• Sonuç bulunamadı

Nämälim köplük we onuň bir bölegini aňladýan san çalyşmalary. San çalyşmalarynyň bu toparyna aşakdaky sözler:

а) Bir sözüniň näçe, entek, az, neme, para ýaly sözleriň prepozitiw elementi bolmagy esasynda hasyl edilen sözler: birnäçe, birentek, biraz, birneme, birpara we ş.m.

118

b) Telim, ençe, palança (ýa-da pylança) ýaly sözler

w) Kä we bir sözüniň jeminden hasyl bolan sözler degişlidir.

Bu çalyşmalardan bir para, käbir ýalylary şol durşuna sözlemde esasan isimlere baglanyp, ony aýyklap gelýär. Meselem: Birpara sopular sopy men diýer (M.).

Käbir adamlar degişgen bolýarlar.

Käbir sözi kä görnüşinde-de ulanylýar: kä adamlar...

Bu topar çalyşmalaryň galanlary sözlemde şol durşuna hem isimlere, hem işliklere baglanyp, olary aýyklaýarlar we sözlemde degişli agza bolup gelýärler. Meselem:

Magazine birentek zat getirdiler.

Ol maňa birentek garaşdy.

Palança gün ýol ýöräp bir ilatyň çetinden bardy. Işiginde göleli sygyr, telim baggoýnuň bar (A. D.). Dünýä ady belli ençe alymyň—

Diňledi taglymyn dürli ylymyň (A.K.). Sen biraz garaşmaly bolarsyň. Ondan bäri ençe aýlar, ençe ýyllar geçdi.

Bu çalyşmalardan birnäçe, telim, ençe, palança ýalylary edil sanlar ýaly san görkezýän numeratiwlik sözler bilen hem ulanylýarlar. Meselem: Telim gaýta bazar ötdi.

Bu hakda bize ençe gezek aýtdylar.

San çalyşmalarynyň üýtgeýişleri. 1. San çalyşmalarynyň köplük goşulmasyny kabul ediş häsiýeti örän ujypsyz.

a) Bary, bar, bütin, külli, biraz, birneme ýaly käbirleri san goşulmasyny kabul etmeýärler.

o) San çalyşmalarynyň käbiri san goşulmasyndan soň ýöňkeme goşulmasyny talap edýär.

Meselem: Käbir-ler (i), birnäçe-ler (iňiz).

San çalyşmalarynyň ýöňkeme bilen üýtgeýşi birnäçe aýratynlyklara eýedir:

Birnäçe, käbir, bary, ähli, hemme ýaly san çalyşmalary ýöňkeme bilen üýtgeýärler.

Emma bu çalyşmalaryň özleri köplügi aňladýandygy üçin bolsa gerek, I ýönkemäniň birliginde birnäçäm, käbirim, hemmäm görnüşinde ulanylmaýar. Meselem: Hemmäň geliň! Baryň alyň! Ähliň şu gün ýygnaga baryň. Hemmesi (barysy, ählisi) geldi.

Hemmäňiz (baryňyz, ähliňiz) gowy okaýarsyňyz we ş.m.

Külli, birneme, bütin ýaly käbir san çalyşmalarynyň ýöňkeme bilen üýtgän şekilini tapmak kyn.

3. San çalyşmalarynyň düşüm bilen üýtgeýşi hem dürlüçe.

а) Hemme, bary ýaly käbirleri düşüm bilen üýtgeýärler.

119

Meselem: Bu mälimdir hemmä gadymdan bäri, Oda ýakyn dursa, tutaşar däri (A.

K.).

b) San çalyşmalarynyň köpüsi düşüm bilen şol duruşlaryna üýtgemän, ýöňkeme goşulmalaryny kabul edenden soňra üýtgeýär.

