• Sonuç bulunamadı

GEÇIRMEÝÄN IŞLIKDEN GEÇIRÝÄN IŞLIK ÝASAÝAN GOŞULMALAR Türkmen dilindäki işlikleriň birnäçeleri geçirýän işlikler hasaplanýar diýip öň aýdypdyk

Emma başga bir topary işiň netijesini geçirmeýär. Olardan aşakdaky goşulmalaryň kömegi bilen geçirýän işlik ýasamak mümkin.

–ar/ –er. Bu goşulma, köplenç, bir bogunly sözlere goşulýar. Meselem:

Çyk – çykar, gop—gopar, çök—çöker.

–dar/ –der. Bir bogunly sözlere goşulýar. Meselem:

Ag―agdar, dön―dönder.

–dyr/–dir/–dur/–dür. Bu goşulma hem bir bogunly sözlere goşulyp, beýlekilere garanda, birneme işjeňräkdir. Meselem:

133

Dol— dol-dur, gir—gir–dir, gül—gül-dür we ş. m.

Şu goşulmanyň –yz/–iz bilen çalşyrylýan ýerine-de duş gelmek bolýar. Meselem: ak—akdyr

―akyz, gir-girdir –gi-riz we ş. m.

-yr/-ir/-ur/-ür. Bu goşulma hem bir bogunly sözlere goşulyp, geçirýän işlik döretmek hyzmatyny has işeňňir suratda ýerine ýetirip, -dyr/-dir/-dur/-dür şekiliniň birinji çekimsiziniň düşüp galmagyndan döräpdir. Meselem:

Ýat—ýat-yr, doý—doý-ur—doýur, öç—öç-ür, uç—uç-ur, geç-geç-ir, düş—düş-ür we ş.m.

-yz/-iz/-uz/-üz. Munuň ýasaýjylyk hyzmaty işjeň däl, özi-de bir bogunly sözlere goşulýar.

Meselem:

Gork — gorkuz, ürk—ürküz ir – iriz, we ş. m.

-t köp bogunly işliklere goşulyp, geçirýän işlik ýasamakda işjeň gatnaşýar. Meselem:

Otur—oturt, tüte—tütet, agar-agart, ýöre—ýöret we ş. m.

-yt. Öli goşulmalardan biridir. Meselem: ak—akyt.

IŞLIKDEN IŞLIK ÝASALYŞY

Işlikler diňe beýleki söz toparlaryndan ýasalmak bilen çäklenmän, işligiň özünden, ýagny onuň asyl we ýasama görnüşlerinden hem ýasalýar. Many taýyndan bolsa bu topar ýasama işlikler hereket prosesiniň dürli aýratynlyklaryny (gymyldynyň gaýtalanyşyny, dowamlylygyny, gutarmaga ýakynlaşýanyny, habar bolup gelen ýasama işlik bilen eýe arasyndaky gatnaşyklary we ş.m) aňladýar67.)

Işlikden işlik ýasaýan goşulmalary ýasalan sözüň manysy boýunça, dürli manyda ulanylýan işlik ýasaýjylar we dereje ýasaýjylar diýen iki topara bölmek bolar.

Dürli manylarda ulanylýan işlik ýasaýjylar

Bu topara degişli ýasaýjy goşulmalar kähalatlarda dereje ýasaýjy goşulmalar bilen hem goşulyşýarlar. Bulary-da özara aşakdaky görnüşlere bölmek mümkin:

1.Gymyldynyň köpçülikleýin ýüze çykýandygyny görkezýänler. Bu hili işlikler esasan geçirmeýän işliklerden -yş, –iş, –uş, –üş, –ş goşulmasynyň goşulmagy bilen ýasalyp, many taýyndan ýasalan işlik köpçülikleýin ýüze çykarylýan gymyldyny aňladýar. Sözlemde ýokarky goşulmanyň kömegi bilen ýasalan işlikden emele gelen habara baglanýan eýe birden artyk bolýar, habar bolsa köplenç köplük sanda gelýär. Meselem:

Ýygnan—ýygnan-yş-mak. Adamlar ýygnanyşdylar.

Daga—daga-ş-mak. Ýygnakdan soň dagaşdyk.

Gel—gel-iş-mek. Okuwçylar gelişdiler.

Uç-uç-uş-mak. Guşlar uçuşýarlar.

Gül—gül-üş-mek. Çagalar gülüşdiler.

