• Sonuç bulunamadı

Owganystanyň ykdysady aýratynlyklary

Belgede Dünýä ykdysadyýetiniň (sayfa 105-109)

gowra-gy häzirki güne çenli obada ýaşaýar hem­de oba hojalygowra-gynda işleýär.

Ilatynyň diňe 30% golaýy sowatlydyr. Ol diňe XX asyryň ikin-ji ýarymynda, ozalky SSSR­iň, şeýle­de ABŞ­nyň we beýleki ösen ýurtlaryň maliýe we tehnika kömeklerini peýdalanmak bilen sena­

gat laşmaga başlamaklyga synanyşyk etdi. Emma halk hojalygyň ähli pudaklaryny senagatlaşdyrmakda gazanylan käbir üstünliklere gara-mazdan, ilatyň adam başyna düşýän milli girdejisiniň derejesi boýun-ça 128 döwletiň içinde 120­nji orny eýelemek bilen, Owganystan dünýäniň iň yzagalak ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar. Jemi içer-ki önümiň 58%­i oba hojalyk girdejilerinden gelýär, senagat bolsa jemi içerki önümiň diňe 23%­ini berýär (onuňam ýarysy senetçilik önümçiliginiň paýyna düşýär).

XX asyryň 80­nji ýyllarynda başlap, 20 ýyldanam gowraga çe-ken raýatlyk urşy halk hojalygyna örän uly zyýan ýetirdi. Ähli ilatyň 8–10%­i bu urşuň pidasy boldy. Ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy doly bozuldy, kärhanalaryň eýeleriniň hem­de tehnika bilen meşgullan­

ýan intelligensiýanyň köp bölegi ýurdy taşlamaga mejbur boldular.

1999­njy ýylda urşa çenli bar bolan 366 sany senagat kärhanalarynyň diňe 6 sanysy öz işini dowam etdiler. Bäş milliondan gowrak adam emigrasiýadady, köp sanly mallar, maşynlar, dürli enjamlar daşary ýurda alyp gidildi. Käbir sebitler diňe öz­özüni üpjün etmegiň ha-sabyna gün görmäge mejbur boldular.

Ilatyň serişde ýetmezçiligi hem­de olary adaty ýol bilen gazan­

maklyga mümkinçiligiň ýoklugy, tirýek öndürmekligiň ösmegi-ne getirdi. Onuň hasyly Owganystanda 4 müň tonna ýetdi, ol bolsa tirýegiň dünýä önümçiliginiň 80%­e golaýyny düzýär. Ýurduň terri-toriýasynda geroin öndürýän laboratoriýalar döredilip başlandy. Ge-roin daşary ýurtlara eksport edilýär, ol ýagdaýy saklamaklyk entek hem başardanok. 2004­nji ýylyň başyna jemi içerki önümiň möçberi 7 milliard dollar töweregi hasaplanyp, onuň adam başyna düşüşi 310 dollar töweregidi. Bu görkezijiniň 35% bolsa neşe söwdasyndan gel­

ýärdi.

Talibanlar häkimiýeti derbi­dagyn edilenden soň, prezident Karzaýyň ýolbaşçylygynda merkezi agalygyň dikelmeginden soň, hojalygy dikeltmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň maksat-namasy işlenip düzüldi. Ol maksatnama üçin kömek ediji ýurtlar 2001­nji ýylyň ýanwaryndaky Tokiýa konferensiýasynda 4,5 mil­

liard dollar bermäge, 2004­nji ýylda Berlin konferensiýasynda 8,9 milliard dollar bermäge söz berdiler. Hünärmenler 10 ýylyň dowamynda ýurdy dikeltmek üçin 15 milliard dollar gerek bol-jakdygyny belleýärler. Ýöne söz berlen kömek haýal gelýär, bar bolan döwlet apparaty entek juda gowşak hem­de netijeli işläp bil-meýär. Bütindünýä banky ileri tutulýan meseleleri kesgitledi, olar:

bilimi, medisina­sanitariýa hyzmatyny dikeltmek, administratiw apparaty güýçlendirmek, oba hojalygyny ösdürmek, ýol ulgamyny, energetiki we telekommunikasiýa obýektlerini abatlamakdan ybarat bolup durýar.