Nämälim çalyşmalary

Nämälim çalyşmalara neme, otüki, bir, biri, kimse, kimdir biri, nämedir bir zat, pylany (palany), pylankes, pylan ýaly sözler degişlidir. Bulardan neme, biri, pylany ýalylary atlaryň deregine çalşyrylyp ulanylýar. Olar köplenç atlar ýaly kim?, näme? diýen soraglara jogap bolýarlar. Meselem:

Sen nemäni gördüňmi (aldyňmy, bildiňmi?) (kimi ýa-da nämäni?— nemäni).

Biri salam berip, girdi içerik,

Tanyş däl ol, daşdan gelen bu ýerik.

...Ýadyňdamy biri çykyp öňüňden,

Gizlin garap geçipdi oň deňinden (A.K.).

(Kim?—biri).

Atlaryň deregine çalşyrylyp ulanylýan nämälim çalyşmalardan biri, pylany sözleriniň köplenç adam atlarynyň deregine, neme sözüniň bolsa ähli atlaryň deregine-de gelip bilýändigini aýtmak gerek.

Pylany sözi köplenç ýüz tutma söz bolup gelýär.

Nämälim çalyşmalardan pylan (palan), bir sözleriniň atributiwlik häsiýeti güýçlüdir.

Bular atlaryň öňünden gelip, sypatlar ýaly aýyrgyç hyzmatynda ulanylýarlar, şonuň üçin hem nähili, haýsy diýen soraglara jogap bolýarlar. Meselem: Pylan şäherde bir garry barmyş (haýsy şäherde?). Ol oba gezip ýörkä, bir ýurda barypdyr. Bir jeren aldyrsa elden owlagyn... (M.).

Nämälim çalyşmalara kimse (kim-se), kimde-kim sözleri hem goşmak bolar. Bular sorag aňlatman, biri, kimdir biri, kim hem bolsa bir adam manysynda gelýärler. Meselem:

Ile jebır etse, azsa kim-de kim Oňa durmuş çykar şu hili höküm.

Kimse aýdym aýdyp, kimseler goşgy... (N. A.).

Kimse aglap gitdi, kimseler gülüp, Kimse çekip dürli azap, hoş imdi (S.).

Nämälim çalyşmalary belli bir ýagdaýda ulanylýar. Bularyň käbirleriniň düşnükli bolmagy ýere we wagta baglydyr. Belli-belli ýagdaýlarda nämälim çalyşmalaryň ulanylmagy zerurlyk bilen baglydyr. Emma neme ýaly çalyşmalary gereksiz ýere

120

ulanmagy käbir adamlar adat edinipdirler. Her bir adyň deregine gaýtalanyp duran bu hili çalyşmalardan gaçmak gerek.

Nämälim çalyşmalaryň käbiri pikiriň düşnükli bolmagyna zyýan berýär.

Nämälim çalyşmalaryndan neme, pylany, kimse ýalylary san goşulmasyny kabul edip ulanylýarlar. Meselem:

Nemeler, pylanylar, kimseler.

Neme, pylany sözleri ýöňkeme we düşüm bilen hem üýtgeýärler. Birinji we ikinji ýöňkemäniň birliginde hem-de köplüginde bularyň soňky çekimlileri uzalýarlar. Bular düşüm bilen üýtgänlerinde hem, käbir düşümlerde şolar ýaly fonetik özgerişlere sezewar bolýarlar.

Ýokluk çalyşmalary Ýokluk çalyşmalaryna aşakdaky ýaly sözler degişlidir:

Hiç sözi. Bu sözüň ýeke özi sözlemde ýokluk çalyşmasy hökmünde ulanylýar.

Meselem:

Häzir, kaka, hiç kemçilik ýok bizde, Elmydama iki gözümiz sizde (Ç. A,).

Ýokluk çalyşmasy hiç sözi bilen kim, haçan, haýsy ýaly sorag çalyşmalaryň jeminden hasyl bolýar. Meselem:

Hojalygyň jany sag bolsa, biziň hormatymyzy hiç kim alyp bilmez (B. S.).

Men hiç haçan şeýle aljyramandym.

