• Sonuç bulunamadı

Işjeň düşümler (baş düşüm, eýelik düşüm, ýöneliş düşüm, ýeňiş düşüm, wagt-orun düşüm, çykyş düşüm)

Adamzat, garypçylyk ýaly jemleýji atlar asla san tarapyndan (bäş adamzat, bäş garypçylyk diýen ýaly) aýyklanyp hem bilmeýär

DÜŞÜM KATEGORIÝASY HAKYNDA UMUMY MAGLUMAT

2) Işjeň düşümler (baş düşüm, eýelik düşüm, ýöneliş düşüm, ýeňiş düşüm, wagt-orun düşüm, çykyş düşüm)

Rudimentar düşümler häzirki türki dillerde esasan söz ýasaýjylyk hyzmatyny ýerine ýetirýärler. Meselem: bir wagtky gural (gurallyk) düşümiň goşulmasy bolan – yn/-in/-n, deňeşdirme-meňzetme düşümiň goşulmasy bolan –ça/-çe häzirki zaman türkmen dilinde hal ýasamak hyzmatyny ýerine ýetirýärler43.

43 Rudimentar düşümler we olaryň ýagdaýy barada aşakdaky işlere serediň: a) Г. И. Paмcтeдт, Bвeдeниe в aлтaйcкoe языкoзнaниe, cтp. 49-53; b) А.П.Поцелуевский, Некоторые рудиментарные падежные формы в туркменском языке. “Известия ТФАН СССР”, № 5-6, 1945г. ç) P.Azymow, Türkmen dili (Söz ýasaýjy goşulmalar) 128-130s.; d) Н.А. Баскаков, Каракалпакский язык, II, фонетика и морфология, часть первая, с. 200, е) Э.В.Севортян, Категория падежа, Исследования по сравнительной грамматике тюркских языков, II, морфология, с. 58-64.

Bu ýagdaý düşümleriň kämilleşmegi, käbir düşümleriň hyzmatynyň sözsoňy kömekçileri arkaly aňladylmagy ýaly zatlar netijesinde döräpdir. Meselem: gural düşüminiň manysy häzirki türki dillerde bilen, bile sözsoňy larynyň üsti bilen aňladylýar. Seýrek hem bolsa, käbir türki dillerde bu adalgalaryň birnäçesi düşüm ulgamy ynda duş gelýär.

Işjeň düşümler diýen at bilen ýöredilýän düşümler hem öz nobatynda hyzmaty we manysy taýdan iki topara bölünýär:

1) Grammatik düşümler (baş düşüm, eýelik düşüm, ýeňiş düşüm).

2) Lokal-lokatiw (prostranstwennyýe - giňişlik, aralyk) düşümler (ýöneliş düşüm,wagt-orun düşüm,çykyş düşüm)

Düşümleriň grammatik düşümler we lokal düşümler44 diýlip bölünmegi olaryň hyzmaty we manysy esasynda hem-de her bölüme degişli bolan düşümleriň özara belli bir derejede manydaş gelip bilýändikleri ýaly zatlaryň esasynda ýüze çykandyr. Grammatik düşümler grammatika degişli bolup, lokal düşümler grammatika degişli däl diýen netijäni çykarmak bolmaz. Şu tarapdan alynýan adalgalar şertli. Umuman, şu hili bölünişiň özi-de şertlidir. Ýöneliş düşüm bu bölümleriň ikisine-de degişli bolup biler.

Beýleki sözler bilen bolan gatnaşygy, baglanyş aýratynlyklary taýdan hem düşümler 2 topara bölünýärler:

1) Isimlere baglanýan düşümler, ýagny atlara we at hyzmatynda gelen sözlere baglanýan, olaryň öňünden gelýän, şolar bilen gatnaşykda bolan düşümler. Düşümleriň bu toparyna türkmen dilinde esasan eýelik düşüm degişlidir. Meselem: Orazyň kitaby, guşuň gözi, stoluň aýagy, goýnuň ýüňi we ş.m

Beýleki düşümlerden ýöneliş we çykyş düşümler hem belli ýagdaýlarda isimlere baglanyp, olary aýyklap bilýärler. Meselem: söze çeper, polatdan pyçak...