Senagat. Üç sany kömür şahtalary bir ýylda bary ýogy 200 müň tonna kömür berýär. Gazyň umumy anyklanylan gorlary 180–200 mil­

liard metr kuba, nebitiňki 12–15 million tonna barabardyr. Uruşdan öň bir ýylda gazylyp alynýan 2,5–3 milliard metr kub möçberdäki gaz

geçiriji turba boýunça azot dökünleri zawodyna we Mazari­Şarifdaky elektrik stansiýasyna satylýardy hem­de ozalky SSSR­e eksport edil­

ýärdi. Ýöne häzir tebigy gaz gazylyp alynmaýar.

Ýurduň Hajy Gek geçelgesiniň golaýynda baý demir­magdan käni bar (gory 1700 million tonna bolup, düzüminiň 68­72%­ni demir tutýar), emma bu etrap barmasy kyn we ony özleşdirmek uly çykda-jylary talap edýär.

Bir ýylda 105 müň tonna karbamid öndürýän kuwwatly zawod we 150 müň tonna sement berýän sement zawody agyr senagatynyň esasyny düzýärler. Has uly ösüşi ýeňil we azyk senagatlary, şeýlede önümçiligiň 120­den gowrak görnüşi bolan senetçilik önümçiligi ga-zandy. Olardan has ähmiýetlisi haly önümçiligidir. Bu önümçilikde 1 milliona golaý adam işleýär.

Oba hojalyk. Ulanmaga ýaramly bolan ýeriň umumy meýdany 17 million gektar bolup, onuň 5,3 million gektary suwarymly eke-rançylyga ýaramlydyr. Ýöne suwuň ýetmezçiligi bilen her ýylda 3,5 million gektardan köp bolmadyk ýerler suwarylýar.

Esasy ekin bolan bugdaý (her ýylda 2,8–3 million tonna alynýar) ekin meýdanynyň 60%­e golaýyny eýeleýär, ondan soň mekgejöwen (her ýylda 800–900 müň tonna), arpa (300–350 müň tonna), tüwi (200–250 müň tonna) ýygnalýar. Tehniki ekinlerden pagtaçylyk, gant şugundyryny we ýag alynýan ösümlikleri ýetişdirmek ösüşe eýe boldy. Ýurt köp miwe ösdürip ýetişdirýär, olary gaýtadan işlemek we daşary ýurda çykarmak ýola goýuldy.

Maldarçylyk ähli sebitlerinde ösendir. Ýurduň demirgazygynda garaköli goýun köpeldilýär. Olaryň baş sany 6 milliona golaý, dowarlaryň umumy sany 20 milliona ýetýär. Iri şahly mallaryň sany 3–3,5 million başdan geçmeýär.

Ulag we aragatnaşyk. Owganystanda 2003­nji ýylda uzynlygy 34,8 müň kilometr bolan awtomobil ýollary bar, olaryň 8,2 müň ki-lometri asfalt, beton ýa­da çagyl düşelen, galany bolsa – möwsüm-leýin ulanylýan daş düşelmedik ýollardyr. Guşgy–Turgundy (9,6 km) şahasyny we Termezden Amyderýanyň üsti bilen Haýratana (Russiýa-dan, Merkezi Aziýadan we Ýewropa ýurtlaryndan gelýän ýükleriň

ammarlara ýerleşdirilýän ýeri) çenli 15 kilometrlik şahasyny hasaba almasaň demir ýol ulagy ýok diýerliklidir.

Maliýe. Raýatlyk urşy döwründe ýurtda hümmetsizlenme here-ket edýärdi, dollaryň kursy dürli ýyllarda 17 müň owgana, resmi kur-sy 2,3–3 müň owgana ýetýärdi.