67 Seret: H. Baýlyýew, Häzirki türkmen diliniň grammatikasynyň gysgaça kursy, Aşgabat, 1948.

134

Ýokarky mysallardan görnüşi ýaly, şu hili ýasama işliklerde köpçülikleýin ýüze çykýan gymyldyny aňlatmak bilen birlikde, şol gymyldynyň bir wagtda, yzly-yzlyrak, birbada bolmaklyk ýokundysy hem bar.

2.Gymyldynyň köp gezek gaýtalanýanyny gorkezýän işlik ýasaýjylar. Bu topar ýasama işlikler –yşdyr/–işdir/–uşdyr/-üşdir/–şdyr/–şdir ýaly çylşyrymly goşulmanyň goşulmagy bilen geçirýän işliklerden ýasalyp, bir işiň ýerine ýetirilmegi üçin hereketiň birnäçe gezek gaýtalanýandygyny aňladýar.

Ýokarky goşulmanyň görnüşlerinden –yşdyr/–işdir soňy çekimsiz sese gutaran işliklere, – şdyr/-şdir bolsa soňy çekimli bilen gutarýan işliklere, –uşdyr/-üşdir hem bir bogunly dodak çekimlili işliklere goşulýar. Meselem:

Ýygna—ýygna-şdyr-mak. Okuwçylaryň depderlerini ýygnaşdyr.

Gaz—gaz-yşdyr-mak. Şu ýerleri gazyşdyr.

Aýt—aýd-yşdyr-mak. Adamlara aýdyşdyr.

Ber—ber-işdir-mek. Şu galamlary berişdir.

Ýuw—ýuw-uşdyr-mak. Tabaklary ýuwuşdyr.

Kes—kes-işdir-mek. Gawuny kesişdir.

Döw―döw-üşdir-mek. Odunlary döwüşdiriň.

Şu goşulmany taşlap, depderleri ýygna diýmek hem bolýar, emma şeýle bolanda, ýygnamak gymyldysynyň birbada bolup gutarjakdygy göz öňüne getirilýär. Eger-de biz depderleri ýygnaşdyr diýsek, ýygnamak gymyldysynyň birnäçe gezek dowam etjekdigi aňlanylýar.

Bulardan başga-da –ala, –ele, -la, –le goşulmalarynyň kömegi bilen basmak—basalamak, depmek—depelemek, sepmek—sepelemek, gorjamak—gorjalamak ýaly işlik ýasalýar. Many taýyndan, esasan gymyldynyň köp gezek gaýtalanýandygy aňlanýar.

3.Gymyldynyň gutarmaga ýakynlaşýanyny görkezýän işlik ýasaýjylar. Bu topar ýasama işlikler köplenç geçirýän we azrak mukdarda hem geçirmeýän işliklere –aňkyrla, –eňkirle ýaly çylşyrymly goşulmanyň goşulmagy bilen emele gelýär. Ýokarky goşulma soňy çekimsiz işliklere goşulyp, ýasama işlik bolsa many taýyndan bir gymyldynyň bütinleý gutarmandygyny, soňky nokada ýakynlaşandygyny bildirýär. Meselem:

Gutar-gutar-aňkyrla-mak. Biz işi gutaraňkyrladyk.

Ýet—ýet-eňkirle-mek. Oraz Çarynyň yzyndan ýeteňkirledi.

4.Subýektsiz işlik ýasaýjylar. Subýektsiz işlikler geçirmeýän işlikleriň soňuna –yl/ –il/–ul/- ül/–l goşulmasynyň goşulmagy bilen ýasalýar. Many taýyndan bu hili ýasama işlikler adat, dessur, düzgün boýunça belli bir wagtda, belli bir ýerde umumy bolýan gymyldyny aňladýar. Özüniň morfologik aýratynlygy boýunça sözlemde hemişe üçünji ýöňkemäniň birlik sanynda ulanylýar.

Sintaktik aýratynlygy boýunça bolsa eýesiz sözlemiň habaryny emele getirýär. Meselem:

Çyk—çyk-yl-mak. Mart aýynda ekiş meýdanyna çykylýar.

Git—gid-il-mek. Iýun aýynda gezelenje gidilýär.

Tur—tur-ul-mak. Iş günleri ir turulýar.

