• Sonuç bulunamadı

Eýran ykdysady modeliniň ösüşi

Belgede Dünýä ykdysadyýetiniň (sayfa 100-105)

1925­nji ýylda Pehlewi neberesiniň hökümet başyna gelme-gi bilen, goňşy Türkiýe döwletinde bolşy ýaly, ykdysady syýasatyň esasy ugry etatistik, ýagny «döwletçilik» modelini ornaşdyrmakdan başlandy. Monarhiýanyň hem­de ýurduň ösüşiniň esasy hökmünde yslam dininiň kanun tarapyndan berkidilen ähmiýetiniň saklanyp gal-magynda, täze nebere hakykatda ýokary gatlakly modernizasiýa ýo-luny saýlap aldy. Ýewropa nusgasyndaky hukuk esaslary döredildi, ýurtda hojalygy alyp barmagyň, bilimiň ýokary gatlakly ulgamynyň, kazyýet ulgamynyň, saglygy goraýşyň ýewropa görnüşleri işjeň ornaşdyrylýar, ruhanylaryň täsiri ep­esli çäklendirildi. 1930­njy ýyl­

lardan başlap, ykdysady işlerde­de döwletiň içgin gatnaşmagy

netije-sinde döwlet kapitalizminiň modeli gutarnykly emele geldi. Döwletiň elinde ähli infrastruktura, aýry kärhanalar görnüşindäki, şeýle hem iri pudak monopoliýasy görnüşindäki senagat eýeçiligi jemlenendi.

Şol döwürde importy çäklendirýän senagatlaşmanyň birinji tapgyry amala aşyryldy.

Ösüşiň şol tapgyrynyň maliýe esasy bolup ýurduň öz döwlet kapitaly çykyş edýärdi. Eýran daşary ýurt maýa goýumlaryny ulan-makdan, şeýle hem XX asyryň başlarynda ýurduň ýarym kolonial ýagdaýynda goýlan daşary karzlaryny tölemekden ýüz öwürdi. Muňa garamazdan ýurtda nebit gazyp almaklygy we eksportyny amala aşyr ýan konsession şertlerde iňlis­eýran nebit kompaniýasy hereket edýärdi.

Iknji jahan urşundan soň eýran ykdysadyýetinde ABŞ­nyň täsiri güýçlendi. Amerikan kompaniýalarynyň kömegi bilen ösüş meýilna-masy düzülýär. 1951­nji ýylda nebit senagatyny millileşdirilmeginden hem­de iňlis­eýran nebit kompaniýasynyň dargamagyndan soň hal-kara nebit konsorsiumy döredildi. Onda agalyk ediji orny amerikan kompaniýalary eýeleýärdiler.

Nebiti eksport etmekden gelýän girdejileriň artmagy moder­

nizasiýanyň ikinji tapgyryny geçirmekligiň esasy maliýe bazasy boldy. Ol 1960–1970­nji ýyllarda «ak rewolýusiýa» adyny alan top­

lumlaýyn özgerişleri geçirmekligi üpjün etdi. Iri ýarym feodal ýer eýeçiligi we ülüşçiligi ýok eden düýpli agrar reformalary geçirildi.

Senagatlaşmagyň täze etapynyň mazmuny täze tehnologiýalaryň im-port etmekden, ösen ýurtlarda kärhanalary «açar astyna» satyn almak-dan ybarat. Ykdysady syýasatyň täze gurallarynyň biri daşary ýurt kapitallaryny, köplenç hususy maýalar görnüşinde, peýdalanmakdan ybarat. 1955­nji ýylda ýurduň mejlisi «Daşary ýurt maýa goýum-laryny çekmek we goramak barada» kanun kabul etdi. Kanunda maýa goýumlaryň el degrilmesizligi kepillendirildi. 1958­nji ýylda Eýranda daşary ýurt banklary üçin çäklendirmeleri ýatyrmak barada kanun ka-bul edildi. Bu bolsa häzirki zaman bank ulgamynyň emele gelmegini çaltlaşdyrdy hem­de Eýranda daşary ýurt kapitalynyň gatnaşmagyny güýçlendirdi.

1960–1970­nji ýyllardaky özgertmeleriň netijesinde Eýranyň durmuşynda ykdysadyýetde bolşy ýaly, syýasatda hem birnäçe iri äh-miýetli ilerlemeler gazanyldy. Jemi içerki önümiň ortaça ýyllyk ösüş depgini 1960–1961­nji ýyllarda, 1966–1967­nji ýyllarda 6,7%­e, 1967–1977­nji ýyllarda 10,8%­e deň boldy. 1970­nji ýyldan başlap senagat pudaklarynyň paýy (nebiti goşmanyňda) oba hojalygyň paýyndan ýokarlanyp başlady. Birnäçe täze pudaklar döredi. Olara nebit­himiýa, metallurgiýa, maşyngurluşygy degişlidir. Eýran täze teh nologiýalary köp satyn alyp başlady, esasanam, geçen asyryň 70­nji ýyllaryň birinji ýarymynda nebitiň dünýä bahasynyň ýokarlan-magyndan soň bu meýil has artdy. Öňdebaryjy tehnologiýany, şonuň ýaly hem öňdebaryjy tehnikany, patyşa düzgüni ozaly bilen goranyş ulgamynda jemledi.