Meredi olaryň hiç haýsy görmändir.

Hiç kim çalyşmasynyň hiç kes şekilinde ulanylyşyna-da duş gelmek bolýar. Meselem:

Mirap bol—diýp geldim saňa.

Hiç kesiň ýanyna barman (Ç. A.).

Ýokluk çalyşmasy hiç sözi bilen hili, zat, wagt, ýer bir ýaly sözleriň jeminden hasyl bolýar. Meselem:

Bu wakany hiç wagt ýadymdan çykarmaryn.

Men ol dildüwşük hakynda hiç zat bilmeýärdim.

Hawa, Bela Peçorini gören birinji gününden başlap, ony häli-şindi düýşünde görendigini, hiç bir adamy şonuň ýaly halamandygyny boýnuna alyp, bize aýtdy (L)

Şeýlelik bilen, ýokluk çalyşmalary hiç sözüniň özünden we şonuň bilen bilelikde gelen sorag çalyşmalarynyň hem-de atlara, sypatlara, sanlara degişli bolan käbir sözleriň jeminden hasyl bolýar. Ýokluk çalyşmalary ýoklugy aňladýar. Şonuň üçin olar sözlemde habar bolup gelen sözleriň hem ýokluk galypynda gelmegini talap edýärler. Meselem:

121

Ony gepde-sözde hiç kim ýeňip bilmeýär eken.

— Size näme üçin hiç zat bolanok.

—Maňa hiç zat bolmaz.

Ýokluk çalyşmalarynyň üýtgeýşi. Ýoklyk çalyşmalaryndan hiç sözüniň, ähli düşümlerde bolmasa-da, käbir düşümlerde üýtgän şekiline duş gelmek bolýar. Meselem:

Hiçden giç ýagşy.

Emma bu hili üýtgän şekili at hyzmatynda gelýär.

Hiç ýokluk çalyşmasy şol durşuna sözlemde isimlere-de, işliklere-de baglanyp biler.

Meselem:

Gezipdim men, görüpdim men köp ýeri, Beýle täsir etmändi-le hiç peri! (A.K).

Hiç dilegim bitmedi, diýdim gaşy kemana.

Agşam gelip oturdym, hiç gelmedi ýanyma,

0t gerekmi, suw gerek—diýmedi myhmanyna (K.).

Hiç we sorag çalyşmalarynyň jeminden hasyl bolan ýokluk çalyşmalary san goşulmasyny kabul etmeýärler. Olardan hiç haçan ýöňkeme we düşüm bilen üýtgemýär.

Hiç kim, hiç haýsy sözleri ýöňkeme we düşüm goşulmalaryny kabul edýärler. Meselem:

—Haladyň bolsa, getiriber, tä öňümden adam çykýança, hiç kime aýtman- diýýär.

(K.).

Ol heniz hiç kimi söýmändi (B.S.).

Toýdan öýkelemäge bolsa hiç kimiň haky ýok (B.K.).

Hiç haýsymyz okuwdan galmaýarys.

Hiç hili, hiç zat, hiç bir çalyşmalary san goşulmasyny kabul etmeýärler. Bu topar çalyşmalaryň käbirleriniň ýöňkeme goşulmalaryndan soň düşüm goşulmalaryny kabul eden şekillerine-de duş gelmek bolýar (hiç birinden). Bulardan hiç bir, hiç hili şol duruşlaryna esasan isimlere baglanýarlar (hiç hili ýa-da hiç bir kynçylykdan gorkma), hiç zat, hiç wagt sözleri bolsa işliklere baglanýarlar (hiç wagt okuwdan gijä galma).