IŞLIK DEREJELERI

135

Işlik derejeleri hem işlikden işlik ýasalyşynyň bir görnüşi bolup, gymyldynyň eýesi bilen obýektiniň arasyndaky gatnaşyklary görkezýär. Bu hili gatnaşyklar bolsa işliklere has bolan goşulmalar arkaly ýüze çykarylýar. Meselem: Jeren kitaby getirdi. Şu sözlemiň eýesi (Jeren) işlikden emele gelen habardan aňlanylýan gymyldyny işjeň ýerine ýetirýän şahs bolup, gymyldynyň obýektini görkezýän at (kitap) düşüm goşulmasynyň üsti bilen habar bolup gelen işlige baglanýar. Emma Oraz ýuwundy diýsek, bu mysalda eýäni görkezýän şahs (Oraz) gymyldyny ýerine ýetirýän şahs bolmak bilen birlikde, obýekt hem şonuň özi bolup çykýar. Eger-de Gurban odun getirtdi—diýsek, bu sözlemiň eýesi bolup gelen şahs (Gurban) getirmek gymyldysyny ýüze çykarmaga gatnaşman, şonuň islegi ýa-da buýrugy boýunça bu hereketi başga bir şahs ýerine ýetirýär.

Ine, şu mysallardan görnüşi ýaly, işlik derejelerinden emele gelen habaryň subýekt we obýekt bilen bolan gatnaşyklaryny, ol gatnaşyklaryň häsiýetlerini görkezýän işlik derejeleri sözlemiň işjeň ýa-da passiw gurluşda bolmagyna hem täsir edýär. Meselem:

Çary pagta ýygýar (işjeň gurluş).

Gowaça otalýar (passiw gurluş).

Häzirki zaman türkmen dilinde derejeler düýp dereje, şäriklik dereje, ýükletme dereje, gaýdym dereje, özlük dereje diýen toparlara bölünýär68.

Düýp dereje. Hiç hili dereje goşulmalaryny kabul etmedik asyl we ýasama işlikler düýp dereje hasap edilýär. Düýp derejä degişli işlikler sözlemiň obýektine bolan gatnaşygynyň esasynda iki topara bölünýär:

1.Geçirýän işlikler. Bu topara degişli düýp derejedäki işlikden aňlanylýan gymyldynyň prosesi işjeň subýekt tarapyndan ýerine ýetirilip, gymyldynyň netijesi bolsa obýekte gönükdirilen bolýar. Meselem:

Ýygmak. Ata üzüm ýygýar.

Okamak. Meret kitap okaýar.

Tutmak. Sapar balyk tutdy.

Içmek. Ol suw içýär.

Süzmek. Jemal ýag süzýär.

Gözlemek. Okuwçylar kömelek gözleýär.

2.Geçirmeýän işlikler. Bu topara degişli düýp derejedäki işlikden aňlanylýan gymyldynyň prosesi diňe subýekt tarapyndan ýerine ýetirilip, obýekte geçmeýär. Meselem:

Barmak. Sen sagat bäşde ýaşlar ýygnagyna bar.

Turmak. 0raz şu gün ir turdy.

Uklamak. Bibijik uklady.

Gülmek. Çagajyk gülýär.

Begenmek. Biz begendik.

Şäriklik dereje. Şäriklik dereje esasan geçirýän işliklerden –yş/ –iş/ –uş/ –üş/ –ş goşulmasynyň kömegi bilen ýasalýar.

68 Seret: H. Baýlyýew, Häzirki türkmen diliniň grammatikasynyň gysga kursy we B. Çaryýarow, Işlik derejeleri, Aşgabat, 1958.

136

Ýokarky goşulmanyň görnüşlerinden -yş/-iş/-uş/-üş, soňy çekimsiz ses bilen gutarýan işliklere, –ş bolsa soňy çekimli ses bilen gutarýan işliklere goşulýar. Meselem:

Ýyg-yş-mak. Men kakama pagta ýygyşdym .

Sep-iş-mek. Biziň mekdebimiziň okuwçylary pagtanyň zyýanly möjeklerini gyrmak üçin, lukmanlara derman sepişdi.

Tut-uş-mak. Oraz guşçulyk fermasynda Durda towuk tutuşdy.

Sür-üş-mek. Berdi Amana ýer sürüşdi.

Çöple-ş-mek. Sülgün ejesine odun çöpleşdi.