Ýurtda ýadro maksatnamasy amala aşyrylyp başlandy. Ol mak-satnama ilkibaşda 20 sany iri reaktorlaryň gurluşygyny we hususy çig mal bazasyny döretmekligi göz öňüne tutýardy. Soňra taslamalaryň sany ikä çenli azaldyldy. Eýranyň dünýä bazarynda häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirmekde potensial mümkinçilikleri hem­de maliýe mümkinçilikleri nukdaý nazaryndan tutýan orny gyşarnyksyz ýokarlanýardy.

Emma ykdysadyýeti modernizirlemäge, esasan, döwlet sektory bilen telekeçileriň käbir topary bilen gatnaşdy. Ol topar bolsa patyşa köşgi hem­de daşary ýurt kapitaly bilen berk baglanyşykly. Döwletiň ykdysadyýete, aýratyn­da nyrhyň emele gelmegine goşulmak dere-jesi güýçlenýärdi. Netijede, gara bazar döredi, korrupsiýa ösdi. Jemi içerki ösüş depgini haýallap başlady, hümmetsizlenme güýçlendi. Bu bolsa 1979­njy ýylyň fewral aýynda patyşa düzgüniň ýykylmagyna getirdi.

Şaýy ruhanylary syýasy, ideologik we ykdysady täsir etmeleri ulanyp, bir ýyla ýetmän ýurtda teokratik (dini) düzgüni girizdiler.

Uruş döwrüniň yslam ykdysady garaýyşlaryna we şertlerine görä ykdysadyýetiň birhudaýlylyk modeli emele geldi. Onuň esasy hä-siýeti öz güýjüňe daýanmakdan, daşary ýurt we iri şahsy eýeçiligi milli leşdirmekden, yslam emlägini goramakdan ybaratdy. Yslam

emlägine döwletiň haýryna geçirilen ýer we senagat eýeçilikleriniň ep­esli bölegi geçirilýärdi. Bu iş ilkibaşda ownuk telekeçilere ýardam bermek den başlandy. Halkara nebit konsorsiumy bilen baglaşylan ylalaşyk ýatyryldy, daşary ýurt kompaniýalarynyň işi togtadyldy.

Walýuta bazary, daşarky we içerki söwda berk gözegçilik asty-na alyndy. Metjitleriň üsti bilen paýlanylýan kupon ýa­da kartoçka düzgüni girizildi. 1987­nji ýylda 5 müň harydyň bahasyna kontrollyk edilýärdi. Bahalaryň derejesini saklamaklyk döwlet dotasiýalarynyň köpelmegini talap edýärdi, «ýaşyryn» bazar ulaldy, gizlin eksport ýokarlandy. 1986­nji ýyldan 1988­nji ýyl aralygyndaky döwürde döwletiň ykdysadyýete goşulyşmasy ýokary derejä ýetdi. Birnäçe walýuta kurslarynyň girizilmegi üç sany özbaşdak bazar laryň – saz-lanylýan, täjirçilik we ýaşyryn bazarlaryň bolmagyna getirdi. Banklar yslam düzgünlerine geçirildi, bank karzlarynyň üstüne alynýan göte-rim ýatyryldy. Bu iş bank ulgamynyň ösüşini bökdedi.

Ýurtdaky ýagdaýy kynlaşdyrýan ýagdaýlara demografiki fak-tor hem goşuldy. 1980­nji ýyllarda ilatyň artyş depgini 3%­den hem geç di. Diňe resmi taýdan hasaba alnan işsizleriň derejesi 1986­njy ýyl da ýurduň zähmete ukyply ilatynyň 14%­ini düzýärdi. Jemi içerki önümiň ösüşi örän pesdi.

Yrak bilen bolan uruşdan soň ykdysadyýetiň ösüşini çaltlan­

dyr magyň zerurlygy, yslam ykdysady düzgünlerini ulanmaklygy çäklen dir megi talap etdi. Ykdysady ugur üýtgedildi, 1989­njy ýylyň aýagyn dan başlap bazar ykdysadyýetiň durmuşa gönükdirilen modeli ornaş dyrylyp başlandy. Onuň esasy ugurlary – döwlet düzgün leşdi­

rilişini gow şatmakdan, walýuta we daşary söwda düzgün leşdi rilişini liberal laşdyrmakdan, baha emele geliş işine göni goşu lyş mak dan kem­kemden boýun gaçyrmak, hususylaşdyrmak, daşary ýurt kapi-talyny çekmek, erkin ykdysady zonalaryny döretmek, işläp taýýar-laýan senagatyň eksport pudaklaryny ösdürmekden ybaratdy.