2) Işliklere baglanýan düşümler, ýagny işlikleri aýyklap gelýän, işlikler bilen gatnaşykda ulanylýan düşümler. Düşümleriň bu toparyna ýöneliş, ýeňiş, wagt-orun, çykyş düşümler degişlidir.

Düşüm goşulmalary öz düzümindäki çekimlileriň hili boýunça iki topara bölünýärler:

1. Giň çekimlili düşümler: ýöneliş, wagt-orun, çykyş. Meselem:

Oraz-a, depder-e, Oraz-da, depder-de,

Oraz-dan, depder-den we ş.m

2. Dar çekimlili düşümler: eýelik, ýeňiş. Meselem:

Oraz-yň, depder-iň, Oraz-y, depder-i we ş.m

Türki dillerde düşüm goşulmalarynyň şekil taýdan tapawutlanyşlary ýaly, düşümler san taýdan hem tapawutlanýarlar. Türki dillleriň köpüsinde alty sany düşüm bar. Şunuň bilen birlikde, düşümleri altydan az bolan diller-de, köp bolan diller-de bar. Käbir dillerde eýelik düşüm bilen ýeňiş düşüm görnüşdeş, bir meňzeş goşulmanyň üsti bilen aňladylýar. Şeýlelikde, bu diller şekil l bäş düşüme eýe bolýarlar. Meselem: gumuk dili45, özbek diliniň käbir şiweleri46 we ş.m. Ýakut dilinde eýelik düşüm ýok, wagt-orun düşümiň özbaşdak şekili bolman, onuň hyzmatyny ýöneliş düşüm ýerine ýetirýär, emma bu dilde beýleki türki dillerde bolmadyk bölek düşümi (частный падеж), gural düşümi (орудийный падеж), deňeşdirme düşümi (сравнительный падеж), bilelik düşümi (совместный падеж) diýen düşümler ulanylýar. Şeýlelikde, ýakut dilinde düşümleriň sany sekize ýetýär47. Häzirki gazak dilinde beýleki türki dillerde bolan alty düşümden başga-da ýedinji ―kömektes septik‖ diýen adalga bilen aňladylýan bir düşüm bolup, ol bilen, bile (< birlen, birle< bir) sözsoňy kömekçisinden hasyl bolan –men, -pen, -ben, -menen, -penen, benen ýaly goşulmanyň üsti bilen aňladylýar48.

Häzirki zaman türkmen dilinde şekil we many taýdan tapawutlanýan 6 düşüm bar. Her düşümiň özbaşdak şekili bar. Ol düşümlerde gelen sözler aýratyn soraglara jogap bolýarlar.

Baş düşüm

Baş düşüm degişlilik we san goşulmalaryny kabul eden hem-de etmedik asyl we ýasama atlaryň soňlaryna hiç hili düşüm goşulmasy goşulmadyk şekilidyr. Morfologiýa taýdan asyl we ýasama görnüşde gelip, şahsyň, zadyň we predmetleşen düşünjeleriň atlaryny aňlatmak üçin ulanylýan ses kompleksi şol durşuna baş düşüm hasaplanýar we düşüm ulgamy ynda beýleki düşümler üçin baş şekil , umumy esas bolýar. Meselem:

Jaý, guş, sapança, kepje, saçbag, seçme, otuçöp, haly, deri, ýazuw, düzme we ş.m.

Baş düşüm esasan kim?, näme?, nire? diýen soraglara jogap bolýar. Bu düşüm atlaryň köplük sanda gelşi bilen baglylykda kimler?, nämeler?; degişlilik kategoriýasynyň goşulmalaryny kabul edişine görä, kimim?, kimiň?, kimiňiz?, nämäm?, nämäň?, nämesi?, nämämiz?, nämäňiz? ýaly soraglara hem jogap bolup biler. Meselem:

Oraz, pioner, pero, oglanlar, kitaplar, jigim, oglum, towugymyz, depderiň, göçüňiz, dogany, daýzasy, düýesi we ş.m.