Uruşýan taraplaryň bisarpa çykarýan pullarynyň umumy göwrü-mini hasaba almak mümkin däldi. Pul reformasy geçirilenden soň bir ABŞ­nyň dollary 49 owgana deň diýlip kesgitlendi. Dolanyşykdaky puluň möçberi bolsa 30 milliard owganydan geçýär.

Karzaýyň hökümeti ýurdyň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak üçin birnäçe çäreleri geçirdi. Merkezi bank öz işinde doly özbaş­

daklygy aldy, täze banklary, şol sanda daşary ýurt banklaryny döret-mek üçin 11 sany ygtyýarnama berildi, daşarky we içerki maýa goýumlar barada kanun işlenip taýýarlanyldy. 2003­nji ýylyň awgust aýynda maýa goýumlary goldamaklyk boýunça agentlik döredildi, onuň wezipesi ýurtda maýadarlaryň işini düzgünleşdirmekden ybarat bolup durýar.

Owganystanda geçiş döwrüniň hökümeti döredilenden soň 60­a golaý ýurt we dürli halkara guramalary ýakyn ýyllarda ýurda uruş se-bäpli ýykylan hojalygyny dikeltmäge 4,5 milliard dollar möçberinde kömek bermäge taýýardyklaryny aýtdylar.

daşary söwda. Owganystanyň eksportyny, esasan, ter we ka-kadylan miweler, garaköli bagana, ýüň, pagta, haly, bagana önüm-leri, gymmat bahaly we ýarym gymmat bahaly daşlar hem­de neşe serişdeleri düzýär. Importyň esasy bölegini senagat enjamlary, maşynlar, gurluşyk materiallary, nebit önümleri, gündelik sarp edil­

ýän harytlar eýeleýär.

Häzirki wagtda Owganystanyň esasy söwda hyzmatdaşlary Pä-kistan, Hindistan, Ýaponiýa we Ýewropa Soýuzy çykyş edýär. Hökü-met tarapyndan goňşy ýurtlar bilen ýitirilen söwda gatnaşyklaryny dikeltmek üçin birnäçe çäreler kabul edildi, täze ylalaşyklara gol çe-kildi. Daşary söwda meýdanynda hereket edýän kanunlara we düz-günnamalara (gümrük haklary, tarif düzgünleri) täzeden seretmeklige girişildi.

Viii bap

Günorta aziÝa Ýurtlaryna umumy HäsiÝetnama

Günorta Aziýa ýurtlaryna Hindistan ýarym adasyndaky döwlet ler we Hindi ummanyndaky adalar girýär. Günorta Aziýa ýurtlaryna Hin-distan, Päkistan, Bengladeş, Şri­Lanka, Maldiw Respublikalary, Ne-pal şalygy we Butan korollygy degişlidir. Günorta Aziýa ýurtlarynyň tutýan meýdany 4,5 million inedördül kilometre deň bolup, ilatynyň sany 1,5 milliard adamdan gowrakdyr. Günorta Aziýa ilatynyň sany boýunça dünýäniň iri sebitidir. Günorta Aziýa ýurtlarynyň çäginiň uly bölegini düzlükler, peslikler we tekiz daglyklar tutýar. Bu bolsa sebitde hojalygyň dürli ugurlaryny ösdürmeklige oňaýly täsir edýär.

Günorta Aziýa ýurtlary amatly ykdysady­geografik we ulag­geogra-fik ýerleşişi bilen tapawutlanýar. Sebitiň ýurtalrynyň köpüsi halka-ra ähmiýetli ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär. Ýuwaş we Hindi ummanlarynyň köp sanly gämi gatnaw ýollaryna şu sebitiň portlary hyzmat edýär. Mumbaý, Kalkutta, Karaçi, Kolombo portlarynyň üstaşyr ýükleri geçirmekdäki ähmiýeti ulydyr.

8.1. Günorta aziýa ýurtlarynyň umumylygy we

Belgede Dünýä ykdysadyýetiniň (sayfa 105-109)