Gaýdym çalyşmasy

Gaýdym çalyşmasy sözlemde degişlilik görkezýär. Gaýdym çalyşmasyna öz sözi degişlidir. Bu çalyşma aşakdaky ýaly ýagdaýlarda ulanylýar.

a) Şol durşuna, hiç hili goşulma kabul etmän, atlaryň öňünden gelip, olardan aňlanylýan düşünjäniň belli bir şahsa degişliligini nygtap görkezýär, soňky söz bolsa belli bir ýöňkemede gelýär. Meselem :

Öz eli, öz ýakasy boljak. Ýag iýip, bal ýalajak (B.K.).

122

Öz obamyzyň toýunda-da adyň tutulmasa, keçäniň üstüne geç diýilmese, adama agyr düşjek ekeni (B. S.).

Ne boldy öz goluňdan berseň maňa piýala (Mn.).

b) Belli bir ýöňkemede gelip, atlaşan halda ulanylýar. Meselem:

Özüm geldim. Özüň geldiň. Özi geldi. Özümiz geldik. Özüňiz geldiňiz. Öz(ler)i geldi.

Meni özüňiz tanaýarsynyz (B. K.).

Ýöňkeme goşulmalaryny kabul eden gaýdym çalyşmasy düşüm bilen hem üýtgäp bilýär. Meselem:

Özüm—özümiň, özüme, özümi, özümde, özümden.

Özi—özüniň, özüne, özüni, özünde, özünden.

w) Eýelik duşümde gelen at çalyşmalary bilen birlikde ulanylýar. Şeýle ýagdaýda öz sözi degişli ýöňkeme goşulmalaryny kabul edýär. Meselem :

Meniň özüm, biziň özümiz, seniň özüň, siziň özüňiz, onuň özi, olaryň özi.

g) Eýelik düşümde gelen görkezme çalyşmalary we käbir beýleki sözler bilen birlikde ulanylýar. Şeýle ýagdaýda öz sözi III ýöňkemede gelýär: munuň özi, şonuň özi, Merediň özi. Meselem:

...Eden dokladynyň ýeri däldigine akyly ýetenden soň başlygyň özi hem lokguldap güldi (B. K.).

...Munuň özi aramyzda bolan käbir düşünişmezligiň netijesidir.

d) Gaýdym çalyşmasy gaýtalanyp, ýöňkemeli we birinjisi ýa-da ikinjisi çykyş düşümiň şekilinde getirilip, tirkeş söz ýasalyp ulanylýar. Meselem:

Öz-özünden, özünden-özi. Ol işi gaýdan düýnki ýagdaýdan bir zat aňlaýdymyka ýa özünden-özi toslaýamyka? (B. K.)

Öz çalyşmasy özüçe, özüňki ýaly käbir ýasaýjylary hem kabul edýär.

Sypatlyk çalyşmalary Sypatlyk çalyşmalara aşakdaky ýaly sözler degişlidir:

a)Her sözi. Sözlemiň habarynyň üsti bilen aňladylýan wakanyň bir jynsdan bolan köp zadyň ählisi baradadygyny anykleşdirip görkezýär. Meselem:

—Gep halta gerek bolsa, meniň içmegimi ogurlaýyň, onuň her ýamasynyň aşagynda bir gep bardyr...

Her tary başga-başga, ot saldy jana zülpüň (K.) Her öýde parlap dur Iliç çyrasy,

Seýil bagy akar suwuň gyrasy.

123

Her sözi san goşulmasyny kabul etmeýär, ýöňkemäniň köplügi bilen üýtgeýär (herimiz, heriňiz, hersi). Ýöňkeme bilen üýtgän her sözi düşüm goşulmalaryny hem kabul edip biler (hersine, her-si-niň, her-si-nde we ş.m)

Meselem:

Emma towuklar dogry ýöremän, hersi bir ýana dagap gidýär (K.) Dört burç gurlan meýdanyň

Kese gyralary dükan.

Hersinde otyr söwdagär, Gapylary doly daýhan (Ç. A.)

Her sözüniň ýöňkeme we düşüm bilen üýtgän şekillerini sözlemde başga sözi aýyklamaýar-da, at hyzmatynda gelýär.