Şäriklik dereje aşakdaky manylarda duş gelýär:

1. Sözlemiň eýesini görkezýän şahsyň başga birine kömek berýändigini aňladýar. Şeýle bolanda, kömek berilýän şahs morfologiýa taýyndan ýöneliş düşümde bolup geçirýän işliklerden ýasalýar. Meselem:

Sapar Amana bugdaý oruşdy.

Biz mekdebe odun getirişdik.

Okuwcylar lukmanlara üzüm ýygyşdylar.

2. Bir gymyldynyň ýaryşmak, güýç synanyşmak maksady bilen edilýändigi görkezilýär.

Subýekt bilen güýç synanyşýan şahsyň adynyň yzyndan bilen sözi getirilip, gymyldynyň bilelikde ýüze çykýandygy aňlanylýar. Meselem:

Meret Ata bilen ýüzüşdi.

Geldi Anna bilen böküşdi.

Şäriklik derejäniň goşulmasy goşulyp ýasalan käbir işlikler iki taraplaýyn bolýan gymyldyny hem aňladýar. Meselem:

Biz mugallym bilen salamlaşdyk.

Gülälek başlyk bilen görüşdi.

Köçede iki sany oglan uruşdy.

Ýükletme dereje. Ýükletme dereje geçirýän işliklerden ýasalýar, many taýyndan gymyldyny pikiriň eýesi bolup gelen şahsyň ýerine ýetirmän, şonuň islegi, buýrugy, ahmal galmagy, osallygy boýunça, başga bir şahsyň ýerine ýetirýändigini aňladýar. Ýükletme dereje –dyr/–dir/–dur/–dür, – t goşulmalarynyň kömegi bilen ýasalyp, bu goşulmalaryň görnüşlerinden –dyr/ –dir çekimsiz sese gutarýan sözlere goşulýar. Meselem:

Gaz-dyr-mak. Biziň daýhan hojalygymyz gumda iki sany guýy gazdyrdy.

Sal-dyr-mak. Mekdebiň bagynyň daşyna haýat saldyrdyk.

Ek-dir-mek. Juma öýüniň ýanynda üzüm ekdirdi.

-dür goşulmasy dodak çekimlisi bolsa bir bogunly işliklere goşulýar. Meselem:

Goş-dur-mak. Baba sygry sürä goşdurdy.

Sür-dür-mek. Direktor mekdebiň tejribe uçastogyny sürdürdi.

–t goşulmasy soňy çekimli ses bilen ýa-da r, l seslerine gutaran iki bogunly işliklere goşulýar.

Akla-t-mak. Sen jaýyňy aklat.

Topla-t-mak. Okuwçylara halk döredijiligine degişli material toplatdyk.

137

Işle-t-mek. Okuwçylary bagda işlet.

Çykar-t-mak. Howludan hapalary çykartdy.

Ýükletme dereje geçirýän işlikden ýasalýar diýipdik. Täsirini geçirmeýän işliklere hem şu goşulmalaryň goşulyp gelýän ýerleri bar. Şeýle bolanda, ol işliklerden geçirýän işlik ýasalýar, ýükletme dereje ýasamak üçin şol goşulma degişli bolan görnüşi ikinji gezek goşulýar. Meselem:

Solmak (geçirmeýän), sol-dur-mak (täsirini geçirýän), sol-dur-t-mak (ýükletme dereje).

Gülmek (geçirmeýän), gül-dür-mek (geçirýän), gül–dür-t-mek (ýükletme dereje).

Eger ýükletme dereje işligiň buýruk şekilinde bolup, ikinji şahsa degişli bolsa, gymyldyny ýerine ýetirýän sözleýän we diňleýän şahs bolman, başga biri bolýar. Meselem:

Sen jaýy aklat.

Ýükletme derejesinden aňlanylýan gymyldyny ýerine ýetirýän şahs sözlemde görkezilmeli bolsa, şol söz ýöneliş düşümde gelýär. Meselem:

Kakam Amana üzüm ýygdyrdy.

Oraz Sapara kerpiç daşatdy.

Eger ýükletme derejede gelen işlik many taýyndan bir ýerden ikinji ýere süýşmegi aňladýan işlik bolup, gymyldyny ýerine ýetirýän şahsy görkezmekden başga-da gymyldynyň gönükdirilen ugry hem görkezilmeli bolsa, bir sözlemde iki sany ýöneliş düşümde gelen söz getirilmeli bolýar.

Meselem:

Agam Myrada öýe odun getirtdi.