44 Seret: M.Ý. Hamzaýew, Türkmen dilinde lokal düşümler (dissertasiýa) we G.Ataýew, Türkmen dilinde grammatik düşümler (dissertasiýa).

45Ф.Г. Исхаков, Э.В.Севортян, Исследования по сравнительной грамматике тюркских языков, II, Морфология.

46 В.В.Решетов, Об одном узбекчком падеже, Тюркологический сборник, №1. М.-Л., 1951, с. 176-183.

47 Ýakut diliniň düşümleri barada aýdylanlar aşakdaky işlerden alyndy: a) Н.К.Дмитриев, Грамматика башкирского языка, 62-63с.; b) Е.И.Убрятова, Исследования по синтаксису якутского языка, М.-Л. 1950, с. 40. ç) Г.И.Рамстедт, Введение в алтайское языкознание, с.34; d) Ф. Г. Исхаков, Имя существительное. Исследования по сравнительной грамматике тюркских языков, с. 61-62 we başgalar.

48Kazirgi kazak тiлi, Almaty, 1954, 228-232s.

Türkologiýada düşüm goşulmasy goşulmadyk ähli nul şekillerini birleşdirip, belgisiz düşüm ýa-da nämälim düşüm diýen adalga bilen öwrenmegiň tarapynda durýanlar-da bar. Olaryň pikiriçe, eýelik düşümiň goşulmasyz şekili (goýun eti...), ýeňiş düşümiň goşulmasyz şekili (men kitap getirdim) we baş düşüm bir düşüm hasaplanýar. Emma praktikada bu pikir özüne degişli goldaw tapanok.

Munuň tersine, baş düşümi diňe sözlemdäki hyzmatyna esaslanyp, baş düşüm we nämälim düşüm diýen düşümlere bölýänler-de bar.

Bu hili garaýyş türki dillerden esasan türkmen diline degişli öňräk ýazylan işlerde duş gelýär. Meselem:

Guş uçýar. Guş ýaly uçýar.

Birinji sözlemdäki guş sözi baş düşüm, ikinji sözlemdäki guş sözi nämälim düşüm hasaplanýardy. Morfologik taýdan birinji sözlemdäki guş hem, ikinji sözlemdäki guş hem baş düşüm. Emma sintaktik taýdan bularyň hyzmaty aýry. Birinji sözlemdäki guş sözlemiň eýesi bolýar, ikinji sözlemdäki guş sözi bolsa yz ýanyndaky özbaşdak agza bolup bilmeýän ýaly sözsoňy y bilen birlikde doldurgyç bolýar.

Sözlemdäki hyzmatyna, agzalyk tarapyna esaslanyp, baş düşümden nämälim düşümi bölüp aýyrjak bolmaklyk morfologiýanyň obýekti bilen sintaksisiň obýektini garyşdyrmakdan başga zat däldir. Dilde beýleki düşümlere-de sintaksisde diňe bir hyzmat - bir agza bolmaklyk hyzmaty berkidilmändir. Haýsy düşümi alsak-da, ol sözlemde birnäçe hili agzanyň hyzmatynda gelip bilýär. Emma bu ýagdaý ol düşümiň degişli düşümlik hukugyna dawa etmeýär.

Eýelik düşüm

Eýelik düşüm49 özünden soňky ada ýa-da atlaşan söze baglanyp, onuň manysyndan aňlanylýan düşünjäniň kime ýa-da nämä degişlidigini, dürli gatnaşyklary aňladýar, kimiň?, nämäniň?, niräniň? diýen soraglara jogap bolýar

Türkmen edebi dilinde eýelik düşümiň grammatik belgisi iň/-uň/-üň/-ň, -nyň/-niň/-nuň/-nüň goşulmasydyr. Bulardan –yň/-iň/-uň/-üň soňy çekimsiz ses bilen gutaran asyl we ýasama atlara ( Meselem: Çerkeziň diplomy, oragyň dişi, goçuň şahy, gülüň ysy, otluçöpüň bahasy...), -nyň/ -niň/-nuň/ -nüň soňy çekimli sese gutaran atlara (Meselem: Atanyň kitaby, obanyň oglanlary, geçiniň süýdi) goşulýar.

