• Sonuç bulunamadı

Umumylyklary we tapawutlary

Belgede Dünýä ykdysadyýetiniň (sayfa 87-93)

Türkiýäniň, Eýranyň we Owganystanyň arasyndaky araçäk­

ler geçmişde üznüksiz kesilip geçilipdir. Bu ýagdaý bolsa olaryň ykdysady gurluşyny hakykatda birmeňzeş etdi, ol döwletleriň etni-ki düzümleriniň umumylygyna täsirini ýetirdi. Türetni-kiýäniň 72 mil­

lion ilatynyň 50 millionyny türkler düzýär, Eýranda ýaşaýan türki halklaryň sany bolsa 30 million adam. Etniki we dil meňzeşlikleri döwletleri ýakynlaşdyryjy faktor bolup durýar. Ýöne kämahal durnuksyz lygyň çeşmesi hem bolup biljek faktora öwrülýär. My-sal üçin, kürt meselesi. Esasan jaýlaşykly ýaşaýan 25 milliondan gowrak kürt etnosynyň öz döwleti bolman olar dürli ýurtlaryň düzümine gir ýärler. Şol sanda Türkiýede 12 million we Eýranda 6 million kürt ýaşaýar. Şunuň ýaly etniki aýratynlyk (kürtleriň, buluçlaryň, eýran türk­azerbaýjan la rynyň arasynda) separatistik meýilleri döredýär.

Özleriniň tebigy gorlary boýunçada ýurtlar mese­mälim tapa wutlanýarlar. Dünýäde nebit gorlary boýunça bäşinji orny we tebigy gazyň gorlary boýunça ikinji orny eýeleýän Eýran gazylyp alynýan tebigy baýlyklara örän baý. Türkiýäniň diňe öz senagat ösüşini üpjün edýän cäkli tebigy resurslary bar. Olar kömür, me-tal, gurluşyk materiallary, amatly toprak­klimatik şertleri, şonuň ýaly hem özboluşly ykdysady resurs hökmünde garalýan örän peýdaly geografiki ýerleşişidir. Häzirki günde Owganistany çäkli tebigy baýlyklara eýelik edýän ýurtlaryň hataryna degişli etseň bolar.

Şol ýurtlara mahsus bolan ol ýa­da beýleki derejedäki umumy-lyklara, meňzeşliklere garamazdan, olaryň arasynda ösüş derejesi boýunça­da, şonuň ýaly durmuş­ykdysady modelleri boýunça­da gör-netin tapawutlar bar.

10-njy tablisa 2004­nji ýylda Orta Gündogar ýurtlarynyň ilaty we jemi içerki önümi

ýurduň ady ilaty mln adam.

Jemi milli girdejisi mlrd doll.

Jemi milli girdejiniň adam başyna düşýäni

Türkiýe 71,7 269/551 3750/7680

Eýran 66,9 154/505 2300/7550

Owganystan 31,0 21,5 310/800

Eýran we türk modelleri diňe bir şu sebit üçin dälde, eýsem ähli yslam dünýäsi üçin hem häsiýetlidir. Ösüşiň türk modeli musulman jemgiýetiniň ýokary gatlakly döwletiň çägindäki ösüşiniň netijesini görkezýär. Ol düzgün baryp uruşdan öňki ýyllardan başlap kanuny tarapdan berkidilen (1928­nji ýyllarda we 1937­nji ýyllardan başlap – konstitusiýada). Eýran, onuň tersine, 1979­njy ýyldaky yslam rewol­

ýusiýasyndan soň yslam düzgünlerini ykdysadyýetde we syýasat-da­da ulanýar. Owganystan hem talibanlaryň ýurduň köp sebitlerinde höküm sürýän wagytlarynda yslam döwlet gurluşly döwri başyndan geçirdi. Ýöne häzirki wagtda Eýran we Türk tejribelerini we özüniň taryhy tejribelerini peýdalanmak bilen Owganystanyň täze ykdysady modeli döreýär.