Gaýdym dereje. Gaýdym dereje geçirýän işliklerden –yl/ -il/ –ul/ –ül/-l; yn/ –yn/ -un/ –un/

–ün/ –n goşulmalaryň kömegi bilen ýasalýar.

Gaýdym derejede gelen habar bilen baglanyp gelen subýekt gymyldynyň ýüze çykmagyna gatnaşmaýar, ýöne gymyldynyň netijesi şonuň üstüne düşýär. Şeýle bolsa işlige baglanyp, grammatika taýyndan eýe hasaplanýan söz logik taýdan pikiriň obýektini görkezýär. li-de bu hili işlige obýekt görkezmek üçin ýörite söz aňlanmaýar. Başga hili edip aýtsak, käbir sözlemlerde gymyldynyň real eýesi aýyklaýjy hökmünde getirilýär ýa-da düýbünden görkezilmeýär.

Gymyldynyň real obýekti bolsa sözlemiň grammatik eýesi hasaplanýar.

Gaýdym derejäni ýasaýan goşulmalardan –yl/-il/–ül/–l goşulmasy öz soňunda l sesi bolmadyk ýa-da soňy çekimlä gutaryp, şol çekimliden öň l sesi bolmadyk sözlere goşulýar.

Meselem:

Ýyg-yl-mak. Pagta güýçli depgin bilen ýygylýar.

Ber-il-mek. Lukmanlara awans pul berildi.

Gur-ul-mak. Birleşik posýologynyň ortasynda hammam guruldy, Sür-ül-mek. Güýzlük bugdaý ekiljek ýerler sürülýär.

Oka-l-mak. Şu okuw ýylynda biziň mekdebimizde köp edebi kitap okaldy.

Gaýdym derejesiniň –yn/–in/-un/–ün/–n goşulmasy soňy l sesine gutarýan, ýa-da çekimli sese gutaryp, ondan öň l sesi gelýän işliklere goşulýar. Meselem:

Al-yn-mak. Hojalygyň okalgasy üçin kitap alyndy.

138

Dil-in-mek. Şu ýyl biziň obamyzda köp kak dilindi

Böl-ün-mek. Hojalygyň maşynlary iki uçastoga bölündi.

Barla-n-mak. Mekdebiň okuw-terbiýeçilik işleri barlandy

Eger-de şu ýokarda görkezilen gaýdym derejesiniň goşulmasyny aýyrsak, mundaky grammatik eýe bolup gelen sözler sözlemiň obýektine öwrülip, işjeň eýe ýüze çykýar. Meselem:

Mekdebiň okalgasy üçin kitap aldy. Kim aldy?—Ol aldy. Ýokarky goşulmalaryň geçirmeýän işlige goşulmagy hem mümkin. Şeýle bolanda, ol subýektsiz işlik bolup, eýesiz sözlemiň habaryny emele getirýär. Meselem:

Oturylmak. Ýazyna meýdanda oturylýar69 we ş. m.

Özlük dereje. Özlük dereje geçirýän işliklere –yn/-in/-un/-ün/-n goşulmasynyň goşulmagy bilen ýasalyp, aşakdaky manylarda duş gelýär:

1.Gymyldynyň subýektiň özi üçin edilýändigini görkezýänler. Bu topara degişli işlikden aňlanylýan gymylda subýektiň özi gatnaşýar. Gymyldy prosesiniň netijesinde ýüze çykýan obýekt hem subýektiň özüne degişli bolup çykýar. Meselem:

Sal-yn-mak. Gurban jaý salyndy.

Ed-in-mek. Jemal jorap edindi.

Şeýle bolanda, sözlemde obýekt görkezýän sözüň bolmagy hem şert.

Ýokarky mysallardaky –yn/–in goşulmasyny taşlap, onuň deregine ýöneliş düşümde gelen öz sözüni getirsek hem, sözlemiň manysyna zyýan ýetmeýär.

Meselem:

Gözel köýnek tikindi.

Gözel özüne köýnek tikdi.

2. Gymyldynyň subýektiň öz üstünde, özi tarapyndan bolýandygyny görkezýär.

Özlük derejesinde gelen bu topar işlikler gymyldy prosesiniň eýesiniň özi tarapyndan ýüze çykarylýandygyny we şol gymyldynyň bolsa hut subýektiň öz üstünde bolýandygyny görkezýär.

