarda bellikleri we işgärleriň gollaryny ýygnamalydyrlar;

- esasy serişdeleri gurmak, satyn almak bilen bagly taslamalary seljerip barlamalydyrlar;

- esasy serişdiler kabul edilende olaryň tehniki howpsuzlygyny barlamalydyrlar;

- ýangyn howpsuzlygyndan goranmak üçin ýörite tehniki serişdeleri satyn alyp belli ýerlerde olary abat saklamalydyrlar;

- ulag serişdeleri ätiýaçlandyrmak üçin hökmany we meýletin ätiýäçlandyryş şertnamaly baglaşmalydyrlar;

- durmuş ätiýäclandyryş gaznalaryna pul serişdeleri geçirmelidirler;

- işgärleriň zähmet hakyndan meýletin medisina we pension gaznalara baglaşylan şertnamalara laýyklykda pul serişdeleri geçirmelidirler;

- käbir işgärleriň wezipelerine howply işler bilen meşgullanmak göz öňünde tutulýan bolsa kärhananyň ýolbaşçylary ätiýaçlandyryş kompaniýa bilen şertnamany baglaşyp şol işgärleriň jan saglyklaryny ätiýäclandyrmalydyrlar;

- kärhananyň girdeji alýan ugurlaryny artdyrmalydyrlar (bir ugurdan gelýan girdejileri kemelse, başga ugurdan girdejiler köpeläýmegi ahmal);

- şertnamalary dürli walýutalarda baglaşmalydyr (bir walýutanyň hümmeti gaçsa, başga walýutlaryň hasabyna ýitgileri ýapmak üçin);

- içeri we halkara hasaplaşyklarda hasaplaşygyň töwekgelçiligini peseldýän görnüşlerini ulanmalydyr. Mysal üçin, hyzmat ýerine ýetirilmänkä, deslapky tölegi talap etmelidir, akkreditiw hasaplaşyklaryň dürli görňüşlerini ulanmalydyr we ş.m.

Akkreditiw hasaplaşygy barada şu gollanmanyň öňdäki sahypalarynda giňişleýin maglumatlar berilen.

Belgede TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET TUGRASY (sayfa 125-129)

Outline

Benzer Belgeler