-nuň/ -nüň - dodaklanan görnüşi bu, şu ýaly çalyşmalarda ulanylyp, atlarda seýrek duşýar: Go-Mo-Jonuň doklady.

-ň - sinkopa häsiýetli kontraksiýa netijesinde dörän şekili - soňy çekimlä gutaran atlarda (obaň adamlary, Bikäň ejesi), çekimsize gutaranlardan hem –lar/-ler goşulmasyny kabul eden, emma onuň soňky r sesi hem düşüp galýan atlarda (oglanlaryň-oglanlaň kakasy) ulanylýar. Şeýlelikde, häzirki zaman türkmen dilinde eýelik düşümiň dokuz görnüşli goşulmasyna duş gelinýär.

Türki dillerde eýelik düşümiň goşulmasynyň asly baradaky mesele türkşynaslaryň ünsüni özüne çeken meseleleriň biridir.

Alymlaryň köpüsi eýelik düşümiň goşulmasy aslynda –iň görnüşinde bolupdyr diýen netijä gelýärler (W.Şott, W.W.Radlow, O.N.Býotlingk, W.A.Bogorodiskiý, A.P.Poseluýewskiý we başgalar). Şunuň bilen birlikde, eýelik düşümiň goşulmasy aslynda n görnüşinde bolup, soňra ň öwrülipdir diýen pikir hem bar. Meselem: G.I.Ramstedt bu barada şeýle diýýär: ―Первоначально окончанием служил –н, перед которым, при основе на согласный, слышался соединительный гласный. В др.- тюркс. –н в исходе слова развился в ň‖50. Bu ýerde gürrüň eýelik düşümiň goşulmasynyň soňky sesi barada, onuň ň ýa-da n bolandygy barada barýar. Bu-da eýelik düşümiň goşulmasynyň soňky sesiniň häzirki türki dilleriň bir toparynda ň bilen gutarýanlygyndan, ikinji bir toparynda n bilen gutarýanlygyndan gelip çykýar.

Eýelik düşümiň goşulmasy aslynda –iň (ýa-da –in ) görnüşinde bolan bolsa, onda –niň (-nyň/-nuň/ -nüň ) goşulmasynyň ilki n sesi (n-iň...) nireden gelip çykypdyr diýen sorag orta atylýar. Eýelik düşümiň –niň... goşulmasynyň şu ilki n sesiniň nämedigi barasynda hem dürli pikirler, çaklamalar bar.

1) Morfologik dargama netijesinde hasyl bolandyr, ýagny goşulma aslynda -iň bolup, özüniň goşulan sözüniň soňundaky n sesini almak bilen –niň halyna aýlanypdyr diýen pikir (O.N.Býotlingk, W.Şott2), G.I.Ramstedt3) muny isimler bilen baglylykda düşündiripdirler. Emma W.W.Radlow4), W.A.Bogorodiskiý5), A.P.Poseluýewskiý6) we başgalar ony çalyşmalar bilen baglylykda düşündirýärler. 2) Türkşynaslaryň birnäçesi eýelik düşümiň goşulmasy aslynda zat manysyndaky özbaşdak sözden döräpdir diýip çak edýärler. Meselem: neň-zat (J.Deni, K.Grýonbek)7), nenýe (>nen) - jisim>zat ( N.A.Baskakow8).