durmuş­ykdysady ösüşiň esasy meýilleri we meseleleri. Orta Gündogar ýurtlarynyň esasy meseleleri durmuş­ykdysady gurluşyň XX asyryň başyna emele gelen ýarym kolonial häsiýetinden üýtge-meginden, olaryň ykdysady ösüş derejesiniň ýokarlanmagyndan yba-ratdyr. Ýurtlar ösüşiň dürli modellerini ulanyp gördüler. Şol döwüre, aýratyn­da 1970­nji ýyllaryň ahyryna gabat gelýäni ösüşiň türk we öňki eýran modelleridir. Adam başyna düşýän jemi milli girdejiniň ululygy boýunça öz goňşularyndan ep­esli yza galýan Owganystan hem pes derejedeligine garamazdan şol ugur boýunça ösýärdi.

1950­nji ýylda adam başyna düşýän jemi milli girdeji Türkiýede 125 dollara, Eýranda 85 dollara, Owganystanda 35 dollara deň bo-lupdyr. Türkiýede (ony Ýewropa Soýuzyna assosirlenen agza hök­

münde kabul edilenden soň), esasanam patyşa hökümeti tarapyndan

«ýokardan» özgertmeler geçirilen Eýranda 1960–1970­nji ýyllar-da modernizirleme prosesiniň çaltlaşmagy, iki ýurdy aýyllar-dam başyna düşýän girdejisi boýunça deňleşdirdi diýen ýaly, ýöne olaryň Owga­

nystan bilen üzňeligi ýokarlandy. Şol görkeziji boýunça Owganystan 1970­nji ýyllaryň aýagyna dünýäniň has pes ösen ýurtlarynyň hatary-na girýärdi, adam başyhatary-na düşýän jemi mil li girdejiniň möçberi 160 dollara deňdi. Eýran bilen Türkiýe – orta derejedäki ýurtlaryň topary-na girýärdi, olarda adam başytopary-na düşýän jemi milli girdejiniň möçberi degişlilikde 2,0 we 1,2 müň dollara barabardy.

Orta Gündogar ýurtlaryna uruşdan soňky birinji onýyllyklar-da «garyşyk ykdysadyýet» modelini (ýagny gýüýçli döwlet sektory hem­de işjeň döwlet düzgünleşdirişi bilen) ulanmak bilen, özüniň durmuş­ykdysady ösüş derejesini ep­esli ýokarlandyrmak başartdy.

Ýöne ykdysady modernizirleme prosesiniň çaltlaşmagy düzülen durmuş­syýasy gurluşyň bozulmagyna eltýärdi, bu ýagdaý bolsa ýiti syýasy tolgunmalara getirdi. Owganystanda SSSR­iň kömegi bilen (1973­nji ýylda monarhiýanyň synmagyndan we 1979­njy ýylyň dekabrynda sowet goşunlarynyň girizilmeginden soň) sosi-alistik modeli gurmaklyga synanyşygyň netijesi köpýyllyk raýat-lyk urşuna öwrüldi. Eýrandaky yslam rewolýusiýasy ösüşiň ýokary gatlakly modeliniň amala aşyrylyşyny togtadyp hem­de Eýranyň dünýä bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryny düýpli üýtgedip, yslam dolandyryşyny gurdy.

Türkiýe Halkara walýuta fondy (HWF) bilen bilelikde işläp dü-zen maksatnamasynyň esasynda, ykdysady liberal düzgünlerini or­

naşdyrmak bilen özüniň ykdysady strategiýasyny düýpli üýtgetmek­

lige girişdi. 1983­nji ýylda hökümeti raýat dolandyrylyşyna be rilmeginden soň ykdysady liberallaşdyrmak prosesi çaltlaşdy, im-porty çäklendiriji modeli eksporta nazarlanýan model bilen çalşyldy.

80­nji ýyllar Türkiýede hojalygy dolandyrmagyň bazar şertleriniň emele gelen döwri boldy. Şol döwürde Eýranda Yrak bilen sekiz ýyla çeken urşuň netijesinde döwletiň ykdysadyýetdäki roluny ýokar-landyrýan we senagat taýdan ösüşiň importy çäklendiriji meýilleriniň saklanyp galmagyny üpjün edýän yslam düzgünlerini ulanýan model emele geldi. Eger Türkiýe bazar ykdysadyýetiniň emele gelmeginiň başlangyç döwründe daşary kreditlerini we daşary yurt kapitalyny giňden ulanan bolsa, onda Eýranda rewolýusiýadan soňky on ýyllyk-da ýyllyk-daşary ýurt kapitalyny peýýyllyk-dalanmaklyk gaýyllyk-dagan edildi.

Häzirki wagtda sebitiň ýurtlary, dürli syýasy gurluşlaryna gara-mazdan, esas bolup durýan liberal bazar ykdysadyýetiniň modelini amala aşyrýarlar. Nyrhlary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek doly ýatyryldy, walýuta we daşary söwda düzgünleşdirilişi düýpli üýtgedi, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak amala aşyrylýar.

Eksporta gönükdirlen pudaklaryň has çalt depginde ösmegini üp-jün edýän açyk görnüşli ykdysadyýeti döretmegiň ýolunda Türkiýe hasda öňe gitdi. Eýran durmuş­medeni ugra gönükdirlen bazar ykdy-sadyýetini döretmekligi özüniň esasy maksady edinip, entek liberal bazar ykdysadyýetiniň emele gelmeginiň başlangyç döwründe dur.

Häkimiýetiň yslam düzgünleri şertlerinde Eýrana nebiti eksport et-mekden walýuta girdeýjileriniň gelmegi, düzümleýin reformalary ge-çirmekden, esasanam hususylaşdyrmakdan, döwlet subsidirlemegin-den boýun gaçyrmakdan, hususy bank we daşary ýurt kapitallarynyň işlerini çäklendirmekden saklaýan faktor boldy.

Ykdysady liberallaşdyrmak işi ykdysady ösüş depgininiň tog-tamagy, maliýe we ykdysady çökgünlik, daşary ýurtlara bergiň art-magy, girdeýjileri paýlamakda gyradeň dälligiň ýokarlanmagy ýaly ýagdaýlar bilen baglylykda uly kynçylyk bilen geçýär. Eýranda we Türkiýede 2006­njy ýyla çenli ilatyň ösüş depgini 1%­e çenli pe-selendigine garamazdan, iş bilen üpjünçilik meselesi sebitiň ýiti meseleleriniň biri bolmagynda galýar. Yslam rewolýusiýasyndan soň ilatyň artmagy (80­nji ýyllarda ýyllyk artyş 3,4%­e çenli) bilen bir hatarda hojalygy dolandyrmagyň yslam düzgünleriniň girizilmegi ne-tijesinde önümçiligiň aşak gaçmagy hem­de Yrak bilen alnyp baryl­

ýan uruş işsizligiň artmagyny çaltlaşdyrdy hem­de ilatyň düzüminiň üzül­kesil üýtgemegi bolsa ykdysady liberallaşdyrmaga geçirmek­

ligiň zerurlygyny döretdi. Iş bilen üpjün etmek meselesi Owga­

nystanyň öňünde has­da ýiti meseleleriň biri bolup durýar. Onuň ilaty 1,3 million bolup, ol 1975­nji ýyl bilen deňeşdireniňde iki esse artdy.

Gizlin işsizligiň bolmagy sebitde kölegeli ykdysadyýetiň ep­esli geriminiň saklanmagynyň sebäpleriniň biri bolup durýar. Ol Ow-ganystanda neşe önümçiliginiň we söwdasynyň esasynda has negatiw häsiýetli duýulýar.

Önümçilik potensialynyň artmagy sebit üçin umumy hem­de wajyp mesele bolup durýar. Ýöne her ýurt üçin bu wezipeler dürli-dir. Eger Türkiýe üçin öz harytlarynyň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak esasy mesele bolup dursa, Eýran üçin – işläp taýýarlaýan senagatyň eksporta nazarlanan pudaklaryny

ös-dürmek we gazyň eksportyny artdyrmak, Owganystan üçin bolsa – senagatyny dikeltmek we ýakyn ýyllarda ony importy çäklendirilen görnüşinde ösdürmek esasy mesele bolup durýar.

ykdysady ösüşiň daşarky faktorlary. Sebitiň ýurtlarynda ösüşiň daşky faktorlarynyň ähmiýetliligi ösüşiň liberal bazar mode-line geçilmekliginiň netijesinde ep­esli ýokarlandy. Olardan daşary söwda we daşary ýurt kapitalyny ulanmaklyk esasy wezipe bolup durýar. Sebitiň daşary söwda dolanşygynyň jemi içerki önümdäki paýy 1982­nji ýyldaky 29% bolanlygyndan artyp, 2002­nji ýylda 60% deň boldy. Eksport kwotasy,eksport önümçiliginiň höweslendi-rilýändigine garamazdan import kwotasyndan geçmeýär we ol 30%­e deňdir (Bu görkeziji 1982­nji ýylda 15% barabar bolupdy). Sebitiň dünýä hojalygyna gatnaşmak derejesi orta halda bolup, daşary söw-da dolanyşygy 250 mlrd dollarsöw-dan geçmeýär. Esasy eksport edilýän harytlary eýran nebiti we gazy, Türkiýäniň ýeňil we azyk senagatynyň önümleri, el halylary, maňyzlar we guradylan miwelerdir.

Sebitiň ýurtlarynyň daşary söwdasy ep­esli derejede sebit ba-zaryna dälde dünýä baba-zaryna gönükdirilendir. Eýran, Türkiýe we Owganystan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary bolup durýarlar. 1969­njy ýylda Eýran, Türkiýe we Päkistan tarapyndan Sebitleýin hyzmatdaşlyk guramasy döredildi. 1985­nji ýylda ol gu­

rama Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) çalşyryldy.

1992­nji ýylda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna doly hukukly agzalary hökmünde täze musulman ýurtlary – öňki SSSR­iň respub­

likalary we Owganystan goşuldy. Ykdysady hyzmatdaşlyk, esasa-nam bilelikdäki ulag kommunikasiýasy ugrundaky hyzmatdaşlyk YHG­yň makstnamasy boýunça amala aşyrylýar, Owganystan bilen ykdysady aragatnaşyk hem ep­esli derejede Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň çäginde amala aşyrylýar.

Eksporta gönükdirilen ykdysadyýete geçmeklik sebitiň ýurt-larynda daşary ýurt kapitalyny çekmeklige gyzyklanma döremegi-ne sebäp boldy. Türkiýe eýýäm 50­nji ýyllarda öz güýjüňe daýan-mak syýasatyndan boýun gaçyrdy we 80­nji ýyllardan soň ýurduň öz inwestisiýalary bilen deň derejedäki hukuga eýe bolan daşary

ýurt kapitalyny giňden ulanyp başlady. Gyradeň bolmadyk ösüş, ýygy­ýygydan bolýan maliýe çökgünlik Türkiýä gelýän daşary ýurt kapitalynyň akymynyň çäklenmegine sebäp bolýarlar. Daşary ýurt kömegi häzirki wagytda Owganystanyň ykdysady ösüşiniň esasy faktory bolup durýar. Daşary ýurt kapitalyny çekmeklik meýli Eýranda antiimperialistik şygary astynda geçen 1979­njy ýylyň rewolýusiýasy tarapyndan togtady, ýöne 90­njy ýyllarda doly di-keldildi. Eýran kanunynyň çäklendirmeleri we ABŞ­nyň Eýrana degişlilikdäki sanksiýalar syýasaty sebäpli, Eýranyň daşary ýurt kompaniýalarynyň kömegi bilen täze nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmeklige we gazy dünýä bazarlaryna eksport etmeklige gyzyklanma bildirýändigine garamazdan, onuň ykdysadyýetine gelýän göni daşary ýurt maýalarynyň akymy juda uly däl (2004–

2005­nji ýyllarda ortaça 400 million dollara deň). Eýran gazyny we nebtini peýdalanmakda Türkiýe we Hindistan göni gyzyklan-ma bildirýärler, ýöne ABŞ­nyň Eýran babatdaky pozisiýasy geçiriji turbalaryň gurluşygy boýunça taslamalara maýa goýmaklygy juda kynlaşdyrýar.

Belgede Dünýä ykdysadyýetiniň (sayfa 87-93)