Bu toparyň birinji topardan tapawudy—munda obýekt görkezýän ýeňiş düşümde söz gelmeýär, çünki munda eýe bolup gelen söz hem subýekti, hem obýekti görkezýär. Başga hili edip aýtsak, gymyldy subýekt tarapyndan ýerine ýetirilýär we şonuň öz üstünde bolup gutarýar.

Bu topara degişli goşulmalar hem birinji topardakylar bilen bir meňzeş bolup, köplenç özi diýen gaýdym çalyşmasynyň manysyna ýakyn bolýar. Şeýle bolanda, gaýdym çalyşmasy ýeňiş düşümde getirilýär. Meselem:

Sakla-n-mak― özüni saklamak.

Beze-n-mek—özüni bezemek.

Silk-in-mek—özüni silkmek.

Öwün–mek―özüni öwmek.

Goşma işlik

69 Bu hakda :”Subýektsiz işlik ýasaýjylar” diýen ýere serediň.

139

Goşma işlik iki ýa-da ondan artyk sözleriň birleşip semantika we grammatika taýyndan bir bütewilik aňlatmagyndan emele gelýär. Goşma işligiň düzümindäki sözleriň her biri aýry-aýry sintaktik hyzmatny ýerine ýetirip bir intonasiýada aýdylýar. Goşma işligiň sözlemde aňladýan manysy onuň düzümindäki sözleriň aýratynlykdaky manylarynyň jemine barabar bolman, şol sözleriň biriniň esasy, ikinjisiniň bolsa kömekçi hyzmatynda gelmeginden aňlanylýan manysyna barabardyr. Meselem:

Begenjiň sözi başlygy oýlanmaga mejbur etdi (B.K., „A‖).

Aýsoltan kitap okamaga meýil etdi (B. K. „A.")

Begenç ýumrugy bilen stoly tyrkyldadyp, Potda duýduryş berdi (B. K., „A".).

Myrat aladaly pikir bilen Mergeniň gürrüňine gulak asdy.(A. G.,‖P‖).

Adamlaryň hemmesi meýdana ýygnanan badyna, Ylýas Töräniň oba aralaşmagy märekäni geň galdyrdy (A.G..‖P‖)

Samolýot kem-käs çaýkap başlady (B. K., „A‖).

Ine ýokarda görkezilen mysallardaky mejbur etdi, meýil etdi, duýduryş berdi, gulak asdy, geň galdyrdy, çaýkap başlady ýaly söz birikmeleriniň düzümindäki sözleriň ikisi birlikde bir hyzmatny ýerine ýetirýär.

Goşma işligi emele getirýän sözleriň esasy many aňladýanyna esasy söz we ondan soň gelip, köplenç göçme manyda ulanylýanyna bolsa kömekçi işlik diýilýär. Meselem:

...ol ys ony beýhuş etdi (B. K., „A‖).

Akjagül gamly agyr ýagdaýda gün geçirýärdi (A.G.‖P‖)

Ýokarky mysallarda getirilen beýhuş, gün sözleri goşma işlikde esasy söz hasaplansa, etdi, geçirýärdi sözleri kömekçi işlik hyzmatyny ýerine ýetirýärler.

Şu mysallardan görnüşi ýaly, goşma işligiň esasy sözi atlardan, sypatlardan, işliklerden bolýan bolsa, kömekçi söz azrak mukdardaky işliklerden bolýar we şol sözler işlikler kategoriýasyna degişli bolan dürli goşulmalary kabul etmek bilen, işliklere has bolan aýratynlyklar şol kömekçi sözlerde ýüze çykýar.

Esasy sözüň isimlere ýa-da işliklere degişli bolup gelmeklerine garap, goşma işlikler iki topara bölünýär, ýagny esasy sözi işliklerden bolmadyk goşma işlikler we esasy sözi işliklerden bolan goşma işlikler.

1.Esasy sözi işliklerden bolmadyk goşma işlikler. Bu topar goşma işlikler esasy sözleriniň ýeke özlerini alanda, gymyldy aňlatmaýan sözler bolup, morfolologik ýol bilen şolardan işlik ýasamak mümkin bolmadyk ýagdaýda ýüze çykýar.

Meselem:

... men hem şu töwereklere garawulçylyk edeýin (A.D., ―S.e‖,).

Ýagdaýy boldukça ýygy-ýygydan görüşmegi Artyk Aýnadan, Aýna Artykdan haýyş etdi (B.

K,, „A. ä.").

Kulynyň bu aýdanlary Näzik ejäniň ýüregine jüňk boldy. (A. D„ „S. e.").

Ýokardaky mysallarda getirilen goşma işlikleriň esasy sözlerıni alsak, bularyň hiç birinde hem işlik nyşany ýok, mundan başga-da bu sözlerden morfologik ýol bilen işlik ýasamak mümkin däl. Ine şeýle bolanda, kömekçi işlikleriň getirilmegi bilen bulardan hem işlik ýasamak mümkin.

140

Şu topara degişli işliklerde has işjeň ulanylýan kömekçi işlikleriň biri-de etmek işligidir. Bu işlik öz asyl manysy boýunça bejermek, ýasamak, ýaratmak ýaly düşünjeleri aňlatsa-da, kömekçi işlik hyzmatynda örän köp duş gelýär.

XVIII-XIX asyr türkmen edebiýatynyň eserleriniň dilinde etmek işligi bilen bir hatarda eýlemek, kylmak işlikleri-de edil şu manyda ulanylypdyr. Meselem:

Aşyklyk barçany haýran eýleýir (Mn., „Z. T,‖) Köňül arzuw eýlär, Watanym seni (Z.).

Yhlas birle doga kyldy goçaklar (S.).

Şa babam, arzymny beýan kylaýyn (Mn., „Z. T.")

Häzirki zaman türkmen dilinde eýlemek, kylmak kömekçi işlikleri arhaizmleşip, köne edebiýatda bolaýmasa başga ýagdaýlarda esasan ulanylmaýar.

Indi şu topar goşma işliklerde ulanylýan kömekçi işlikleriň üstünde aýry-aýry durup geçeliň.

Etmek. Bu işlik öz asyl manysynda geçirýän işlikler toparyna girýär. Şonuň üçin muňa baglanyp gelen atlar sözlemiň obýekti şekilinde duýulýar. Etmek kömekçi işligi hakyky türkmen sözlerine we türkmen diliniň sözlük düzümine beýleki dillerden giren sözlere baglanyp, köp sanly goşma işlik emele getirýär. Meselem:

Gozgalaň etmek, galmagal etmek, geleňsizlik etmek, başlyklyk etmek, çak etmek, güman etmek, inkär etmek, esewan etmek, meýil etmek, dowam etmek, habar etmek, hüjüm etmek, çalym etmek, jar etmek, haýyş etmek, tankyt etmek, synag etmek, kabul etmek, remont etmek we ş.m.

Ýokarky getirilen mysallardan görnüşi ýaly, etmek kömekçi işliginiň gerimi örän giňdir. Şu kömekçi işlik bilen bir müňe golaý söz ulanylýar.

Etmek kömekçi işligi bilen emele gelen goşma işlikler aşakdaky manylarda duş gelýär:

1.Kesp-kär bildirýän sözler bilen gelende, at bilen kömekçi işlik ikisi birlikde bir kär bilen meşgullanmagy aňladýar. Meselem:

...Men hem Gurban bilen şu töwereklerde garawulçylyk edeýin (A.D.,S.e.").

Aman köp ýyllardan bäri mugallymçylyk edýär.

2.Gylyk-häsiýet görkezýän sözler bilen gelende, ikisi birlikde sözlemiň eýesi nde şeýle häsiýetiň bardygyny aňladýar. Meselem:

...Wüşi kel batyrlyk edýärdi (A. G., „K. e).

Men ol gelene ýagşylyk etmegiň deregine, näçe ýalbarsa-da, gulak asman naýynsaplyk etdim (A.S., „S.e.").

Şu topara ýamanlyk etmek, ýagşylyk etmek, ýeňilkellelik etmek, garagolluk etmek, bezzatlyk etmek, geleňsizlik etmek ýaly sözler hem girýär.

3.Bu kömekçi işlik abstrakt many anladýan köp sanly türkmen sözlerine we türkmen diliniň sözlük düzümine beýleki halklaryň dillerinden giren sözlere baglanyp hem goşma işlik emele getirýär. Many taýyndan ýasalan goşma işlik hem abstrakt düşünje aňladýar. Meselem:

Umsagül elinde aýlap oturan käsesini gyssanmaç owurtlap, sözüni dowam etdi (B. K.,

Umsagül elinde aýlap oturan käsesini gyssanmaç owurtlap, sözüni dowam etdi (B. K.,