Ykdysadyýeti liberallaşdyrmak syýasatyna geçmeklik ýurda uzaga çeken ykdysady çökgünlikden çykmaga, ykdysady ösüşiň dep-ginini ýokarlandyrmaga, jemi toplaýşyň möçberini

ýokarlandyrma-ga mümkinçilik berdi. Senaýokarlandyrma-gat önümçiliginiň, senaýokarlandyrma-gat eksportynyň, ilatyň bilim derejesiniň görkezijileri ep­esli ýokarlandyryldy.

Liberal özgerişleriň geçirilen döwründe soňky on ýylda jemi girdejiniň möçberi 12,4%­den 34,9%­e çenli ýokarlandy, şol bir wagt-da hususy sektoryň umumy milli maýa goýumlarwagt-daky paýy 54%­den 75%­e çenli ýokarlandy.

Täze ykdysady syýasatyň gowy netijeleriniň biri hem nebit önümleriniň eksportynyň ýokarlanmagydyr (özgerişleriň on ýylynda onuň möçberi 1 milliard dollardan 4,1 milliard dollara çenli, ýagny 4,1esse artdy).

Emma jemi içerki önümiň oňaýly hereketine garamazdan, onuň durnuksyzlyk derejesi örän ýokarylygyna galdy. Jemi içerki önümiň görkezijileriniň üýtgäp durmagyna nebit meselesi täsir edýär. Eýran ykdysadyýetiniň düzümi ep­esli derejede diwersifisirlendi, ýöne ne-bit pudagy walýuta girdejilerini almakda monopol ýagdaýy eýeleýär.

Nebit eksportynyň hasabyna ähli walýuta girdejileriniň 80%­den gowragy we ähli býujet girdejileriniň ýarysyna golaýy üpjün edilýär.

Liberallaşdyrma syýasatyny geçirmeklik juda durnuksyzlygy, hatda çaprazlygy bilen tapawutlanýar. Döwlet pul maýalary, bank ulgamy liberallaşdyrmagyň has gowşak bölegi bolmagynda galýar.

Yslam düzgünleri bilen bank işleriniň çäklendirilmegi, hususy banklaryň hereket etmegine rugsat berýän bank kanunlarynyň ýoklu-gy, gürrüňsiz, hojalygy alyp barmagyň bazar usullaryny girizmekligi bökdeýär.

Hususylaşdyrma maksatnamasyny işläp düzmek we amala aşyr mak işi gyradeň gitmeýär. Konstitusion düzgünler uly päsgelçi-lik berýär. Ol düzgünler boýunça möhüm pudaklar döwlet eýeçili-gine degişli edildi. Hususylaşdyrma işine daşary ýurt maýalarynyň gatnaşmagy çäklendirildi. Hususylaşdyrmagyň maksatnamalaryna yslam fondy hem girizildi, ýöne ol maksatnamalary amala aşyrmakda kynçylyk döredýär.

Liberallaşdyrma syýasatynyň geçirilmeginiň onlarça ýyllaryň geçendigine garamazdan döwlet ykdysadyýetiň birnäça önümçilik pudaklaryndaky eýeleýän esasy ornunyň saklanmagyny dowam etdir­

ýär. Aýratyn­da bu ýagdaý nebit senagatynda has güýçlidir. Bu puda-ga hususy maýalar diňe soňky ýyllarda çekilip başlandy. Infrastruktu-raly pudaklary hususylaşdyrmaklyga edilen synanyşyga garamazdan, olaryň barysy entek döwletiň elindedi.

Yslam dolandyryş şertlerinde ykdysady ösüşiň tejribesi «yslam ykdysadyýetiniň» kem­kemden bazar ykdysadyýetine geçýändigi-ni görkezýär. Yslam düzgünleri bolsa diňe geçiş döwrügeçýändigi-niň oňaýsyz durmuş netijelerini düzetmäge ygtyýar berýär. Umuman alanyňda, yslam ykdysady gurluşyny ulanyp, özüniň netijeliligini subut eden Ýewropa we Gündogar Aziýa ýurtlarynyň modeline garanyňda, mu-sulman halkly ýurtlar üçin has özüne çekiji bolan, üýtgeşik ykdysady modeli gurmak Eýrana başartmady.

7.5. owganystanyň ykdysady aýratynlyklary

Belgede Dünýä ykdysadyýetiniň (sayfa 100-105)