• Sonuç bulunamadı

Ykdysady özgertmeleriň netijeliliginiň sebäpleri

Belgede Dünýä ykdysadyýetiniň (sayfa 80-83)

Hytaý gadymy medeniýetiň ojaklarynyň biridir. Gadymy Hytaý-da bäş sany beýik açyşlaryň – kompasyň, däriniň, farforyň, kitabyň, kitaby çap etmegiň oýlanyp tapylmagy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Emma ХIХ–ХХ asyrlarda ýurduň ykdysady ösüşi düýpli haýal­

lady. Bu döwürde senagatyň ösüşi boýunça Hytaý dünýä boýunça iň yzdaky orunlarda durýardy. Ykdysadyýet tutuşlaýyn diýen ýaly çök-günlik ýagdaýyndady. Ilatyň agramly bölegi garyplykda ýaşaýardy, adam ömrüniň ortaça dowamlylygy 35 ýaşa barabardy. 1949­njy ýyla çenli Hytaý yzagalak, ýarym feodal, ýarym kolonial ýurt hasaplanyl­

ýardy.

1949­njy ýylyň 1­nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasy (HHR) gurlup, sosialistik ösüş ýoly yglan edildi. Hytaý Halk Respub­

likasyny dörediji Mao Sze Dun ýolbaşçylyk eden ýyllarynda birnäçe özgertmeleri durmuşa geçirdi. Olaryň ilkinjisi «Uly böküş» syýasa­

tydyr. Ol syýasatyň netijesinde gysga wagtyň içinde ösen döwlet leriň hataryna deňleşmek, jemi içerki önümiň möçberi boýunça ABŞ­dan öňe geçmek bellenildi. Belli bir öňe gidişlikleriň bolandygyna gara-mazdan bu özgertme garaşylýan netijäni bermedi.

1970­nji ýyllarda «Medeni rewolýusiýa» diýlip atlandyrylan öz-gertme durmuşa geçirilip başlandy. Bu özöz-gertme hem garaşylan

netijä-ni bermedi. Ozalky SSSR bilen ykdysady gatnaşyklarynyň bozulmagy netijesinde, tehniki, tehnologiki, maliýe goldawlarynyň kesilmegine, beýleki sosialistik ýurtlar bilen gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagyna ge-tirdi. Ýurduň yzagalaklygy, ykdysady ýagdaýy barha çylşyrymly ýag-daýa düşdi. Hytaýda sosializm gurluşygy petige diredi.

1976­njy ýylda Mao Sze Dun aradan çykýar. Ondan soň häki-miýet başyna Den Sýaopin geçýär. 1978­nji ýyl hytaý özgertmeleriniň başlanan ýyly hökmünde taryha girýär. Den Sýaopin hytaý özgert­

meleriniň atasy hasaplanylýar. 1979­njy ýylda HHR­de ilkinji döwlet meýilnamalary ýerine ýetirilýär. Şol ýyllarda Den Sýaopin özüniň taryha giren sözüni aýdýar. Soňlugy bilen ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy şygarlarynyň birine öwrülen ol sözlerde şeýle diýilýär: «Bizi pişigiň akdygy ýa­da garadygy gyzyklandyrmaýar. Esasy zat pişigiň syçan tutup bilijiligidir».

Özgertmeler özüniň netijesini tizden berip başlady. Jemi içer-ki önüm çalt depginler bilen ösüp başlady. 1979–2006­njy ýyllar aralygynda jemi içerki önümiň ýyllyk ösüşi ortaça 9,6%­e barabar boldy. Munuň özi her 7,5 ýyldan jemi içerki önümiň iki esse ösýän-digini aňladýardy.

Jemi içerki önümi 2 esse ýokarlandyrmak baradaky sepgit wagtyndan öň, ýagny 1984­nji ýylda ýerine ýetirildi. 2020­nji ýyla çenli jemi içerki önümi 6 esse ýokarlandyrmak baradaky meýil-nama 2010­njy ýylda wagtyndan öň ýerine ýetirildi. 2007­nji ýyl-da Hytaýyň jemi içerki önüminiň möçberi 24,7 trillion ýuana deň boldy. Walýuta kursy boýunça (1dollar = 8,06 ýuan) 3,37 trillion dol lara, satyn alyş paritet boýunça hasaplanyňda 10,1 trillion dol­

lara barabar bolup, bu görkeziji boýunça dünýä­de ABŞ­dan soň 2­nji orna geçmegi başardy. Jemi içerki önümiň adam başyna düşüşi dollara hasabynda 1700 dollara, satyn alyjylyk paritet boýunça hasaplanyňda 7740 dollara barabar boldy. 2020­nji ýyla çenli jemi içerki önümiň adam başyna düşüşini 3000 dollara ýetirmek göz öňünde tutulýar.