Meselem:

Hersi müň adamyň işin bitirýär (N. A,). Herimiz bir tarapa gitdik.

Hersine bir goýun sylag berdiler.

g) Sypatlyk çalyşmalarynyň ikinji toparyna gurluşy taýdan goşma çalyşmalar degişlidir. Bu topar sypatlyk çalyşmalar her sözüniň gatnaşmagy bilen hasyl bolýar. Her sözi köplenç kim, näçe, haýsy ýaly çalyşmalar bilen sanlardan bir sözi bilen, hili, tüýsli ýaly sypatlar, atlar bilen tirkeşip, olaryň birinji bölegi bolup gelýär. Her sözi kes sözi bilen hem tirkeşip, şu manyda ulanylýar: her kim, her näçe, her haýsy, her bir, her hili, her tüýsli, her kes. Many taýdan olar sypatlyk çalyşmalarynyň birinji topary bilen birräk.

Meselem:

Meňzär çaga bagyň gunça gülüne, Her kim höwes eder alar eline(A.K).

Perzent jandan şirin diýip, ýaşlygynda söýer sen.

Her haýsy bir dünýäm diýip, ýüzün görgeç duýar sen.

Kemine diýr, her hil reňkde öwser sen, Kemansyz atar sen, tygsyz keser sen (K.)

...Oňa her bir yzy yzarlamaga ygtyýar berýärdiler,oňa ynanýardylar (B. K.).

Sypatlyk çalyşmalarynyň bu toparynyň üýtgeýşi bir hili däl. Bular köplük manyda bolanlary üçin, san goşulmasyny kabul etmeýärler. Bu çalyşmalardan her haýsy, her bir ýaly käbirleri birinji ýöňkemäniň birliginden beýlekilerinde üýtgeýär (Her haýsyň, her biriň, her haýsy(sy) her biri (si), her haýsymyz, her birimiz, her haýsyňyz, her biriňiz), emma köplük (–lar/–ler) goşulmasyny kabul etmeýär. Bu topar çalyşmalardan her näçe ýaly käbiri bolaýmasa, galanlary esasan düşüm bilen üýtgeýärler.

124

Sypatlyk çalyşmalarynyň bu toparyna degişliler sözlemde her hili hyzmatda ulanylýarlar.

I)Her hili, her bir, her tüýsli ýaly sypatlyk çalyşmalarynyň sypatlyk häsiýeti güýçli.

Meselem:

Her hili kynçylyklary basyp geçen we özüniň düşünjeli durmuşynyň içinde ýeke gezek hem aglamadyk mert türkmen aýaly gynajyň ujy bilen gözüni süpürdi. (B. S.).

Jan, gül ýüzli perim, pendim eşitgil.

Her bir sözüm bolar çoh mydar saňa (K.).

2) Her kim, her haýsy, her kes ýaly sypatlyk çalyşmalarynyň atlyk hyzmaty güýçli.

Her kes gorkar Çarýar senden (Ç.A.).

Her haýsy bir ýana gitdi.

Her kimi halasaň, tut birin söýüp (K.)

Her näçe sypatlyk çalyşmasynyň hallyk häsiýeti güýçli.

Meselem:

Her näçe okasam, okasym gelýär.

Bu ýeri her näçe gazsak-da, suw çykmady.

Bu çalyşmanyň bir aýratynlygy—onuň goşma sözlem hasyl etmäge gatnaşmagydyr.

Umuman, sypatlyk çalyşmalary san çalyşmalaryna örän ýakyndyr.

Çalyşmalar özboluşly bir söz toparydyr. Adalgadan görnüşi ýaly, bular aýry-aýry söz toparynyň deregine ulanylýarlar. Şonuň üçin olaryň üýtgeýşi, sözlemdäki hyzmaty hem bir hili däl. Hatda çalyşmalaryň şol bir bölümine degişli sözler hem özleriniň morfologik we sintaktik häsiýetlerine görä tapawutlanýarlar.

I Ş LI K LER