Eýelik düşümiň goşulmasynyň asly baradaky bu çaklamalar, birinjiden, jedelli, ynandyryjy däl, ikinjiden, türki dilleriň bize gelip ýeten ýazgy ýadygärlikleriniň materialy bilen tassyklanmaýar. Mälim bolan ýazgy ýadygärliklerinde hem eýelik düşümiň goşulmasy häzirki türki dillerde ulanylýan goşumalardan onçakly tapawutlanmaýar.1) Meselem: Mahmud Kaşgarynyň sözlüginde hem eýelik düşümiň -yň/-iň/-nyň/-niň goşulmasy ulanylypdyr. Olar-da şekil taýdan eýelik düşümiň häzirki goşulmasyndan tapawutlanmaýar.

Söze goşulyş aýratynlygy taýdan bolsa häzirki edebi dilimiziň normasyndan çekimsize gutaran käbir atlaryň soňuna –niň goşulýandygy bilen ( keýikniň ) tapawutlanýar.Türki dilleriň gypjak ýa-da demirgazyk toparyna has bolan bu tertibi XVIII-XIX asyr nusgawy edebiýatymyzda hem görýäris.

Köplük sanyň –lar/-ler goşulmasyny kabul eden atlar hem-de I-II şahs degişlilik goşulmalaryny (birlik we köplük sanyny) kabul eden atlar soňlary çekimsiz seslere gutaran atlaryň üýtgeýişleri ýaly üýtgeýärler. Meselem:

Oglanlar-yň, depderler-iň, Depderim-iň, depderimiz-iň, Depderiň-iň, depderiňiz-iň.

III şahs degişlilik goşulmasyny kabul eden atlar soňy çekimlä gutaran atlaryň üýtgeýişleri ýaly üýtgeýärler. Meselem:

Eli-eliniň,

Obasy-obasynyň

Emma A.N.Kononow III şahs degişlilik goşulmasyny kabul eden atlaryň düşüm bilen üýtgeýişlerini başgaça düşündirýär. Onuň pikiriçe, III şahs degişlilik goşulmasyny kabul eden atlar hem soňy çekimsize gutaran atlaryň üýtgeýişleri ýaly üýtgeýärler. Eýelik,

49 Ataýew G. Türkmen dilinde eýelik düşüm, Dil we edebiýat institutynyň işleri, II, Aşgabat, 1957, 49-87s.

50 Г.И.Рамстедт. Введение в алтайское языкознание, с. 33

ýöneliş, ýeňiş, wagt-orun, çykyş düşümlerden öň III şahsyň goşulmasy –yn/-in/-un/-ün, -syn/-sin/-sun/-sün görnüşinde bolýar diýip

ýaly üýtgäp, düşüm goşulmalary degişlilik goşulmasynyň n sesini düşmekden saklaýar diýen netijä gelýär. W.A.Bogorodiskiý bolsa III şahs degişlilik goşulmasyny kabul eden atlar düşüm bilen üýtgände, düşüm goşulmalarynyň öň ýanyndan peýda bolýan n sesine esaslanyp, düşümleri iki topara bölýär. Eýelik we ýeňiş düşümlerde n düşüm goşulmasynyň elementidir, ýöneliş, wagt-orun, çykyş düşümlerde bolsa soňra analogiýa esasynda dörändir diýip düşündirýär1).

Eýelik düşümiň goşulmaly we goşulmasyz şekillerini

Eýelik düşüm goşulmaly we goşulmasyz iki hili görnüşde ulanylýar, eýelik edilýän zady aňladýan söz bilen (ikinji bölek bilen) bolsa üç hili görnüşde baglanyşýar.

1. Eýelik düşümiň goşulmaly şekili. Iki bölegi-de goşulmaly, ýagny eýelik edýäni görkezýän söz eýelik düşümiň goşulmaly şekilinde, eýelik edilýän zady görkezýän söz hem III şahs degişlilik goşulmasyny kabul eden görnüşde gelýär. Bu ýagdaýda anyk bolan hususy ýa-da kollektiw eýeçilik, degişlilik aňlanylýar. Meselem:

Maralyň köýnegi, horazyň sesi, çyranyň ýagtysy, toklynyň eti.

