• Sonuç bulunamadı

Oňa Medine örän şatlandy, begendi. Onuň

N/A
N/A
Protected

Academic year: 2022

Share "Oňa Medine örän şatlandy, begendi. Onuň"

Copied!
9
0
0

Yükleniyor.... (view fulltext now)

Tam metin

(1)
(2)

Ç agalaryň söýgüli pasly bolan tomus hem gelip ýetdi. Şonda Medinäniň ejesi we kakasy ony oba — babasy bilen mamasynyňka myhmançylyga iberdiler.

O ňa Medine örän şatlandy, begendi. Onuň

ol ýerde şeýle bir işi köp boldy welin, hat-

da Medinäniň içini gysdyrmagada eli degmedi.

(3)

O ba oňa diýseň örän ýarady. Günler täsirli we gyzykly, şadyýan geçýärdi. Babasy nirä gitse-de Medinede onuň ýanyndady. Babasy oňa elmydama

geň wakalary gürrüň berýärdi.

Bir iş etmeli bolsa-da, ony

ikisi bileje ýerine ýetirýärdiler.

Bilelikde aýdym hem

aýdýardylar. Olar bilelikde saryja günebakarlary we kiçijik guzujyklary sanardylar. Babasy bilen mellekden pomidordyr hyýar ýygnardy. Soňra ony mamasyna eltip berýärdiler.

Mamasy bolsa olardan tagamly

(4)

B

ir gezek ir säherde Medine we babasy balyk tutmaga gidermen boldular. Babasy oňa kiçijik wyzlap duran çirkeýi görkezip:

— Bilýärmiň, bu näme? — diýip, sorady.

Medine çyny bilen güldi. Elbetde, ol onuň çybyndygyny bilýärdi.

Sebäbi Medine eýýäm dört ýaşapdy. Şeýle hem ol çybynlaryň ýakym- syz çakýandygyny, çybyn çakanda welin keýpiniň hem gaçýandygyny bilýärdi.

B

abasy ýylgyrdy-da, gözüni gyrpyp goýberip:

— Mende bir pikir bar! Gel, şu tomusy hiç wagt ýadymyzdan çykmaz ýaly edeli — diýdi:

— O nähili? — diýip, Medine gyzyklandy.

— Biz mamaň bilen az-kem jadygöýdiris — diýip, babasy jogap ber- di. Soňra:

— Çybynlaryň haçan köp bolýan wagtyny sen bilýärmisiň?— diýip, sorady.

— Ir säherde we agşamara — diýip, Medine jogap berdi.

— Gör, sen nähili synçy we akyllyja ekeniň — diýip, babasy ony öwdi.

(5)

-B

u erbet çybynlaryň maňa degmezligi üçin ýene-de näme etmelidigini bilýärin. Maňa ýeňi uzynja, täzeje köýnek gerek — diýip, mamasy eşider ýaly gatyrak aýtdy.

— Sende täzeje köýnek hem bolar — diýip, mamasy ýylgyryp aýtdy we agtyjagynyň gelmegine garaşyp, taýýarlap goýan owadanja köýnegi Medinä berdi. Medine dessine bu täzeje köýnegi geýdi. Ol özüni diýseň örän bagtly duýdy. Ol mamasyny mäkäm gujaklap, taýly gezek ony ogşady. Mamasy gözüni gyrpyp we Medinä týubigi uzadyp:

öne bu entek hemmesi däl! Ine, şu jadyly kremi al!

Çybynlar ondan örän gaty gorkýarlar — diýdi. Medine we babasy jadyly kremden gowuja çaldylar. Hatda Medine babasynyň kellesine krem çalmaga-da kömek etdi. Çünki, babasynyň kellesinde ýekejede saç ýokdy, çybynlar bolsa hemme ýerde uçuşyp ýördüler. Medinäniň özi guwandy, çünki, indi onuň gowy görýän babasyny çybynlar çakyp biljek däldi.

(6)

-I ndi bolsa, balyk tutmaga batyrgaý gidip bolar — diýip, babasy we agtyjagy mamasyna ýüzlendiler. — Ýöne ilki bilen biziň ýene-de käbir zatlary ýerine ýetirmegimiz gerek.

M edine babasy bilen howludaky ähli batgalyga çäge sepip çykdy.

Howluda köp sanly kiçeňräk baýyrjyklar

peýda boldy. Medine özüni äpet adam

ýaly duýdy we beýik-beýik depelerden

ýeňillik bilen böküp geçýändigini göz

öňüne getirdi. Diýseň örän hezillik

boldy.

(7)

S oňra olar öz söýgüli aýdymyny aýdyp, balyk

tutmaga ýola düşdüler. Balyk tutmak örän

gyzykly boldy. Sebäbi ýekeje çybyn hem olary

çakyp bilmedi. Medine we babasy ullakan üç sany

balyk tutdular. Indi olary mamasy öwer. Üstesine-de

tagamly agşamlyk nahar hem bolar.

(8)

A

gşamlyk nahardan soň, olaryň hemmesi peşehanaly top- çanda gyşardylar we özlerini ýüzüp barýan ak ýelkenli uly gäminiň üstünde gaýyp barýan ýaly duýdular. Olar şu deňizde tä ertir sähere çenli ýüzerler. Ýekeje-de çybyn olaryň gämisine girip bilmez.

Medinäniň babasy we mamasy basym uka gitdiler. Medine bolsa ýyldyzly asmana seredip, haçan ýyldyzlaryň biri sünerkä diýip garaşyp ýatdy. Ol hökman ýene-de babasy we mamasy bilen tomus paslyny bilelikde geçirmäge hyýal etdi.

Suratlary çeken: Şemşat Rejebowa Suratlary çeken: Şemşat Rejebowa

(9)

Hormatly ene-atalar we terbiýeçiler!

Bu kitapça 0-7 ýaşa çenli çagalara, ene-atalara hem-de Türkmenistandaky çaga howandarlaryna we terbiýeçilere degişli täze maglumatlaryň biri bolup durýar. Kitapdaky berilýän ähli wakalar siziň çagalaryňyzyň ilkinji ýyllaryny jadyly dünýä aralaşmagyna ýardam eder. Siz şu kitap bilen tanyş bolanyňyzdan soň, çagalaryňyz bilen geçirýän wagtyňyzyň ýönekeý hereketler arkaly hem bolsa, çagaňyzyň sagdyn bolmagyna, durmuşda özüni ynamly alyp barmagyna ýardam berjekdigine göz ýetirersiňiz.

Size hödürlenýän bu kitapçada adama howp salýan ýokanç keselleriň biri bolup durýan gyzzyrma keseli barada gürrüň berilýär.Türkmenistan döwletimizem bu ýokanç kesel barada uly işler geçirýär we düýbinden ýok etmegiň çäreleri ýerine ýetirýär.

Bu kitapçada Medinäniň söýgüli pasly bolan tomus hem gelip ýetdi we ol baba-mamasynyň ýanyna oba gitdi. Ýönekeý durmuş wakanyň üsti bilen adamlara howp salýan keseliň-gyzzyrmanyň hakyky edilmeli öňüni alyş çäreler görkezilýär. Gyzzyrma keseliniň öňüni alyş çäreleriň zerurdygyny, çagalarymyzyň aňynda ir döwürden galmagyny bu kitapçada ýönekeý sözler bilen hödürlenýär.

Hormatly ata-eneler we terbiýeçiler! Biziň taýýarlan işimiz size körpeleri ösdürip-ulaltmakda we terbiýelemekde ýardam

Referanslar

Benzer Belgeler

Şekil 2.3 de Turboşarj kısımlarının (kompresör, türbin, ara soğutucu, motor) aynı anda çalışması ve programa verilen değerlerin her kısımda oluşturduğu verimler ve

51 İsimlerin müennes, müsennâ ve cemî vezinleri hakkında daha önceden verilen bilgiler ism-i fâil için de geçerlidir.. Ayrıca ism-i fâil için kullanılan bazı cem-i

20.yUzyihn en etkili ressamlarindan biri olan Henri Matisse 31 Aralik 1869 tarihinde Fransa'nrn kuzeyindeki Cateau-Cambresis'de dUnyaya geldi. Hukuk ögrenimi gördU. 20 yaindayken

gördürülmesinde hizmet, (a)kamu idaresi tarafından doğrudan doğruya görülebilir (b) hizmetten sorumlu kamu idaresinin kurduğu diğer kamu tüzel kişisi

illâ biz yemin ederiz ki, şirketmedik demekten ibaret oldu. Azabı görünce dünyadaki hatalarının neticesi hatalarından tebrieye sa'y etmekten başka birşey

AYRICA FATURALARIMI ÖDEMEK ÇN ÜAMESON'A YETER KADAR ÖRÜMCEK ADAM

li ve temiz enerji ile Türkiye’ye güç ve ivme kazandıracak bir yatırım olarak hayata ge- çirdik” diyen Cemal Kalyoncu, Türkiye’nin ilk yerli güneş paneli fabrikası

Onuň hakyky sypatlarydyr, nähili diýmeli däldir, Onuň eli gudraty, ýa-da nygmaty diýilmez, şeýle diýmek ol sypaty batyl etmekdir,bu bolsa kadariý we mugtazile