HHR 2001­nji Bütindünýä söwda guramasyna kabul edilmegi ykdysadyýetiň, aýratynda eksportyň çalt depginler bilen ösmegine

mümkinçilik berdi. Ol pursatdan başlap ykdysadyýetiň ortaça ösüş derejesi 13%­e, eksportyň artyşy ortaça 10%­e barabar boldy.

Häzirki wagtda Hytaýyň ykdysady ösüşdäki «gudraty» dünýä ta-rapyndan ykrar edildi. Dünýäniň syýasatçylary, ykdysatçylary hytaý özgertmeleriniň aýratynlygy, olary öwrenmek, ösüp gelýän we ykdy-sadyýeti geçiş häsiýetli ýurtlarda ornaşdyrmak barada çykyş edip başladylar.

Halkara bilermenler hytaý özgertmeleriniň netijeli bolmagyna aşakda getirilen 5 sany sebäbiň täsir edýändigini belleýärler.

Birinji sebäbi – ykdysadyýeti sazlaşdyrmakda, özgertmeleri durmuşa geçirmekde netijeli döwlet dolandyryşynyň bolmaklygydyr.

Hytaý özgertmeleriniň nazaryýeti «toplumlaýyn makroykdysady görkezijileriň esasynda gözegçiligi ýola goýmak we ähli ykdysady mümkinçilikleri herekete getirmekden» ybaratdyr. Netijede, hytaý ýolbaşçylary ýuwaş­ýuwaşdan bazar ykdysadyýetine ýakynlaşyp başladylar. Olar bazar institutlaryny, bäsleşigi, hususy eýeçiligi döret-mek we goldamak bilen bir hatarda döwlet kärhanalarynyň moderni­

zasiýalaşdyrmak işlerini hem alyp bardylar.

Özboluşly bazar ykdysadyýetini emele getirmek döwurleýin esasda amala aşyryldy. Bu iş häzir hem dowam edýär. Ozalky döwletiň gönüden­göni dolandyrmasy gytaklaýyn dolandyrma usuly bilen çalşyryldy. Meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi administratiw esas-da däl­de, bazar gatnaşyklarynyň höweslendirmek, golesas-damak, masla-hat bermek ýaly usullary bilen çalşyryldy.

Ikinji sebäbi – işçi güýjüniň ýeterlik bolmagy, onuň hil dereje­

siniň yzygiderli kämilleşdirilmegi we ýokary bolmadyk zähmet hak­

larydyr. Işçi güýjüniň artykmaçlyk edýän sebitlerinden ýetmezçi-lik edýän ýerlere geçirilmegi, jemi içerki önümiň sebitler boýunça gyradeňräk ösmegine mümkinçilik berdi.

Üçünji sebäbi – süýşürintgileriň we maýa goýumlaryň ýokary derejede toplanmagydyr. Bu ýagdaý ýerli we daşary ýurt maýa go­

ýumlaryny, ilkinji nobatda, ýokary tehnologiýaly, eksporta nazar lan­

ýan önümçiliklere goýmaga mümkinçilik berdi. Hytaýly hünärmen­

leriň baha bermeklerine görä, ýurtda toplanan süýşürintgileriň we

daşary ýurt maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 30%­den ýokarydyr. Bu ýagdaý dünýä ýurtlary boýunça alanyňda ýokary gör-keziji hasaplanylýar.

Dördünji sebäbi – ykdysadyýetiň açyklyk deresiniň ýokarlan-magydyr. Daşary ýurt maýasy üçin amatly şertleriň döredilmegi, ykdysadyýetiň eksporta nazarlanmagy, daşary ýurt tehnologiýasynyň işjeň çekilmegi, söwda päsgelçilikleriň aradan aýrylmagy hytaý ykdy-sady özgertmeleriniň esasy ugurlarynyň biridir.

Bäşinji sebäbi – geografiki taýdan amatly ýerleşmegidir. Hyta­

ýyň gazanan ykdysady üstünliklerinde onuň meýdanynyň amatly ýerleş megi ähmiýetli orny eýeleýär. Ýuwaş ummana göni çykalga­

synyň bolmaklygy, meýdanynyň ululygy (dünýä­de 3­nji orun), tebi-gy baýlyklaryň köpdürlüligi, olaryň dünýä ähmiýetli gorlarynyň bol-maklygy ykdysady ösüşin sebäpleriniň biri bolup çykyş edýär.

6.2. Hytaý özgertmeleriniň umumy meýilleri

Belgede Dünýä ykdysadyýetiniň (sayfa 80-83)