2. Eýelik düşümiň goşulmasyz şekili. Umumy, näbelli degişlilik, ýagny zadyň anyk bolmadyk topara bolan gatnaşygy, dahyllylygy aňlanylýar. Eýelik düşümiň goşulmasyz şekili özüniň ikinji bölegi bilen iki hili görnüşde baglanyşýar.

1)Birinji bölegi goşulmasyz, ikinjisi goşulmaly, ýagny eýelik edýäni görkezýän söz eýelik düşümiň goşulmasyz şekilinde, eýelik edilýän zady görkezýän söz bolsa degişlilik goşulmasyny kabul eden ýagdaýda ulanylýar. Meselem: mekdep müdiri, towuk ýumurtgasy, goýun eti, okuw jaýy, ýüpek fabrigi.

Eýelik düşümiň şu hili goşulmasyz şekili öz goşulmasyny dikeltmegiň mümkindigi ýa-da däldigi taýdan,böleklerini dargatmagyň mümkindigi ýa-da mümkin däldigi taýdan özara tapawutlanýar. Şu esasda hem öz nobatynda iki topara bölünýär.

a) Bölekleri dargaýan we goşulmasy dikeldilýän şekili. Meselem:

Mekdep müdiri- hojalygyň başlygy, hojalygyň häzirki başlygy.

Goýun eti- goýnuň eti, goýnuň tagamly eti.

Towuk ýumurtgasy- towugyň ýumurtgasy, towugyň düýnki ýumurtgasy.

Umuman, eýelik düşümiň goşulmasyz şekiliniň şu toparyna girýänleri şol durşuna-da goşulmaly ulanyp bolýar. Bölekleriniň aralygyna bir we birden artyk söz salnyp, olar uzaklaşdyrylanda bolsa, eýelik düşüm hökman goşulmaly ulanylmaly bolýar.

b) Bölekleri goşulyşyp, bir many aňladýan, şonuň üçin hem dargamaýan we goşulmasy dikeldilmeýän şekili. Meselem:

Ýüpek fabrigi, Bagyr köçesi, sowet hökümeti, okuw jaýy, howa býurosy

Bu hili söz birikmeleriniň birinji bölegine eýelik düşümiň goşulmasyny goşup bolmaýar. Bölekleriniň arsyndan söz goşup, olary uzaklaşdyrmak hem mümkin däl. Bu hili söz birikmeleriniň ýene-de bir aýratynlygy bar. Ol-da bularyň birinji bölekleriniň otnositel sypatlyk häsiýetiniň bardygydyr. Şonuň üçin hem olara sypatlara degişli haýsy?, nähili? ýaly soraglar bermek bolýar. Bularyň käbirleri goşma sözlere öwrülip gidipdirler. Bu hili ýagdaýda olara atlara degişli soraglar berilýär. Meselem: sözbaşy, sözsoňy, atagzy, ukbagy, saçbagy (näme?).

Bularyň ikinji bölekleriniň soňundaky degişlilik goşulmasy öz manysyny ýitiripdir. Öz hakyky manysynda bolmadyk bu goşulma käbir sözleriň soňunda şiwelerde taşlanylyp ulanylýar. Şeýlelikde, sözler sintaksis taýdan baglanyşýarlar. Meselem:

Atagzy-atagyz, saçbagy-saçbag, ukbagy-ukbag

2) Iki bölegi-de goşulmasyz ulanylýar. Bular bitewi bir many aňladýan goşma atlara öwrülip gidipdirler. Meselem: demir ýol, gowaça çigit, kelle agyry, aýakgap, aşgazan, başdarak. Bu hili ýagdaýda olara diňe atlara degişli soraglar berilýär (näme?-aýakgap, başdarak).

Şeýlelik bilen, eýelik düşüme esasan eýelik düşümiň goşulmasyny kabul eden sözler hem-de özünden soňky degişlilik goşulmasyny kabul eden sözüň üsti bilen eýelik düşümdedigi mälim bolýan sözler degişlidir. Eýelik düşümdedigi güman edilýän sözüň öňünden ony anyklaýjy başga bir sözüň getirilmegi bilen, ony degişlilik goşulmasynda getirmek bilen, arasyna söz goşup, böleklerini dargatmak we ş.m bilen onuň goşulmasyny dikeltmek bolar.

Eýelik düşümiň goşulmasyz şekiliniň şu topary (seret: punkt 2.,1a)many taýdan-da, şekil taýdan-da eýelik düşümiň doly hukukly şekilidyr. Emma özünden soňky degişlilik goşulmasyny kabul eden sözler arkaly eýelik düşümdedigi güman edilýän sözleriň hemmesine ýokardaky ýaly ýollar bilen eýelik düşümiň goşulmasyny goşup bolmaýar. Sebäbi olaryň bölekleri dargamaýar, bir many aňladýar (seret: punkt 2., 1b). Şeýle-de bolsa, bu topar sözlerde eýelik-degişlilik ýokundysy saklanylýar. Şonuň üçin bu topara degişli bolan sözleriň goşma söze öwrülip ýetişmediklerinden başgasy eýelik düşümiň düzüminde öwrenilmeli bolýar.

Eýelik düşümiň goşulmaly şekiliniň ulanylýan ýagdaýlary. Atlar aşakdaky ýaly ýagdaýlarda eýeik düşümiň goşulmaly şekilinde ulanylýarlar.

1.Şahsy onomastikany- adamyň adyny we familiýasyny görkezýän sözler özlerinden soň gelen sözleriň manysyndan aňlanylýan düşünjä eýelik ediji manysynda gelende1), olar eýelik düşümiň goşulmaly şekilinde ulanylýarlar.

a) Adamyň ady: Artygyň alaşasy, Myradyň depderi, Maralyň köýnegi.

b) Adamyň familiýasy: Amanowyň kitaby, Orazowyň howlusy, Ataýewiň maşyny

ç) Ady we familiýasy tirkeşip gelende, soňkusy eýelik düşümde gelýär: Myrat Amanowyň işi, Amanow Myradyň işi

d) Adam atlaryndan soň daýy, daýza, aga, eje ýaly maşgala aragatnaşygyny görkezýän sözler gelende eýelik düşümiň goşulmasy şol sözlere goşulýar: Gözel ejäniň halysy, Myrat aganyň bagy

e) Adam atlaryndan soň dereje, lakam görkezýän sözler gelende, eýelik düşümiň goşulmasy şol sözlere goşulýar. Meselem: Ýelli Wüşi keliň ýüzüne seretdi ( A.G. ―K.e‖). Magtymguly-Pyragynyň goşgulary türkmen halkynyň geçmişdäki durmuşyny, erk-islegini beýan edýär.

2.Eýelik düşümde gelmeli söze, ýagny birinji böleke baglanyp, ony aýyklaýan söz gelse, eýelik düşüm goşulmaly ulanylýar.

Meselem: mekdep müdiri-hojalygyň başlygy ýaly iki hili görnüşde ulanylýar. Emma birinji bölegi bu, şu ýaly çalyşmalar tarapyndan aýyklansa, diňe goşulmaly şekilinde ulanylýar: şu hojalygyň başlygy.

Eýelik düşüm aşakdaky ýaly sözler tarapyndan aýyklanyp, goşulmaly ulanylýar.

a.Görkezme çalyşmalary: bu, şu, şol.

b.Düýp we tertip sanlar: towuk ýumurtgasy- üç towugyň ýumurtgasy ç.Sypatlar: oba adamlary – täze obanyň adamlary

d.Ortak işlikler: Poezd gudogy- ugrajak(-an, -ýan) poezdiň gudogy

3.Eýelik düşümdäki söz düzümiň birinji we ikinji bölekleri dargadylanda, ýagny eýelik düşümdäki söz bilen 3 şahs degişlilik goşulmasyny kabul eden sözüň aralygyna bir ýa-da birden artyk söz düşüp, ikinji bölegi aýyklap gelende, atlar eýelik düşümiň goşulmaly şekilinde ulanylýarlar. Meselem:

Mekdep müdiri - hojalygyň häzirki başlygy - hojalygyň geçen ýyl ýygnakda saýlanan başlygy.

4.Degişlilik goşulmalaryny kabul edip, anykleşen atlar eýelik düşümiň goşulmaly şekilinde ulanylmaly bolýarlar. Meselem:

Daýhan birleşigimiziň başlygy, obaňyzyň töweregi, gyzynyň köýnegi, aýagymyň sesi we ş.m.

Degişlilik goşulmalary goşulmadyk ýagdaýda bu hili sözler eýelik düşümiň goşulmaly şekilinde hem (hojalygyň başlygy, obanyň töweregi, gyzyň köýnegi, aýagyň sesi), goşulmasyz şekilinde hem (mekdep müdiri, oba töweregi, gyz köýnegi, aýak sesi) ulanylyp bilner. Emma degişlilik goşulmalaryny kabul edip, belli bir şahsy görkezmeklik taýdan anykleşenlerinden soň, eýelik düşümiň diňe goşulmaly şekili ulanylmaly bolýar, sebäbi daýhan hojalygymyz başlygy, obaňyz töweregi, gyzyň köýnegi, aýagym sesi ýaly iki bölegi-de diňe degişlilik goşulmasyny kabul eden ýagdaýda ulanylyşy türkmen dili üçin häsiýetli däl.

5.San goşulmasyny kabul eden atlar hem eýelik düşümiň goşulmaly şekilinde ulanylýarlar. Meselem:

Türkmen dili - türkmenleriň dili, Rus aýdymy - ruslaryň aýdymy,

Özbek şahyrlary - özbekleriň şahyrlary

Bu hili atlar –lar/ -ler goşulmasyny kabul edenden soň, olary eýelik düşümiň goşulmasyz şekilinde ulansaň, gelşiksiz bolýar.

Emma köplük sanyň –lar/-ler goşulmasyny kabul eden ýagdaýda ulanylýan käbir atlar (Ýazyjylar birleşigi, mugallymlar öýi) kontekst bilen baglylykda eýelik düşümiň goşulmasyny kabul edip hem, etmän hem bilerler: Ýazyjylar birleşigi - Ýazyjylaryň guramasy , mugallymlar öýi - mugallymlaryň öýi.

6.Aslynda sypat, ortak işlik, san ýaly beýleki söz toparlaryna degişli bolan, aýyklaýan sözleri galdyrylyp, olaryň manysyny hem hyzmatyny öz üstlerine almak netijesinde atlaşan sözler eýelik düşümiň goşulmaly şekilinde ulanylýarlar. Meselem:

Päliýamanyň ädimi, gybatkeşiň howsalasy, galpyň sypaty, otuzyň ýarysy, dokuň habary (dokuň açdan habary ýok), garrynyň guwanjy.

7.Aýyklaýan işliklerden (iş atlaryndan, ortak işliklerden we ş.m) bolanda, atlar eýelik düşümiň goşulmaly şekilinde ulanylýarlar. Meselem:

Guşuň uçuşy, mugallymyň okadyşy, talybyň okaýşy, okuwçynyň diňlemegi, Öweziň öýleneni, Orsgeldiniň sögüşýäni...

8.Aýyklanýan sanlardan, san çalyşmalaryndan, sypatlardan bolup, eýelik düşümden aňlanylýan düşünje san we hil taýdan anyklanýan, aýratynlanýan ýagdaýda atlar eýelik düşümiň goşulmaly şekilinde ulanylýarlar. Meselem:

8.Aýyklanýan sanlardan, san çalyşmalaryndan, sypatlardan bolup, eýelik düşümden aňlanylýan düşünje san we hil taýdan anyklanýan, aýratynlanýan ýagdaýda atlar eýelik düşümiň goşulmaly şekilinde ulanylýarlar. Meselem: