• Sonuç bulunamadı

TÜRKMENISTANYŇ FUTBOL FEDERASIÝASYNYŇ

N/A
N/A
Protected

Academic year: 2022

Share "TÜRKMENISTANYŇ FUTBOL FEDERASIÝASYNYŇ"

Copied!
34
0
0

Yükleniyor.... (view fulltext now)

Tam metin

(1)

Tertipnama girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar 2008-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň nobatdan daşary Konferensiýanyň karary bilen tassyklanyldy

Tertipnama girizilen üýtgetmeler 2012-nji ýylyň 19-njy maýynda nobatdaky Konferensiýanyň karary bilen tassyklanyldy

Tertipnama girizilen üýtgetmeler 2016-njy ýylyň 19-njy maýynda nobatdaky Konferensiýanyň karary bilen tassyklanyldy

Tertipnama girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar 2019-njy ýylyň 16-njy fewralynda nobatdan daşary Konferensiýanyň karary bilen tassyklanyldy

TÜRKMENISTANYŇ FUTBOL FEDERASIÝASYNYŇ TERTIPNAMASY

Aşgabat 2019 ý.

(2)

Adalgalaryň düşündirmesi Tertipnama okalanda aşakdaky düşünjeler şulary aňladýar:

FIFA – Futbol Assosiasiýalaryň Halkara Federasiýasy AFK – Aziýa Futbol Konfederasiýasy

TFF – FIFA tarapyndan ykrar edilen we onuň agzasy bolup durýan Türkmenistanyň Futbol federasiýasy

Liga – TFF tabynlygyndaky gurama.

Sebit gurama – TFF tabyn bolan territorial agzalary.

Konfederasiýa – FIFA tarapyndan ykrar edilen we şol bir kontinente degişli bolan assosiasiýalaryň topary.

Futbol kluby – Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň agzasy.

Wezipeli adamlar – dürli komitetleriň ähli resmi wekilleri we agzalary, buýruk çykaryjylary, türgençileri, eminleri we gözükdirijileri, oýunlardaky resmi

adamlary, FIFA-nyň, AFK-nyň, Assosiasiýanyň, Liganyň ýa-da Futbol klubunyň tehniki, lukmançylyk we administratiw meselelerine jogapkär, TFF-nyň tehniki we lukmançylyk işgärleri, administratiw wezipe sanawyndaky işgärleri.

Oýunçy – Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hasaba alnan futbol oýunçysy.

Konferensiýa – TFF-nyň ýokary dolandyryjy edarasydyr.

Ýerine ýetiriji komitet – Tertipnama laýyklykda döredilen TFF-nyň ýerine ýetiriji edarasydyr.

TFF-nyň agzasy – Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň agzalygyna Konferensiýa tarapyndan kabul edilen edara görnüşindäki tarap.

Futbol – oýnuň kanunlaryna laýyklykda guralan we FIFA hem AFK tarapyndan gözegçilik edilýän oýun.

HFAM – Halkara Futbol Assosiasiýasynyň Müdiriýeti.

SAK – Lozannadaky (Şweýsariýa) Sport Araçy Kazyýeti.

Hemişelik komiteti – Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan döredilen TFF-nyň komiteti.

(3)

Tertipnama – nobatdaky Konferensiýa ýa-da nobatdan daşary Konferensiýa tarapyndan tassyklanylan kadalaşdyryjy düzgünnamalaryň jemi.

Düzgünler, ýagdaýlar we reglament – TFF-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan tassyklanylan düzgünleriň jemi.

MOK – Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti.

(4)

UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Ady, merkezi edarasy, hukuk görnüşi

1.1. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy (mundan beýläk - “TFF”) Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alnan, işi Türkmenistanda futboluň ösdürilmegine we ýaýradylmagyna gönükdirilen täjirçilik däl, jemgyýetçilik guramasy bolup durýar. Futbol Assosiasiýalaryň Halkara Federasiýasynyň (FIFA) agzasy bolup durýar, TFF Türkmenistanda futboly ösdürmek boýunça ygtyýarlyklara eýedir. TFF Türkmenistanyň Konstitusiýasyna,

“Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda”, “Bedenterbiýe we sport hakynda”,

“Professional sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we şu Tertipnama gollanýar.

1.2. TFF edara görnüşindäki tarap bolup durýar, öz adyndan raýat hukuklaryny edinýär we amala aşyrýar, öz borçlary boýunça emlägi bilen jogap berýär, kazyýetde talapkär we jogapkär bolup çykyş edýär, Türkmenistanyň bank edaralarynda hasaplasyk we beýleki hasaplary açýar. TFF-nyň doly resmi ady görkezilen möhüri, möhürçesi we resmi kagyzlary, baýdaklary, wympelleri, ýadygärlik medallary, alamatlary we kanuny tertipde tassyklanylan beýleki nyşanlary bar.

1.3. TFF-nyň nyşanynyň ýazgysy – futbol pökgüsiniň şekili açyk ýaşyl reňk, şekile esas bolup aşaky tarapynda “TFF” ýazgysy bar. Pökgiň merkezinde toply futbolçynyň şekili we onuň arka tarapynyň çep gapdalynda lenteli atyň heýkeli hem-de şekiliň içki tegeleginde “TÜRKMENISTANYŇ FUTBOL FEDERASIÝASY” diýen ýazgy bar.

1.4. TFF-nyň baýdagy – TFF-nyň alamaty suratlandyrylan açyk ýaşyl matadyr.

1.5. TFF abrewiaturasy:

- türkmen dilinde – TÜRKMENISTANYŇ FUTBOL FEDERASIÝASY;

- rus dilinde – ФЕДЕРАЦИЯ ФУТБОЛА ТУРКМЕНИСТАНА;

- iňlis dilinde – FOOTBALL FEDERATION OF TURKMENISTAN.

1.6. TFF-nyň baýdagy, alamaty we abbrewiaturasy milli we halkara intellektual eýeçiligini goramak boýunça degişli döwlet we halkara edarasynda hasaba alynýar.

1.7. TFF meýletinçilik, aç-açanlyk, agzalarynyň deň hukuklylygy, öz-özüni dolandyrmak esasynda hereket edýär. TFF Futbol Assosiasiýalaryň Halkara Federasiýasynyň (FIFA), Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) Tertipnamalaryny, şeýle hem Olimpiýa hereketiniň ahlak ýörelgelerini, maksatlaryny we weziplerini ykrar edýär we saklaýar. FIFA we AFK-ň tertipnamalarynda görkezilişi ýaly, TFF-nyň garaşsyzlygyny kemsitmezden, TFF öz işini Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti, bedenterbiýe we sport pudagyndaky ýerine ýetiriji Döwlet komiteti bilen ýakyn aragatnaşykda amala aşyryp, türkmen futbolyny ösdürmekde goldaw bermäge taýýar döwlet edaralary we eýeçiligiň görnüşine garamazdan beýleki edaralar bilen hyzmatdaşlyk edip biler.

(5)

1.8. Şu Tertipnamanyň düzgünleri degişli derejede TFF-nyň ähli agzalary üçin hokmanydyr. TFF öz agzalarynyň borçlary boýunça jogap bermeýär. TFF-nyň agzalary TFF-nyň borçlary boýunça jogapkärçilik çekmeýärler.

1.9. TFF-nyň ýolbaşçy edarasynyň ýerleşýän ýeri: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Köpetdag ertaby, Arçabil şaýolunyň 49-njy jaýy.

2-nji madda. TFF-nyň esasy maksatlary we wezipeleri

2.1. TFF-nyň esasy maksatlary we wezipeleri şulardyr:

- Türkmenistanda futboly ösdürmek we ýaýratmak, futbol oýnuny hemişe kämilleşdirmek we ony goldamak, şahsyýetiň ähli taraplaýyn we durnukly ösüşinde, saglygyny berkitmekde, sagdyn ýaşaýyşda futbolyň ornuny ýokarlandyrmak;

- TFF-nyň agzalary tarapyndan FIFA we AFK-ň Tertipnamalarynyň, düzgünleriniň, düzgünnamalarynyň we reglamentiniň, oýnuň düzgünleriniň berk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek;

- ýokary hünär derejeli türgenleri taýýarlamagyň ulgamyny kämilleşdirmek, Türkmenistanyň ýygyndy we klub toparlarynyň halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegini üpjün etmek;

- kanunçylykda bellenen tertipde daşary ýurt döwletleriniň milli futbol federasiýalary, konfederasiýalary, FIFA we AFK bilen halkara sport gatnaşyklaryny ösdürmek we berkitmek.

- TFF-nyň agzalarynyň işini sazlasdyrmak, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak.

2.2. Öz wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, TFF şu ugurlarda iş alyp barýar:

- ýurtda futbolyň, şol sanda zenan futbolynyň, futzalyň, kenarýaka futbolynyň ösuş maksatnamasyny işläp düzmek we ornaşdyrmak;

- türkmen futboluna maýa goýumlaryny çekmek, TFF-nyň maksatlaryny ornaşdyrmagy hasaba almak bilen futbol marketingi pudagynda we işinde halkara tejribesini ulanmak;

- futbol boýunça milli ýaryşlaryň gurluşyny, reglamentlerini we kalendarlaryny tassyklamak we olary saklamaga gözegçilik etmek;

- futbol boýunça Ýeke-täk sport klassifikasiýasynyň kadalaryny we talaplaryny işläp düzmek;

- Türkmenistanyň ýygyndy we klub toparlaryny döretmek we resmi halkara ýaryşlarda olaryň çykyşlaryny üpjün etmek;

- kanunçylykda bellenilen tertipde Türkmenistanyň çägindäki klub we ýygyndy toparlaryň arasyndaky futbol boýunça milli we halkara ýaryşlaryny guramak we geçirmek;

- öz düzüm birliklerine we futbol klublaryna hemmetaraplaýyn kömegini bermek, şol sanda ýaryşlary guramakda, türgençi işgärleri, eminleri taýýarlamakda we täzeden taýýarlamakda, ylmy-usulyýet üpjünçiliginde;

- ýurduň milli we ýygyndy toparlarynda işlemek üçin türgençi işgärlerini we beýleki hünärmenlerini ýygnamagy we ýerli-ýerine goýmagy amala aşyrmak;

(6)

- ýokary halkara derejeli futbolçylary taýýarlamagyň ulgamyny kämilleşdirmek;

- Türkmenistanda klub futbolyny ösdürmek üçin şertleri döretmek;

- türgenleriň, türgençileriň, sport eminleriniň we beýleki hünärmenleriň durmuş taýdan üpjünçiligini goramagy üpjün etmek, futboluň weteranlary hakynda alada etmek;

- türkmen futbolyny sportuň görnüşi, dynç alyş, tomaşa hökmünde görkezmek, ösdürmek, ýaýratmak we ündemek boýunça beýleki meseleleri çözmek.

3-nji madda.TFF-nyň hukuklary

3.1. TFF Tertipnamada görkezilen maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmek üçin kanunçylykda bellenen tertipde şu hereketleri amala aşyrmaga haklydyr:

- öz maksatlary we işi hakyndaky maglumatlary erkin ýaýratmak;

- TFF-nyň garaşsyzlygyny kemsitmän, futboluň ösüşi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça döwlet edaralarynyň kararlaryny kabul etmäge gatnaşyp bilýär;

- kanunçylykda bellenen tertipde we futboly ösdürmek meseleleri boýunça döwlet edaralarynyň kararlaryny işläp düzmek;

- TFF-niň, şeýle hem öz agzalarynyň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wekilçilik etmek we goramak;

- sergileri, sport we beýleki çärelerini, lotereýalary, leksiýalary geçirmek, mahabat-sport işini amala aşyrmak;

- kanunçylykda bellenen tertipde halkara futbol guramalarynda wekilçilik etmek, halkara aragatnaşyklaryny saklamak, bu maksat üçin degişli ylalaşyklary baglaşmak;

- TFF FIFA-nyň we AFK-nyň tertipnamalarynyň talaplaryny ykrar edýän futbol ligalaryna we klublaryň beýleki toparlaryna Türkmenistanyn çägindäki klub toparlarynyň arasyndaky futbol boýunça milli ýaryşlaryny geçirmek hukugyny bermek;

- Tertipnama maksatlaryna ýetmek üçin kanunçylykda bellenen tertipde telekeçilik işini amala aşyrmak, kärhanalary döretmek, şeýle hem telekeçilik işini ýöretmek üçin niýetlenilen emlägi satyn almak;

- futboly ösdürmekdäki hyzmatlary we ýokary gazanan derejeleri üçin

“TFF-nyň hormatly agzasy” adyny dakmak;

- Türkmenistanda geçirilýän futbol ýaryşlarynda HFAM-nyň tassyklan oýnuň kanunlaryny ulanmagy we halal oýnuň ahlak ýörelgelerini saklamagy üpjün etmek;

- TFF-nyň agzalarynyň arasynda olaryň futbol işi bilen baglylykda ýüze çykýan jedellerini çözmek;

- Tertipnamanyň, reglamentleriň, düzgünnamalaryň, buýruklaryň we ýerine ýetirilmegi hökmany bolan TFF-nyň beýleki namalarynyň bozulmagyna ýol beren TFF-nyň agzalaryna temmi bermek;

- TFF-nyň arka durmagyndaky ýaryşlaryň geçirilýän döwründe sport desgalarynyň howpsuzlygyny we tertibini üpjün etmek bilen bagly direktiwalary işläp düzmegi we tassyklamagy üpjün etmek;

(7)

- futboly ösdürmek boýunça döwlet edaralaryna teklipleri bermek, türkmen futbolynyň maliýe, maddy-tehniki we beýleki goldawyny üpjün etmek üçin döwlet maksatnamalaryny işläp düzmäge gatnaşmak;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda futbol klublaryna TFF we AFK tarapyndan geçirilýän futbol ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk berýän ygtyýarnamalary resmileşdirmäge ýardam etmek;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda türgençilere, eminlere, menejerlere, oýunçylaryň agentlerine we işi degişli rugsatnamalary almagy talap edýän beýleki şahslara TFF-nyň, FIFA-nyň we AFK-nyň kadalaryna laýyklykda geçirýän futbol ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk berýän ygtyýarnamalary resmileşdirmäge ýardam etmek;

- FIFA-nyň we AFK-nyň komitetlerindäki iş üçin wekiller boýunça teklipleri girizmek;

- TFF özüniň - Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň adyny ulanmakda aýratyn hukugy bardyr;

- kanunçylykda bellenen tertipde futbol ýaryşlaryny guramak boýunça atlary özbaşdak saýlamaga we kesgitlemäge hukugy bar;

- kanunçylykda bellenen tertipde futbol ýaryşlarynyň geçirilýän ýerinde harytlaryň, hyzmatlaryň we işleriň mahabatyny ýerleşdirmäge hukugy bar;

- kanunçylykda bellenen tertipde futbol ýaryşlarynda ulanylýan sport enjamlaryny, sport egin-eşiklerini, we sport esbaplaryny öndürijileri özbasdak saýlamaga hukugy bar;

-häzirkizaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen futbol ýaryşlaryny ýazgy etmäge we ýaýlyma bermäge hukugy bar;

-futbol boýunça bäsleşik duşuşyklaryny ýazga almaga we wagyz etmäge hukugy bar;

- öz wekilliklerini we şahamçalaryny açmaga hukugy bar.

4-nji madda. TFF-nyň borçlary:

- TFF Türkmenistanyň kanunçylygyny, umumy ykrar edilen ahlak ýörelgelerini we özüniň iş ulgamyna degişli halkara hukuk kadalaryny, şeýle hem şu Tertipnama bilen nazarda tutulan kadalary berjaý etmäge;

- öz emlägini ulanmak hakyndaky hasabaty her ýyl tassyklamaga we görkezilen hasabat bilen tanyşdyrmakda elýeterliligi üpjün etmäge;

- her ýyl hemişe hereket edýän ýolbaş

çy edaranyň hakyky ýerleşýän ýerini, onuň adyny we edara görnüşindäki taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizilýän maglumatlaryň göwrüminde TFF- nyň ýolbaşçylary hakyndaky maglumatlaryny görkezmek bilen, öz işini dowam edýänligi hakynda Türkmenistanyň Adalat ministrligini habarly etmäge;

- Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň talaby boýunça TFF-nyň ýolbaşçy edaralarynyň we wezipeli adamlarynyn kararlaryny, şeýle hem salgyt edaralaryna berilýän maglumatlaryň göwrüminde öz işi hakyndaky ýyllyk we çärýekleýin hasabatlaryny bermäge;

(8)

- bellige alynmaga degişli üýgetmeleri, maglumatlary haýal etmän Türkmenistanyň Adalat Ministirligine bermäge;

- daşary ýurtlaryň tehniki we gaýry kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny Türkmenistanyň Adalat ministirliginde bellige aldyrmaga.

5-nji madda. Bitaraplyk we hukuklary kemsitmezlik

5.1. TFF-da ýurduň, şahsyýetiň ýa-da adamlaryň toparynyň etniki gelip çykyşy, jynsy, dili, dini, syýasat sebäplere ýa-da başga islendik sebäplere görä hukugynyň kemsidilmegi berk gadagan edilýär we FIFA-da agzalygyny togtatmak ýa-da ondan çykarmak ýoly bilen temmi berilýär.

6-njy madda. Dostlukly gatnaşyklara ýardam etmek

6.1. TFF öz agzalarynyň, klublarynyň, wezipeli adamlarynyň we oýunçylarynyň arasyndaky dostlukly gatnasyklara ýardam edýär.

6.2. Futbol oýny bilen meşgul bolan her bir adam ýa-da gurama Tertipnamany, halal oýnuň düzgünlerini we esaslaryny, şeýle hem ynanç, dogruçyllyk we sport ussatlygynyň ahlak ýörelgelerini saklamaga borçludyr.

6.3. TFF TFF-nyň agzalarynyň, klublarynyn, wezipeli adamlarynyň we oýunçylarynyň arasynda ýüze çykyp biljek içerki jedelleri çözmek üçin zerur bolan serişdeleri üpjün edýär.

7-nji madda. Oýunçylar

7.1. Oýunçylaryň hukuk ýagdaýy we olary geçirmek baradaky düzgünnamalar oýunçylaryň hukuk ýagdaýy we olary geçirmek hakyndaky FIFA-nyň hereket edýän düzgünlerine layýklykda, TFF-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan sazlaşdyrylýar.

7.2. Oýunçylar TFF-nyň düzgünlerine laýyklykda hasaba alynýar.

8-nji madda. Oýunlar hakyndaky kanunlar

8.1. TFF we onuň her bir agzasy Halkara Futbol Assosiasiýasynyň Müdiriýeti tarapyndan çap edilen oýunlar hakyndaky Düzgüne laýyklykda oýnaýarlar. Diňe HFAM oýun hakyndaky kanuny kesgitläp we üýtgedip biler.

9-njy madda. Edaralaryň we wezipeli adamlaryň özüni alyp baryşy

9.1. TFF-nyň edaralary we wezipeli adamlary öz işinde FIFA-nyň, AFK-nyň we TFF-nyň tertipnamalaryny, düzgünlerini, direktiwalaryny, kararlaryny we ahlak kanunlaryny saklamalydyrlar.

10-njy madda. Resmi ady

(9)

10.1. Türkmen dili TFF-nyň resmi dilidir. Resmi resminamalar we tekstler bu dilde ýazylýar. Dürli dillerdäki tekstleriň arasynda çaprazlyklar bolan ýagdaýynda türkmen dilinde ýazylan tekste resmi hökmünde seredilýär.

10.2. TFF-nyň Konferensiýasynyň resmi dili türkmen dilidir.

11-nji madda. TFF agzalary kabul etmek, togtatmak we çykarmak

11.1. TFF konferensiýasy agzany kabul etmek, togtatmak we çykarmak hakyndaky meseläni çözýär.

11.2. Eger dalaşgär TFF-nyň talaplaryny ýerine ýetirýän bolsa, agzalyga kabul etmäge hödürlenip biler.

11.3. Agzalyk TFF-dan gidilende ýa-da TFF-nyň düzüminden çykylanda bes edilýär. Agzalygyň ýitirilmegi agzany TFF-nyň ýa-da TFF-nyň beýleki agzalarynyň öňündäki maliýe borçnamalaryndan boşatmaýar, ýöne TTF gatnaşykda ähli hukuklaryndan mahrum bolmagyna getirýär.

12-nji madda. Agzalyga kabul edilmegi

12.1. TTF-ň agzalary şular bolup biler:

- futboluň düzüm birlikleri (kanunçylykda bellenen tertipde bellige alnan jemgyýetçilik guramalary);

- futbol klublary;

- ligalar;

- TFF-nyň, FIFA-nyň we AFK-nyň tertipnamalaryny ykrar edýän, giriş we agzalyk gatançlaryny öz wagtynda töleýän, Türkmenistanyň çäginde futboly onuň ähli görnüşlerinde ýaýbaňlandyrmaga ýardam edýän beýleki guramalar.

12.2. Şahsy adamlar TFF-nyň düzümine şu maddanyň 1-nji bendinde görkezilen guramalaryň agzalygyna resmileşdirilmek arkaly girýärler.

12.3. TFF-nyň agzasy bolmaga isleg bildirýän edara görnüsindäki tarap TFF-nyň Sekretariatyna ýazmaça arza bilen ýüzlenmelidir, ol ýerde şu aşakdaky pursatlar şöhlelenmelidir:

- Tertipnama düzgünnamalaryň, TFF-nyň, FIFA-nyň we AFK-nyň düzgünleriniň we kararlarynyň saklanylýanlygy barada deklarasiýasy we olaryň, şeýle-de hususy agzalary, wezipeli adamlary we oýunçylary tarapyndan hormatlanýanlygynyň kepillendirmeleri;

- TFF-nyň agzalygyna dalaşgäriniň oýun hakyndaky hereket edýän kanuny saklajakdygy barada kepillendirmesi;

- dalaşgäriň TFF-nyň şikaýat we gözegçilik düzgün-tertip komitetlerini we Lozannadak Araçy Kazyýetini (SAK) ykrar edýänliginiň kepillendirmesi;

- dalaşgäriň Türkmenistanyň çäginde ähli resmi ýerli ýaryşlarda oýnajaklygynyň kepillendirmesi;

- Kanuny tertipde gol çekmäge we üçünji taraplar bilen hökmany ylalaşyklary baglaşmaga hukugy bolanlary görkezmek bilen, guramanyň TFF-nyň agzalygyna dalaşgäriniň sanawy;

(10)

- dalaşgäriň diňe öňünden TFF-nyň ýazmaça razylygy bolanda, dostlukly ýaryşlaryny guramak ýa-da olara gatnaşmak boýunça borçlaryny alýandygy barada deklarasiýa;

- Tertipnamanyň nusgasy we guramanyň-dalaşgäriň Türkmenistanyň Edaralaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesi arza hökmany tertipde goşulmalydyr.

12.4. TFF-nyň agzalygyna kabul etmeklik TFF-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hödürlemesi boýunca amala aşyrylýar. TFF-nyň agzalarynyň mejlisine gatnaşýanlardan köp bölegi ses beren bolsa, Konferensiýanyň karary kabul edilen hasaplanýar.

13-nji madda. Haýyş etmegiň we ýüzlenmegiň tertibi

13.1. Kabul etmegiň tertibi TFF-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan makullanan ýörite düzgünler bilen kadalaşdyrylýar.

13.2. Ýerine ýetiriji komitet Konferensiýa dalaşgäri kabul etmek ýa-da kabul etmezlik haýyşy bilen ýüzlenýär. Dalaşgär Konferensiýa ýüzlenmegiň sebäbini görkezip biler.

13.3. Täze agza agzalyga kabul edilen pursatyndan başlap, agzalygyň hukuklaryny we borçlaryny edinýär. Onuň delegatlarynyň saýlama hukugy we dessine saýlanmak hukugy bar.

14-nji madda. TFF-nyň agzalarynyň hukuklary we borçlary

14.1. TFF-nyň agzalarynyň hukugy:

- TFF-nyň ýolbaşçy edarasynyň düzümine saýlamaga we saýlanmaga;

- TFF-nyň, komitetleriň, toparlaryň we TFF-nyň işçi toparlarynyň ýolbaşçy edaralarynyň wezipelerine dalaşgärleri teklip etmäge;

- Her Konferensiýanyň gün tertibini öňünden bilmäge, Konferensiýanyň geçirilmeli ýeri we wagty hakynda öňünden habarly edilmäge, Konferensiýanyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça ses bermäge;

- anyk ýagdaýlarda Konferensiýanyň nobatdan daşary çagyrylmagyny talap etmäge;

- TFF tarapyndan geçirilýän futbol ýaryşlaryna we beýleki çärelerine gatnaşmaga;

- TFF-nyň işiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, TFF-nyň ýolbaşçy edaralarynyň garamagyna şeýle edaralaryň ygtyýarlygyna girýän TFF-nyň meseleleri boýunça tekliplerini seretmek üçin girizmäge;

- TFF-dan TFF-nyň işiniň ähli ugurlary boýunça zerur maglumatlary, agzalaryň hukuk ýagdaýy, halkara gatnaşyklaryny amala aşyrmak, futbol boýunça ýaryşlaryny guramak bilen bagly meseleleri çözmekde usulyýet we beýleki kömekleri almaga;

- TFF-nyň düzüminden çykmaga;

- Tertipnamadan we TFF-nyň düzgünlerinden gelip çykýan beýleki hukuklaryny amala aşyrmaga. Şunuň bilen birlikde bu hukuklary ýöretmek şu Tertipnamanyň beýleki düzgünlerine we hereket edýän kadalara tabyndyr.

14.2. TFF-nyň agzalary borçludyr:

(11)

- TFF-nyň işine işjeň gatnaşmaga, şu Tertipnama bilen kesgitlenilen maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmekde ýardam etmäge we onuň direktiw edaralarynyň dolandyrylmagyny üpjün etmäge;

- Tertipnamany saklamaga, FIFA-nyň we AFK-nyň, TFF-nyň Konferensiýasynyň kararlaryny, TFF-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň buýruklaryny we görkezmelerini ýerine ýetirmäge;

- HFAM-da aýdylyp geçilen oýun hakyndaky Kanunlary hormatlamaga we kanuny düzunnamalaryň üsti bilen onuň agzalar tarapyndan hormatlanmagyny üpjün etmäge;

- özüni ýa-da agzalarynyň birini çekmek bilen we FIFA, AFK, TFF-nyň Tertipnamasyna, düzgünlerine, direktiwalaryna we kararlaryna degişli sport Araçylygyny talap edýän islendik jedel hakyndaky TFF-nyň maddasyny gürrünsiz saklamak, FIFA-nyň, AFK-nyň, TFF-nyň gözegçilik düzgün-tertip we şikaýat komitetleriniň degişli araçy kazyýetleriniň aýratyn ýurisdiksiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar;

- islendik beýleki agzany TFF-nyň bir bölegi hökmünde ykrar etmäge;

- Ýerine ýetiriji komitet bilen kesgitlenilen tertipde giriş we agzalyk gatançlaryny tölemäge;

- TFF-nyň dolandyryş edaralarynyň talaby boýunça öz işi hakyndaky maglumaty bermäge;

- FIFA, AFK tarapyndan ykrar edilmedik, TFF tarapyndan agzalygy wagtlaýyn togtadylan futbol guramalary bilen sport aragatnaşyklaryndan saklanmaga;

- TFF-nyň mümkinçiliklerinin çäklerinde ýaryşlary guramaga;

- TFF bilen ylalasyksyz sebit birleşiklerini döretmezlige;

- agzalaryň sanawyny ýöretmäge we ony hemişe täzelemäge;

- TFF gatnaşykda ähli maliýe borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmäge, TFF-i hukuk salgysynyň we ýolbasçy edaralaryň duzüminiň islendik üýtgemesi barada öz wagtynda habarly etmäge;

- TFF we onuň agzlaryna zyýan ýetirip biljek hereketlere ýol bermezlige;

- TFF-nyň agzasy tarapyndan ýokarda görkezilen borçlaryň bozulmagy şu Tertipnama bilen nazarda tutulan temmilere getirip biler.

15-nji madda. TFF-da agzalygy togtatmak we agzalykdan çykarmak

15.1. TFF-daky agzalyk TFF-nyň agzasynyň borçlarynyň dowamly bozulmalary sebäpli, TFF-nyň Konferensiýasy tarapyndan wagtlaýyn togtadylyp bilner, şunuň bilen birlikde, eger-de TFF-nyň Ýerine ýetiriji komiteti onuň dowamlylygyny artdyrmasa, togtatmaklyk indiki Konferensiýa çenli dowam edýär.

15.2. Togtatmaklyk hakyky sesleriň 2/3 bölegini düzýän sesleriň köplügi bilen geljekki Konferensiýada tassyklanýar. Eger bu tassyklanylmasa, togtatmaklyk ýatyrylýar.

15.3. TFF-da agzalygy togtadylan agza agzanyň ähli hukugyny ýitirýär.

TFF-nyň beýleki agzalary agzalygy togtadylan agza bilen sport aragatnaşygyny saklap bilmezler.

(12)

15.4. TFF-nyň sport çärelerine 2 ýylyň dowamynda gatnaşmaýan agzalaryň agzalygy Konferensiýada togtadylýar we olar muňa gatnaşykda öz borçlaryny ýerine ýetirýänçäler, onuň wekilleri saýlanylmaýar we bellenilmeýär.

15.5. TFF-nyň agzasy şu esaslarda guramadan çykarylyp bilner:

- şu Tertipnamada nazarda tutulan TFF-nyň agzasynyň borçlaryny yzygiderli ýerine ýetirmese ýa-da degişli görnüşde ýerine ýetirmese;

- maddy zyýanlary ýetirýän ýa-da onuň işjeň abraýyna zeper ýetirýän hereketleri amala aşyrsa;

- FIFA-nyň, AFK-nyň we TFF-nyň Tertipnamalaryny, düzgünlerini, direktiwalaryny ýa-da kararlaryny gödek bozanda.

15.6. Agzany TFF-nyň agzalygyndan çykarmak baradaky karar TFF-nyň Konferensiýasynda kabul edilýär. Kanuny çykarmak üçin Konferensiýada ses bermäge hukugy bolan agzalaryň (50%+1) köplüginiň bolmagy zerurdyr.

Çykarmak üçin delil hakyky sesleriň dörtden üç (3/4) bölegini düzýän sesleriň köplügi bilen tassyklanylmalydyr.

16-njy madda. TFF-nyň agzalarynyň düzümden çykmagy

16.1. Azga TFF-nyň düzüminden meýletin çykan ýagdaýynda, senenama ýylynyň gutarmagyndan 3 aýdan gijä galman çykýan agzanyň TFF-nyň Sekretariatyna ýazmaça arza bermeginiň esasynda TFF-nyň agzalygy bes edilýär.

16.2. Eger habar beriji hatyň iberilmeginden soň, 90 (togsan) senenama günüň tamamlanmagy bilen TFF-nyň Sekretariatyndan jogap gelmedik bolsa, gatnaşyjy TFF-nyň düzüminden çykarylan hasaplanar.

16.3. Çykmak barada habar bermäni alandan soň, TFF-nyň sekretariaty agza tarapyndan TFF gatnaşykda ähli maliýe we beýleki borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin ähli zerur çärelerini görmelidir.

17-nji madda. TFF-nyň agzalary bolup durýan futbol guramalarynyň, liganyň, futbol klublarynyn we beýleki guramalaryň hukuk ýagdaýy

17.1. TFF birikdirilen klublar, ligalar TFF-a tabyndyrlar. Şu Tertipnama bu klublaryň we toparlaryň ygtyýarlyklarynyň, hukuklarnyň we borçlarynyň derejesini kesgitleýär.

17.2. TFF birikdirilen klublar ýa-da toparlar özleriniň agzalygyna degişli meseleler boýunça ähli çözgütleri kabul edýärler.

17.3. Edara görnüşindäki tarap – TFF-nyň agzasy oýnuň ýa-da ýaryşyň halallygyna howp abandyrmazlyk üçin birden artyk kluba ýa-da oýunçylaryň toparyna gözegçiligi amala aşyryp bilmez.

18-nji madda. TFF-nyň Hormatly Prezidenti we hormatly agzasy

18.1. Türkmen futboluny ösdürmekdäki aýratyn hyzmatlary üçin, TFF-nyň Konferensiýasy TFF-nyň Ýerine ýetiji komitetiniň hödürlemegi boýunça islendik adama “Hormatly Prezident”, “Hormatly agza” adyny dakyp biler.

(13)

18.2. Hormatly Prezident, Hormatly agza TFF-nyň Konferensiýasyna gatnaşyp biler. Olar ses bermek hukugy bolmazdan, maslahatlara gatnaşyp bilerler.

19-njy madda.TFF-nyň ýolbaşçy edaralary

19.1. Konferensiýa ýokary ýolbaşçy edara bolup durýar.

19.2. Ýerine ýetiriji komitet – ýerine ýetiji edara bolup durýar.

19.3. Hemişelik we ýörite komitetler Ýerine ýetiriji komitete öz borçnamalaryny ýerine ýetirmekde hödürnamalary berýär we ýardam edýär. Olaryň borçlary, düzümi we işleri Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan tassyklanylan şu Tertipnamada we (ýa-da) ýörite düzgünnamalarda kesgitlenýär.

19.4. Sekretariat adminstratiw edara bolup durýar.

19.5. Düzgün-tertip komiteti we Şikaýat komiteti TFF-nyň kazyýet edaralary bolup durýar.

19.6. TFF-nyň edaralary daşardan täsir bolmazdan we şu Tertipnamada beýan edilen tertibe layyklykda TFF-nyň özi tarapyndan saýlanylýar we bellenilýär.

19.7. Konferensiýa nobatdaky/nobatdan daşary bolup biler.

20-nji madda. Konferensiýa

20.1. Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan zerur bolan çäklerde, ýöne ýylda birden az bolmadyk gezek ýa-da TFF-nyň agzalarynyň ondan bir böleginiň talaby boýunça gün tertibini görkezmek bilen ýazmaça görnüşde çagyrylýan Konferensiýa TFF- nyň Ýokary ýolbaşçy edarasy bolup durýar.

20.2. Konferensiýa TFF-nyň agzalaryna ýazmaça habar bermek ýoly bilen Konferensiýanyň geçirilmeli senesinden 30 günden gijä galman çagyrylýar, onda gün tertibi, Konferensiýanyň geçirilýän senesi we ýeri görkezilýär.

20.3. Gün tertibi boýunça ähli teklipler, şeýle hem delegatlaryň atlary TFF-nyň baş sekretarligine Konferensiýanyň geçirilmeginden 15 günden gijä galman gönükdirilmelidir.

20.4. TFF-nyň agzalarynyn ýarysyndan gowragynyň delegatlary gatnaşan ýagdaýynda Konferensiýa hukukly hasaplanylýar.

20.5. Delegatlar wekillik edýän agzalaryna degişli bolmalydyrlar. Olar talap edilmegi boýunça munuň subutnamasyny bermelidirler.

20.6. TFF-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary we Baş sekretar Konferensiýa ses bermek hukugy berilmezden gatnaşýarlar. Olaryň gulluk edýän döwründe Ýerine ýetiriji komitetiň agzalary öz guramasynyň adyndan Konferensiýanyň delegatlary hökmünde bellenilip bilinmez.

20.7. Konferensiýada her bir TFF-nyň agzasy bir sese eýedir. Diňe gatnaşýan delegatlarda ses bermek hukugy bardyr.

20.8. Ynanylan tarap ýa-da ynanç haty boýunça ses bermek gadagandyr.

20.9. Konferensiýa delegatdan ybaratdyr, olaryň sanawy şu görnüşde paýlanylýar:

- futboluň her bir sebit guramasy üçin – 1 delegat;

- her bir ýokary liganyň futbol kluby üçin – 1 delegat;

- her bir birinji liganyň futbol kluby üçin – 1 delegat;

(14)

- her bir beýleki liga üçin – 1 delegat;

- her bir TFF-nyň beýleki azgasy üçin – 1 delegat;

20.10. Konferensiýa Ýerine ýetiriji komitetiň ygtyýarlygyna girmeýän ähli meseleler boýunça kararlary kabul edýär. Karar diňe meseläniň maksady Konferensiýa çagyrylanda mälim edilen bolsa hakykydyr.

20.11. Konferensiýanyň aýratyn ygtyýarlygyna şular degişlidir:

- TFF-nyň işiniň esasy ugurlaryny kesgitlemek;

- Tertipnamany tassyklamak, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek;

- TFF-nyň Prezidentini, birinji wise-prezidentini, wise-prezidentini we Ýerine ýetiriji komitetiň agzalaryny saýlamak we olaryň ygtýarlyklaryny möhletinden öň bes etmek;

- boş ýerlere saýlamak;

- teswirnamalary barlamak we agzalaryň üç sanysyny soňky ýygnagyň teswirnamalaryny makullamak üçin bellemek;

- gözegçi eminleri bellemek;

- Prezidentiň TFF-nyň işi hakyndaky hasabatyny tassyklamak;

- Ýerine ýetiriji komitetiň teklibi boýunça garaşsyz auditorlary wezipä bellemek;

- agzalyk gatançlarynyň möçberini kesgitlemek;

- Ýerine ýetiriji komitetiň görkezmesi boýunça “Hormatly Prezident”, “Hormatly agza” adyny dakmak hakyndaky karary kabul etmek;

- TFF-nyň bir ýa-da birnäçe agzalarynyň mandatyny ýatyrmak;

- ýyllyk maliýe hasabatyny tassyklamak;

- harajatlaryň çykdajy sanawyny tassyklamak;

- TFF-nyň düzüminden agzalary çykarmak;

- TFF-nyň düzüm birliklerini döretmek;

- TFF-ny täzeden guramak we ýapmak barada karar kabul etmek;

- TFF agzalyga kabul etmek ýa-da togtatmak meseleleri boýunça karar kabul etmek;

21-nji madda. Konferensiýanyň kworumy

21.1. Konferensiýada kararlar gatnaşýan delegatlaryň sesleriniň köplügi (50%+1), tertipnamany üýtgetmek baradaky ses bermäge hukugy bolan agzalaryň üçden ikisiniň ses köplügi bilen kabul edilýär.

21.2. Eger kworum toplanmasa, onda konferensiýa birinji çagyrylyşdan 24 sagatdan soň, şol bir gün tertibi bilen geçirilýär. Ikinji ýygnak üçin kworum talap edilmeýär, eger gün tertibi TFF-nyň Tertipnamasyna üýtgetme girizmegi, Prezidenti, birinji wise-prezidenti, wise-prezidenti, Ýerine ýetiriji Komitetiň agzalaryny saýlamagy, TFF-nyň agzasyny hasapdan aýyrmagy, TFF-nyň edarasynyň agzalarynyň hataryndan birini boşatmagy ýa-da TFF-ny ýapmagy hödürlemeýän bolsa, ikinji ýygnak üçin kworum talap edilmeýär.

21.3. Konferensiýa TFF-nyň Prezidenti, ol ýok bolan ýagdaýynda-Konferensiýa tarapyndan ygtyýarly edilen onuň orunbasarlarynyň biri başlyklyk edýär.

21.4. Konferensiýada hökmany tertipde Konferensiýa gutaran wagty baslyk we sekretar tarapyndan gol çekilýän degişli teswirnama (stenogramma) ýöredilýär.

(15)

21.5. Wezipeli adamlaryň saýlawy gizlin ses bermek bilen geçirilýär. Gizlin ses bermegiň tertibi Konferensiýanyň kadalaýyn reglamenti bilen kesgitlenýär.

Konferensiýa reglament kabul edilýänçä gizlin ses bermegi geçirmegiň kadasyny özbaşdak kesgitleýär.

21.6. Eger saýlanylýan wezipä bir dalaşgär gatnaşýan bolsa, Konferensiýa saýlawlary geçirmek hakyndaky karary açyk ses bermek bilen kabul etmäge haklydyr.

21.7. TFF-nyň dolandyryş edarasyna saýlanmagyň nobatlylygy şeýledir:

- TFF-nyň Prezidenti;

- Ýerine ýetiriji komitetiň agzalary;

- birinji wise-prezident;

- wise-prezident;

- gözegçilik-derňew toparynyň agzalary.

21.8. Birinji ses bermekde saýlanylýan adam üçin hasaba alnan we hakyky sesleriň köplüginiň üçden biri zerurdyr. Ikinji we beýleki talap edilýän ses bermekde hasaba alnan sesleriň köplüginiň (50%+1) bolmagy ýeterlikdir. Ses bereniň isleg bildirişini anyklap bolmaýan býulletenler, hususan-da ses beriji öz sesini iki ýa-da ondan hem gowrak dalaşgäre beren, ýa-da býulletene goşulanlaryň hiç birine ses bermedik ýagdaýy güýçsüz hasaplanýar.

21.9. Bir wezipä ikiden gowrak dalaşgärler bar bolsa, iň az ses alan dalaşgär ikinji ses bermeden aýrylýar, bu iki dalaşgär galýança amala aşyrylýar. TFF-nyň Prezidentinin wezipesine bir dalaşgär saýlanýan ýagdaýynda, saýlaw hasaba alnan sesleriň köplüginde (50%+1) hakyky hasaplanýar.

21.10. Eger Konferensiýa başga usul saýlamasa, Konferensiýada ähli beýleki meseleler açyk ses bermek arkaly çözülýär.

22-nji madda. Nobatdaky Konferensiýanyň gün tertibi

22.1. TFF-nyň baş sekretary Ýerine ýetiriji komitetiň we azgalaryň teklipleriniň esasynda gün tertibini düzýär. TFF-nyň Konferensiýasynyň agzasynyň hödürlemek isleýän teklibi Sekretariata ýazmaça görnüşde gysga düşundiriş bilen we iň bolmanda Konferensiýanyň senesinden 25 gün öňünden iberilýär.

22.2. Konferensiýanyň gün tertibi şu bentleri öz içine almalydyr:

- Konferensiýanyň çagyrylanlygy we TFF-nyň Tertipnamasyna layyklykda düzüminiň barlygy hakyndaky deklarasiýany;

- gün tertibiniň tassyklanmagyny;

- Prezidentiň ýüzlenmesini;

- teswirnamany barlamak üçin agzalary bellemegi;

- gözegçi eminleri bellemegi;

- agzany togtatmagy ýa-da çykarmagy (eger bar bolsa);

- Prezidentiň TFF-nyň işi hakyndaky hasabatyny;

- jemleýji we täzeden seredilen balansy we girdejiler we çykdajylar hakyndaky hasabaty bermegi;

- maliýe hasabatlaryny tassyklamagy;

- býujeti tassyklamagy;

(16)

- agzalyga kabul etmegi;

- Tertipnama düzedişleri we üýtgetmeleri girizmek üçin teklipler boýunça sesleri (eger bar bolsa);

- agzalar we Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan hödürlenen teklipleri ara alyp maslahatlaşmagy;

- Ýerine ýetiriji komitetiň teklibi boýunça garaşsyz auditorlary wezipä bellemegi;

- agzalyk gatançlarynyň möçberini kesgitlemek;

- Prezidentiň, Birinji wise-prezidentiň, wise-prezidentiň we Ýerine ýetiriji komitetiň agzalarynyň saýlawy (eger bar bolsa);

22.3. Nobatdaky Konferensiýanyň gün tertibi Konferensiýa gatnaşýan we ses bermäge hukugy bolan agzalarynyň dörtden üç bölegi şeýle delillendirme bilen razy bolsar, üýtgedilip biliner.

22.4. Konferensiýa gün tertibine girizilmedik mesele boýunça karar kabul etmeýär.

23-nji madda. Nobatdan daşary Konferensiýa

23.1. Ýerine ýetiriji komitet nobatdan daşary Konferensiýany islendik wagt çagyryp biler.

23.2. Ýerine ýetiriji komitet TFF-nyň agzalarynyň ondan bir bölegi ýazmaça görnüşde haýyş edende nobatdan daşary Konferensiýany çagyrýar. Haýyşda gün tertibiniň bentleri görkezilýär. Nobatdan daşary Konferensiýa haýyş alnandan soň üç aýyň dowamynda geçirilýär. Eger nobatdan daşary Konferensiýa çagyrylmasa, ony çagyrmagy talap eden agzalar Konferensiýany özleri çagyryp bilerler.

23.3. Agzalar nobatdan daşary Konferensiýanyň geçirilmeli senesine çenli iň bolmanda 1 aý öňünden geçirilýän ýeri, senesi we gün tertibi hakynda habar berýärler.

23.4. Eger nobatdan daşary Konferensiýa Ýerine Ýetiriji komitetiň islegi boýunça çagyrylsa, ol gün tertibini düzmelidir. Eger Nobatdan daşary Konferensiýa TFF- nyň agzalarynyň haýyşy boýunça çagyrylsa, gün tertibi şu agzalar tarapyndan galdyrylan meseleleri öz içine almalydyr.

23.5. Nobatdan daşary konferensiýanyň gün tertibi üýtgedilip bilinmez.

24-nji madda. TFF-nyň Tertipnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar

24.1. TFF-nyň Tertipnamasyna düzedişleri we üýtgetmeleri girizmek hakyndaky teklip TFF-nyň agzasy, ýa-da ýerine ýetiriji komitet tarapyndan ýazmaça görnüşde gysga düşündiriş bilen berilmelidir.

24.2. Agza tarapyndan berlen teklip TFF-nyň agzalarynyň iň bolmanda 2/3 (üçden iki) bölegi ýazmaça görnüşde tassyklanylan şertinde hakyky hasaplanýar.

24.3. Tertipnama düzedişleri girizmek hakyndaky teklip ses bermäge hukugy bolan gatnaşýan agzalaryň dörtden üç bölegi razylaşan ýagdaýynda TFF-nyň Konferensiýa tarapyndan tassyklanýar.

24.4. Tertipnamanyň ulanylmagyny we Konferensiýanyň reglamentini sazlaşdyrýan düzgünlere düzedişleri girizmek hakyndaky teklip ses bermäge

(17)

hukugy bolan gatnaşýan agzalaryň dörtden üç bölegi razylaşan ýagdaýynda tassyklanýar.

25-nji madda. Teswirnama

25.1. Baş sekretar Konferensiýada teswirnamany ýöretmäge jogapkärçilik çekýär.

26-njy madda. Konferensiýanyň kararlarynyň güýje girýän seneleri

26.1. Konferensiýa tarapyndan tassyklanylan kararlar, eger Konferensiýa kararlaryň güýje girmegi üçin başga sene bellemedik bolsa, TFF-nyň agzalary üçin Konferensiýanyň ýapylan senesinden 30 gün soň güýje girýär.

27-nji madda. Ýerine ýetiriji komitet

27.1. Ýerine ýetiriji komitet agzalary Konferensiýada 4 ýyl möhlete saýlanylýan TFF-nyň hemişe hereket edýän ýerine ýetiriji edarasy bolup durýar. Ýerine ýetiriji komitetiň san düzümi Konferensiýa tarapyndan kesgitlenýär.

27.2.Dalaşgärler TFF-nyň baş sekretariýatyna iberilmelidir. Dalaşgärleriň resmi sanawy TFF-nyň azgalary tarapyndan Ýerine ýetiriji komitetiň saýlanyljak Konferensiýasynyň gün tertibi bilen bilelikde tassyklanmalydyr.

27.3. Ýerine ýetiriji komitetiň agzalarynyň ýaşy 70-den ýokary bolmaly däldir.

Ýerine ýetiriji komitetiň agzalary Türkmenistanyň raýatlary bolmaly. Ýerine ýetiriji komitetiň agzasynyň Türkmenistanyň çäginde hemişleik ýaşaýan ýeri bolmalydyr. Ýerine ýetiriji komitetiň agzasy jenaýat işine çekilen bolmaly däldir.

27.4. Ýerine ýetiriji komitetiň agzasy şol bir wagtyň özünde gözegçilik düzgün- tertip komitetiniň, şikaýat komitetiniň, içerki derňew komitetiniň ýa-da TFF-nyň daşarky derňewçisiniň agzasy bolup bilmez.

27.5. Ýerine ýetiriji komitetiň agzasy şu Tertipnamanyň talaplary saklanan ýagdaýynda çäklendirilmedik gezek saýlanyp biler.

27.6. Ýerine ýetiriji komitet şu Tertipnama laýyklykda öz agzalarynyň arasynda borçnamalary özbaşdak paýlaýar.

27.7. Ýerine ýetiriji komitetiň düzümine şular girýär:

- Prezident - 1 adam;

- Prezidentiň orunbasarlary: birinji wize-prezident - 1 adam we wize-president - 1 adam;

- Ýerine ýetiriji komitetiň agzalary - 8 adam.

27.8. Ýerine ýetiriji komitet TFF-nyň işine ýolabşçylyk edýär we Konferensiýa hasabat berýär.

27.9. Ýerine ýetiriji komitetiň ýygnagy TFF-nyň Prezidenti tarapyndan çagyrylýar.

Eger Ýerine ýetiriji komitetiň agzalarynyň 50% agzalary talap edýän bolsa, Prezident ony 21 günüň dowamynda çagyrýar.

27.10. Baş sekretar Ýerine ýetiriji komitetiň ýygnaklaryna maslahatçy hökmünde gatnaşýar.

27.11. Ýerine ýetiriji komitetiň ýygnaklary açyk görnüşde geçirilmeýär. Ýerine ýetiriji komitet üçünji tarapy görmäge gelmek üçin çagyrmaga haklydyr. Şeýle

(18)

taraplaryň ses bermäge hukugy ýokdur we öz pikirini diňe Ýerine ýetiriji komitetiň rugsady bilen aýdyp biler.

28-nji madda. Ýerine ýetiriji komitetiň ygtyýarlyklary

28.1. Ýerine ýetiriji komitet diňe Konferensiýa tarapyndan seredilýän meselerden başga, öňünde goýlan maksatlary ýerine ýetirmek üçin TFF-nyň pul serişdelerini ulanmagy goşmak bilen, ähli meseleler boýunça kararlary kabul etmäge haklydyr.

28.2. TFF-nyň Ýerine ýetiriji komiteti öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şu meseleleri çözýär:

- Konferensiýada kabul edilen kararlary ýerine ýetirýär;

- Ýerine ýetiriji komitetiň azgalarynyn ygtyýarlyklaryny kesgitleýär;

- TFF-nyň Prezidentiniň hödürlemegi boýunça Baş kätibi wezipä belleýär we wezipeden boşadýar.

- Baş sekretaryň hödürlemegi boýunça sekretariatyň wezipeleýin sanawyny tassyklaýar;

- TFF-nyň hemişelik komitetiniň ýolbaşçylaryny we agzalaryny tassyklaýar;

- TFF-nyň nobatdaky we nobatdan daşarky Konferensiýasyny geçirmegiň seneseni belleýär, taýýarlaýar, çagyrýar;

- “Düzgün-tertip reglamentini” işläp düzýär we tassyklaýar;

- TFF-nyň hemişelik komitetleri hakyndaky düzgünnamalary tassyklaýar, olaryň sanawyny we sahşy düzümüni kesgitleýär;

- hemişelik komitetleriň başlygyny, başlygynyň orunbasaryny we agzalaryny belleýär;

- kazyýet edaralarynyň başlygyny, baslygynyň orunbasarlaryny we agzalaryny belleýär;

- Baş sekretaryň hödürlemegi bilen TFF-nyň ýyllyk girdejileriniň we çykdajylarynyň smetasyna we olaryň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabata seredýär;

- wagtlaýyn komitetleri we toparlary döredýär, olar hakyndaky düzgünnamalary we olaryň düzümlerini tassyklaýar;

- Türkmenistanda futbol boýunça ýaryşlaryň reglamentlerini we kalendarlaryny tassyklaýar;

- Ýerine ýetiriji komitetiň reglamentini kabul edýär;

- FIFA we AFK şu halkara guramalarynyň ýolbaşçy edaralaryna saýlamak we TFF-nyň wekillerini olaryň komitetleriniň we toparlarynyň düzümine goşmak üçin hödürleýär;

- “TFF-nyň Hormatly Prezidenti” we “TFF-nyň Hormatly agzasy” adyny dakmaga hödürnamalary berýär;

- Tertipnamany ulanmagy üpjün edýär we ony ulanmak üçin talap edilýän çäreleri tassyklaýar;

- indiki Konferensiýa çenli şert bilen tarapy, edarany işden boşadyp ýa-da TFF-nyň agzalygyny togtadyp biler;

- FIFA we AFK talaplaryna laýyklykda TFF-nyň futbolçylarynyň transfer düzgünlerini işläp düzýär we tassyklaýar;

(19)

- Konferensiýa we Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan kabul edilen düzgünnamalaryň, reglamentleriň, beýleki namalarynyň resmi düşündirişlerini berýär;

- Býujetiň taslamasyny düzýär, TFF-nyň serişdelerine, emlägine we gaznalaryna erk edýär, olary döretmegiň şertlerini kesgitleýär;

- Türkmenistanyn çäginde futboly dolandyrmaga degişli düzgünnamalary, reglamentleri, düzgünleri, gözükdirijileri çykarýar we tassyklaýar;

- TFF-nyň agzalarynyň ýerine ýetirmegi hokmany bolan buýruklary çykarýar, agzalar tarapyndan TFF-nyň Tertipnamasynyň, reglamentleriniň we kararlarynyň saklanylmaýanlygy barada TFF-nyň düzgün-tertip edaralaryny habarly edýär;

- TFF-nyň beýleki edaralaryna we üçünji taraplara öz ygtyýarlyklarynyň çäginde ýüze çykýan meseleleri geçirip biler;

- Konferensiýanyň aýratyn ygtyýarlygyny düzmeýän ýa-da şu Tertipnama bilen TFF-nyň gözegçilik-derňew toparynyn alyp barmagyna degişli edilmedik ähli galan meseleleri çözýär.

- Eger Ýerine ýetiriji komitet başga karara gelmese, Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan kabul edilen kararlar dessine güýje girýär.

28.3. Ýerine ýetiriji komitetiň mejlisleri 3 aýda 1-den az bolmadyk gezek geçirilýär. Ýerine ýetiriji komitet mejisine 2/3 böleginden az bolmadyk düzümi gatnaşan ýagdaýynda karar kabul etmäge hukuklydyr.

28.4. Ýerine ýetiriji komitet mejlise gatnaşýan Ýerine ýetiriji komitetiň agzalarynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kararlary kabul edýär. Sesler deň bolan ýagdaýynda TFF Prezidenti çözüji sese eýedir. Ynanylan tarapyň ses bermegine ýa-da ynanç haty boýunça ses berilmegine rugsat berilmeýär.

28.5. Ýerine ýetiriji komitetiň agzasy gulluk ýagdaýyndan hyýanatçylykly ulanmak töwekkelçiligi ýa-da mümkinçiligi bolan ýagdaýynda ara alyp maslahatlaşmalardan we kararlary kabul etmekden boýun towlamalydyr.

28.6. Eger Ýerine ýetiriji komitet başgaça karar etmese, kabul edilen kararlar teswirnama ýazylýar we dessine güýje girýär.

28.7. Eger wezipe boş bolsa, ygtyýarlyklaryň galan möhletine çalşyryjy adama saýlanjak indiki nobatlaýyn Konferensiýa çenli Ýerine ýetiriji komitet bu wezipäni eýeleýär.

29-njy madda. Agzanyň çykarylmagy

29. Ýerine ýetiriji komitet agzany TFF-nyň düzüminden çykarmak hakyndaky meseläni Konferensiýanyň gün tertibine girizip biler.

30-njy madda. TFF-nyň Prezidenti

30.1. TFF-niň Prezidenti ýurduň içinde hem-de daşary ýurt döwletlerinde TFF wekilçilik edýär.

30.2. TFF-nyň Prezidentiniň ygtyýarlyklary:

- Konferensiýada, Ýerine ýetiriji komitetde, TFF-nyň adatdan daşary komitetinde başlyklyk edýär;

(20)

- Ýerine ýetiriji komitetiň agzalarynyň tekliplerini gün tertibine goşmak üçin hasaba alyp, gün tertibini düzýär. Ýerine ýetiriji komitetiň agzalary ýygnagyň gün tertibine girizmek isleýän meselelerini Baş sekretarlige iň bolmanda ýygnaga çenli 14 gün öňünden bermelidirler. Gün tertibi Ýerine ýetiriji komitetiň agzalaryna TFF-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýygnagyna çenli 7 gün öňünden iberilýär;

- TFF-nyň Konferensiýasynda we Ýerine ýetiriji komitetinde tassyklanylan kararlaryny Baş sekretarligiň üstünden geçirýär;

- şu Tertipnamada görkezilen maksatlara ýetmek üçin TFF-nyň edaralarynyň netijeli işlemegini üpjün edýär;

- sekretariatyň işine gözegçiligi amala aşyrýar;

- baş sekretary wezipä bellemäge we boşatmaga hödürleýär;

- Ýerine ýetiriji komitetde adaty sese eýedir, sesler deň bolan ýagdaýynda bolsa çözüji sese eýedir;

- TFF-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň adyndan ynanç hatsyz hereket edýär;

- TFF-nyň adyndan raýat-hukuk häsiýetli dürli geleşikleri amala aşyrýar;

- maliýe we beýleki resminamalara gol çekýär;

- TFF-nyň hasaplaşyk we beýleki hasaplaryny bank edaralarynda açýar;

- TFF tarapyndan öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmegi gurnaýar;

- Prezident ýok wagtynda, onuň borçlaryny birinji wise-prezident ýa-da wise- president ýerine ýetirýär.

31-nji madda. Prezidentiň wezipesine dalaşgärler

31.1. Prezident Konferensiýa tarapyndan 4 ýyl möhlete saýlanylýar. Onuň ygtyýarlyklarynyň möhleti ony saýlan Konferensiýa gutarandan soň, başlanýar.

Prezident täzeden saýlanyp biler.

31.2. Prezidenti saýlamak üçin birinji ses bermekde hasaba alnan we hakyky sesleriň köplüginiň 2/3 (üçden iki) bölegi zerurdyr. Ikinji we beýleki talap edilýän ses bermekde hasaba alnan sesleriň köplüginiň (50%+1) bolmagy ýeterlikdir. Eger ikiden gowrak dalaşgärler bar bolsa, iň az ses alan dalaşgär ikinji ses bermeden aýrylýar, bu iki dalaşgär galýança amala aşyrylýar.

31.3. TFF-nyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärleri diňe TFF-nyň agzalary teklip edip bilerler. Agzalar TFF-nyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgäriň ady barada Konferensiýanyň geçirilmeli senesine çenli iň bolmanda 25 gün öňünden Sekretariata ýazmaça görnüşde habar bermelidir.

31.4. Sekretariat teklip edilen dalaşgärleriň ady barada TFF-nyň agzalaryna Konferensiýanyň geçirilmeli senesinden iň bolmanda 15 gün öň habar berýär.

31.5. Eger Prezidente wezipesini ýerine ýetirmekde hemişe ýa-da wagtlaýyn päsgel berilýän bolsa, onda oňa birinji wise-prezident indiki Konferensiýa çenli wekillik edýär. Eger zerur bolsa, Konferensiýa täze Prezidenti saýlaýar.

32-nji madda. Prezidentiň orunbasarlary

32.1. Prezident wagtlaýyn bolmadyk ýagdaýynda, onuň borçlaryny birinji-wise president ýa-da wise-prezident ýerine ýetirýär.

(21)

32.2. Prezident öz borçlaryny ýerine ýetirmegi möhletinden öň bes eden ýagdaýynda, birinji wise-prezident, eger onuň hem şeýle mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, wise president onuň ornuny çalyşýar. Borçlary ýerine ýetirmeklik ýakyndaky Konferensiýa çenli amala aşyrylýar.

32.3. Birinji wise-president we wise-prezdent konferensiýada täze saýlanan Ýerine ýetiriji komitetiň arasyndan Prezidentiň teklibi boýunça sesleriň köplügi bilen (50%+1) saýlanylýar.

32.4. Eger birinji wise-prezidentiň we wise-prezidentiň işiniň döwründe boş orun dörese, ýakynda geçiriljek Konferensiýa Prezidentiň teklibi boýunça täze orunbasary saýlamaga borçludyr.

32.5. Birinji wise-prezident we wise president Prezidente tabyndyrlar we TFF- nyň Prezidenti bilen kesgitlenilen göwrümde öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirýärler.

32.6. Haýsydyr bir futbol klubunyň ýolbaşçysy ýa-da beýleki wezipeli adamy ýa- da raýat hukugynyň, zähmet şertnamasynyň çäklerinde islendik futbol klubunyň gündelik işi bilen bagly kararlary kabul etmäge islendik başga usulda täsir edip biljek, şeýle hem 70 ýaşa ýeten ýa-da jenaýat edeni üçin jogapkärçilige çekilen adam TFF-nyň birinji wise-prezidenti we wise-prezidenti bolup bilmez.

33-nji madda. Wekillik etmek we gol çekmek hukugy

33.1. Ýerine ýetiriji komitet wezipeli adamlaryň bilelikde gol çekmegine degişli içerki guramaçylyk kadalaryny, hususan-da, Prezident bolmadyk ýagdaýynda ýa- da TFF-nyň ähli işi bilen bagly ýagdaýlarda içerki guramaçylyk kadalaryny goşmaça tassyklap biler. Prezidenti çalşyrýan adamyň gol çekmäge hukugy Prezident tarapyndan berilýän degişli ynanç haty bilen tassyklanmalydyr.

34-nji madda. Adatdan daşary komitet

34.1. TFF-nyň Ýerine ýetiriji komitetiň iki ýygnagynyň arasynda dessine kadalaşdyrmagy talap edýän ähli meseleler boýunça Adatdan daşary komiteti döredip biler.

34.2. Adatdan daşary komitet Ýerine ýetiriji komitetiň arasyndaky ýygnaklary dessine kadalaşdyrmak bilen bagly ähli meseleler bilen iş salyşýar. Adatdan daşary komitet TFF-nyň agzalaryndan saýlanylan we Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan 4 ýyl möhlet bilen bellenilen TFF-nyň Prezidentinden we 5 agzasyndan ybaratdyr.

34.3. Prezident Adatdan daşary komitetiň ýygnagyny çagyrýar. Eger ýygnak bellenilen döwrüň dowamynda çagyrylyp bilinmedik ýagdaýynda, kararlar başga aragatnaşyk serişdeleriniň üsti bilen tassyklanylyp biliner. Şeýle kararlar dessine güýje girýär. Prezident dessine Ýerine ýetiriji komiteti Adatdan daşary ýygnak tarapyndan tassyklanylan kararlar barada habarly edýär.

34.4. Adatdan daşary komitetiniň ýygnagy tarapyndan kabul edilen ähli kararlar Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan onuň geljekki ýygnagynda tassyklanýar.

34.5. Eger TFF-nyň Prezidenti ýygnaga gatnaşyp bilmedik ýagdaýynda, birinji wise-prezident ony çalyşýar.

(22)

35-nji madda. TFF-nyň hemişelik komitetleri

35.1. TFF-nyň edaralarynyň işine ýardam etmek we Konferensiýa, TFF-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan kabul edilen kararlary ýerine ýetirmek üçin, TFF-nyň ýerine ýetiriji komiteti şu aşakdaky hemişelik komitetlerini döredýär:

- maliýe komiteti;

- içerki derňew boýunça komitet;

- ýaryşlary guramak we geçirmek boýunça komitet;

- halkara gatnaşyklary boýunça komitet;

- tehniki we ösüş boýunça komitet;

- zenan futboly boýunça komitet;

- futzal boýunça komitet;

- ýetginjekler futboly boýunça komiteti;

- jemgyýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen gatnaşyklar boýunça komitet;

- sport lukmançylygy boyunça komitet;

- oýunçylaryň hukuk ýagdaýy boýunça komitet;

- ahlak kadalary we halal oýun boýunça komitet;

- eminler komiteti;

- marketing we teleýaýlymlar boýunça maslahat beriji komitet.

35.2. Hemişelik komitetleriň ýolbaşçylary, içerki derňew boýunça komiteti goşmazdan, diňe Ýerine Ýertiriji komitetiniň agzalary däl-de, başgalaram bolup bilerler. Her bir hemişelik Komitetiň agzalary TFF-nyň agzalarynyň ýa-da TFF- nyň Prezidentiniň teklibi boýunça Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan bellenilýär.

Ýolbaşçy, ýolbaşçynyň orunbasary we hemişelik komitetiň agzalary dört ýyllyk möhlete bellenilýär.

35.3. Her bir ýolbaşçy Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan düzülen guramaçylyk kadalara laýyklykda öz komitetine wekillik edýär we işlerini ýöredýär.

35.4. Hemişelik komitetiň her bir ýolbaşçysy baş sekretar bilen bilelikde wezipeleri ýerine ýetirmegi we hasabaty Ýerine ýetiriji komitete bermegi üpjün etmek maksady bilen ýygnaklaryň senesini kesgitleýär.

35.5. Her bir komitet öz düzgünlerine düzedişleri girizmek barada Ýerine ýetiriji komitete teklip edip biler.

35.6. TFF-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň kararlarynda anyk görkezilmedik bolsa, Hemişelik komitetleriň ýolbaşçylary, orunbasarlary we agzalary öz wezipelerini jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda tölegsiz ýerine ýetirýärler.

36-njy madda. Maliýe komiteti

36.1. Komitet ýolbaşçydan, onuň orunbasaryndan we agzalaryň zerur bolan sanyndan düzülendir.

36.2. Komitetiň borçlaryna şular girýär:

- TFF-nyň maliýe işlerine gözegçilik etmek;

(23)

- ykdysady meseleler boýunça Ýerine ýetiriji komitete maslahat bermek;

- baş sekretar tarapyndan taýýarlanylan TFF-nyň býujetini we maliýe hasabatlaryny taýýarlamak we ony Ýerine ýetiriji komitet tassyklamaga bermek;

- hemişelik komitetleriň maliýe resminamalaryna gözegçilik etmek.

37-nji madda. Içerki derňew boýunça komitet

37.1. Komitet Konferensiýa tarapyndan 4 ýyl möhlet bilen TFF-nyň agzalarynyň sanawyndan saýlanylan ýolbaşçydan, onuň orunbasaryndan we agzalaryň zerur bolan sanyndan düzülendir. Komitetiň düzümine TFF-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary girip bilmez.

37.2. Komitetiň borçlaryna şular degişlidir:

- Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda maliýe hasaba alyşynyň dolulygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek;

- Ýerine ýetiriji komitetiň haýyşy boýunça daşarky auditoryň hasabatynyň barlagyny amala aşyrmak;

- ýerine ýetiriji edaranyň amala aşyran raýat-hukuk geleşikleriniň kanunylygyny, TFF-nyň emläginiň ýagdaýyny we onuň paýlanyşyny barlamak;

- pul serişdeleriniň we beýleki emlägiň dogrulygyna we dolanşygynyň (ulanylyşynyň) tygşytlylygyna gözegçilik etmek;

- ýüze çykan düzgün bozmalary aýyrmak hakynda hödürnamalary bermek bilen, ýylda birden az bolmadyk gezek geçirilýän derňewiň netijeleri hakynda Konferensiýanyň öňünde hasabat bermek;

- Ýerine ýetiriji komitet we TFF-nyň Prezidenti tarapyndan TFF-nyň agzalarynyň arzalaryna (şikaýatlaryna) öz wagtynda seretmäge gözegçilik etmek.

38-nji madda. Ýaryşlary guramak we geçirmek boýunça komitet

38.1. Komitet ýolbaşçydan, onuň orunbasaryndan we agzalaryň zerur bolan sanyndan düzülendir.

38.2. Komitetiň borçlaryna şu Tertipnamanyň düzgünlerine laýyklykda TFF tarapyndan geçirilýän ýaryşlary we TFF tarapyndan geçirilýän ýaryşlar üçin ulanylýan düzgünleri guramak girýär.

39-njy madda. Tehniki we ösüş boýunça komitet

38.1. Komitet ýolbaşçydan, onuň orunbasaryndan we agzalaryň zerur bolan sanyndan düzülendir.

Komitetiň borçlaryna şular girýär:

- türgenleşmegiň usullaryny ösdürmek we kämilleşdirmek, türgençileri taýýarlamagyň we täzeden taýýarlamagyň kurslarynyň okuw maksatnamalaryny işläp düzmek;

- futboly ösdürmek meseleleri boýunça maslahatlary we ylmy-amaly konferensiýalaryny geçirmek;

(24)

40-njy madda. Eminler komiteti

40.1. Komitet ýolbaşçydan, onuň orunbasaryndan we agzalaryň zerur bolan sanyndan düzülendir.

40.2. Komitetiň ygtyýaryna futbolda sport eminligini we gözegçi eminligini kadalaşdyrmak, bu meseleler boýunça Ýerine ýetiriji komitetine maslahat bermek degişlidir.

40.3. Komitetiň borçlaryna şular degişlidir:

- Türkmenistanyň höwesjeňler däl we höwesjeňler futbol ýaryşlarynda eminligi üpjün etmek boýunça amaly işini ýerine ýetirmek;

- eminleri taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çärelerini guramak, degişli maksatnamalary we meýilnamalary işläp düzmek;

- eminleriň okuw-türgenleşik ýygnanşygyny guramak;

- futbol boýunça içerki we halkara ýaryşlaryna hyzmat etmek üçin ýokary derejeli eminleri seçip almagy we taýýarlamagy guramak, olaryň sanawlaryny TFF-nyň Ýerine ýetiriji komitetine tassyklamaga bermek;

- ýerli guramalara wekillik etmek boýunça gözegçi eminleri seçip almak;

- gözegçi eminleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maslahatlary geçirmek;

- kadalaşdyryjy resminamalary taýýarlamak we gözegçi eminleri olar bilen üpjün etmek;

- içerki ýaryş oýunlaryna gözegçi eminleri bellemek;

- gözegçi eminleriň hünär synagyny geçirmek;

- iş toparlaryny döredýär:

1. sport-hünär dereje;

2. okuw-usulyýet;

3. eminlik-ekspert;

4.düzgün-tertip;

5. sebitler bilen aragatnaşyk boýunça;

6. gözegçi eminler.

41-nji madda. Zenan futboly boýunça komitet

41.1. Komitet ýolbaşçydan, onuň orunbasaryndan we agzalaryň zerur bolan sanyndan düzülendir.

41.2. Komitetiň borçlaryna şular girýär:

- Türkmenistanda zenan futboluny ösdürmek;

- höwesjeňler däl we höwesjeňler toparynyň arasynda ýaryşlary geçirmek;

- halkara ýaryşlara ýygyndy we klub toparlaryny taýyarlamak we gatnaşmak;

42-nji madda. Ýetginjekler futboly boýunça komitet

42.1. Komitet ýolbaşçydan, onuň orunbasaryndan we agzalaryň zerur bolan sanyndan düzülendir.

42.2. Komitetiň borçlaryna şular girýär:

(25)

- çagalar we ýetginjekler futbolyny ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça teklipleri taýýarlamak;

- futbol mekdeplerine usulyýet kömegini bermek;

- içerki we halkara ýetginjekler ýaryşlaryny guramak we geçirmek;

- ýaş futbolçylary taýýarlamakda watanyň we daşary ýurduň tejribesini umumylaşdyrmak we ýaýratmak.

43-nji madda. Sport lukmançylygy boýunça komitet

43.1. Komitet lukmançylyk bilimi bolan ýolbaşçydan, onuň orunbasaryndan we agzalaryň zerur bolan sanyndan düzülendir.

43.2. Komitetiň borçlaryna şular girýär:

- futbolda lukmançylyk meseleleri boýunça Ýerine yetiriji komitetiň maslahat beriji edarasy bolmak;

- futbolçylary türgenleşdirmegiň we ýaryşdyrmagyň nazaryýetinde we amalyýetinde fiziologiýa, psihologiýa, arassaçylyk ugurlaryndaky, lukmançylyk gözegçiligindäki, lukmançylyk jähtlerindäki ylmy tejribäni ösdürmek we ulanmak;

- türgençiler we oýunçylar üçin futbolçylaryň beden taýýarlygy, iýmiti we kadalary boýunça hödürnamalary taýýarlamak;

- sport arassaçylygy, aýratyn hem sportsmeniň bedenine kesgitli serişdeleriň täsiri hakyndaky maslahatlary taýýarlamak (spirtli içgi, nikotin, derman serişdeleri, doping we ş.m.);

- şikesleriň görnüşlerini barlamak, olaryň öňüni almak we bejermek boýunça malsahatlary bermek;

- futbol klubunyň lukmançylyk işgärleri üçin maslahatlary geçirmek.

44-nji madda. Oýunçylaryň hukuk ýagdaýy boýunça komitet

44.1. Komitet ýolbaşçydan, onuň orunbasaryndan we agzalaryň zerur bolan sanyndan düzülendir.

44.2. Komitetiň borçlaryna şular girýär:

- höwesjenler däl-futbolçylary ygtyýarnamalaşdyrmak;

- oýunçylaryň içerki transferiniň jedelli meseleleri boýunça netijeleri taýýarlamak;

- halkara transfer güwänamalaryny resmileşdirmek;

- FIFA-nyň oýunçylaryň hukuk ýagdaýy we geçirilmegi hakyndaky Düzgünnamalaryna laýyklykda geçirmek boýunça düzgünleriň ýerine ýetirilmegini kesgitleýär we amala aşyrýar we TFF-nyň dürli ýaryşlary üçin oýunçylaryň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär.

45-nji madda. Futzal boýunça komitet

45.1. Komitet ýolbaşçydan, onuň orunbasaryndan we agzalaryň zerur bolan sanyndan düzülendir.

45.2. Komitetiň borçlaryna şular girýär:

- futboluň bu görnüşi üçin oýunlaryň Düzgünlerini işläp taýýarlamak;

- oýnuň düzgünlerini ulanmak boýunça kararlary kabul etmek;

(26)

- Ýerine ýetiriji komitet futboluň bu görnüşine gözegçilik etmek boýunça islendik çäreleri teklip etmäge;

- futzal bilen bagly ähli meseleler bilen meşgullanmak;

- futzal boýunça içerki we halkara ýaryşlaryny guramak;

- özüniň guraýan her bir ýaryşy hakynda resmi hasabatyň düzülmegine we çap edilmegine jogap berýär.

46-njy madda. Ahlak kadalary we halal oýun boýunça komitet

46.1. Komitet ýolbaşçydan, onuň orunbasaryndan we agzalaryň zerur bolan sanyndan düzülendir.

46.2. Ahlak kadalary we halal oýun boýunça komitet futbolda ahlak kadalaryna we halal oýna ýardam etmek boýunça degişli ähli meseleler bilen meşgullanýar.

47-nji madda. Jemgyýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen gatnaşyklar boýunça komitet

47.1. Komitet ýolbaşçydan, onuň orunbasaryndan we agzalaryň zerur bolan sanyndan düzülendir.

47.2. Komitetiň borçlaryna şular girýär:

- sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen futboly ýaýratmak, tomaşaçylary ýerli we halkara ýaryşlara çekmek;

- köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly jemgyýetçiligi futbol durmuşynyň wakalary barada habarly etmek;

- Türkmenistanyň derejesinde futbol maksatnamalarynyň, kalendarlarynyň we beýleki habar beriji materiallarynyň bäsleşigini geçirmek;

-t ürkmen futboly hakynda neşirleri taýýarlamakda metbugat edaralaryna kömekleri etmek, olara statistiki we maglumat materiallaryny bermek.

48-nji madda. Marketing we teleýaýlym boýunça maslahat beriji komitet

48.1. Komitet ýolbaşçydan, onuň orunbasaryndan we agzalaryň zerur bolan sanyndan düzülendir.

48.2. Marketing we teleýaýlym boýunça maslahat beriji komitet Ýerine ýetiriji komitete taslamalary düzmek we TFF-nyň hyzmatdaşlaryň arasynda marketing/teleýaýlym boýunça şertnamalary amala aşyrmak bilen bagly maslahatlary berýär, şeýle hem marketing we teleýaýlym boýunça işlenilip düzülen strategiýany seljerýär.

49-njy madda. Halkara gatnaşyklary boýunça komitet

49.1. Komitet ýolbaşçydan, onuň orunbasaryndan we agzalaryň zerur bolan sanyndan düzülendir.

49.2. Komitetiň borçlaryna şular girýär:

- TFF-nyň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmaga gatnaşmak;

(27)

- FIFA-nyň we AFK-nyň (tertipnamalary, reglamentleri, ýaryşlary we ş.m.) işiniň esasy meselelerinde TFF-nyň nukdaýnazary boýunça teklipleri işläp düzmek;

- TFF-nyň halkara işi hakyndaky meseleleri Ýerine ýetiriji komitetiň seretmegine taýýarlamak;

- Türkmenistanyň futbol klublaryna halkara ýaryşlara gatnaşmak meseleleri boýunça maslahat beriji kömegini bermek.

50-nji madda. Ýörite komitetler

50.1. Ýerine ýetiriji komitet zerur bolan ýagdaýynda ýörite borçlar üçin we çäklendirilen möhlete ýörite komitetleri döredip biler. Ýerine ýetiriji komitet ýolbaşçyny, ýolbaşçynyň orunbasarlaryny we agzalaryny belläp biler. Borçlar we wezipeler Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan düzülen ýörite düzgünlerde kesgitlenýär. Ýörite komitet gös-göni Ýerine ýetiriji komitete hasaba berijidir.

51-nji madda. Sekretariat

51.1. Sekretariat TFF-nyň ähli administratiw işini Baş sekretaryň ýolbaşçylygynda amala aşyrýar.

52-nji madda. Baş sekretar

52.1. Baş sekretar Sekretariatyň esasy ýerine ýetiriji adamy bolup durýar. Ol Türkmenistanyň zähmet kanuny bilen bilen sazlaşdyrylýan şertnamanyň esasynda we şu Tertipnama bilen nazarda tutulan tertipde bellenilýär. Baş sekretaryň zerur hünär derejesi bolmalydyr.

52.2. Baş sekretaryň borçlaryna şular degişlidir:

- Konferensiýalary, Ýerine ýetiriji komitetleriň, Adatdan daşary komitetiň, hemişelik we ýörite komitetleriň ýygnaklaryny geçirmegi we gatnaşmagy guramak;

- TFF-nyň Konferensiýasynyň we Ýerine ýetiriji komitetiniň kararlarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek;

- buhgalter hasaba alyşyň degişli görnüşde dolandyrylyşyna we ýöredilişine gözegçilik etmek;

- Konferensiýanyň, Ýerine ýetiriji komitetiň we hemişelik komitetleriň mejlisleriniň teswirnamalaryny ýöretmek we resmileşdirmek;

- TFF-nyň we futbolyň düzüm birlikleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak;

- TFF-nyň hat ýazyşmalary;

- AFK, FIFA we beýleki futbol guramalary bilen hyzmatdaşlyk;

- administratiw, ýaýradyş we tehniki işini ýerine ýetirýän edaranyň işini guramak;

- Sekretariatda işleýän işgärleri işe bellemek we boşatmak;

- dolandyryş edarasyna dalaşgärleri TFF-nyň Prezidentine teklip etmek;

- umumy sekretarligi guramak.

52.3. Baş sekretar Konferensiýanyň delegaty ýa-da TFF-nyň hemişleik komitetiň agzasy bolup bilmez.

(28)

53-nji madda. TFF-nyň kazyýet edaralary

53.1. TFF-nyň kazyýet edaralary şulardyr:

- düzgün-tertip komiteti;

- şikaýat komiteti.

53.2. Şu edaralaryň jogapkärçiligi we wezipesi hakynda TFF-nyň düzgün-tertip kodeksinda aýdylyp geçilýär, ol FIFA-nyň düzgün-tertip düzgünnamasyna laýyk getirilendir.

53.3. TFF-nyň kazyýet edaralarynyň ygtyýarlyklary TFF-nyň beýleki komitetleriniň karar kabul etmek boýunça işine degili däldir.

53.4. TFF-nyň kazyýet edaralarynyň agzalary şol bir wagtyň özünde TFF-nyň beýleki edarasyna degişli bolup bilmez.

54-nji madda. Gözegçilik düzgün-tertip komiteti

54.1. Komitet ýolbaşçydan, onuň orunbasaryndan we agzalaryň zerur bolan sanyndan düzülendir.

Ýolbaşçynyň we orunbasaryň hukuk hünär derejesi bolmalydyr.

54.2. Komitetiň borçlaryna şular girýär:

- ähli düzgün-nyzam meselelerini we milli futbol reglamentleriniň bozulmagy bilen bagly hadysalaryny seljermek;

- TFF-nyň düzgün-tertip kanunlaryna laýyklykda kluba, resmi adamlara, oýunlaryň we oýunçylaryň agentlerine şu Tertipnamada beýan edilen jezalary bermek;

- TFF tarapyndan gurnalýan ähli ýaryşlarda düzgün-tertip häkimiýeti hökmünde hereket etmek;

- Höwesjeňler däl toparlaryň arasynda geçirilýän içerki ýaryşlaryň döwründe ýüze çykan jedelli meselelere seretmek üçin Gözegçilik-düzgün-tertip komitetiniň býurosyny döretmek;

- Şu düzgünnama agzalary togtatmak we çykarmak bilen bagly Konferensiýanyň we Ýerine ýetiriji komitetiň düzgün-tertip ygtyýarlyklaryna tabyndyr.

55-nji madda. Şikaýat komiteti

55.1. Komitet ýolbaşçydan, onuň orunbasaryndan we agzalaryň zerur bolan sanyndan düzülendir. Ýolbaşçynyň we orunbasaryň hukuk hünär derejesi bolmalydyr.

55.2. Komitetiň borçlaryna şular girýär:

- TFF-nyň reglamentlerine laýyklykda gutarnykly bolup durmaýan TFF-nyň gözegçilik-düzgün-tertip komitetiniň kararlary boýunça klublaryň, resmi taraplaryň we oýunçylaryň, territorial guramalaryň şikaýatlaryna seretmek;

- şikaýat komitetiniň kararlary ähli gyzyklanýan taraplar üçin gutarnykly we hökmany bolup durýar.

Referanslar

Benzer Belgeler

 Profesyonel Kaleci Eğitimleri (Profesyonel kaleci antrenörü olabilmek için en az UEFA B lisansına sahip olmak gerekecek.  Amatör Kaleci Antrenörlüğü (Amatör

“Altın da olsa çamurun içinde artık, alınmaz.” diye düşünür.. Kuyumcu yılların verdiği tecrübe ve sarraflığında etkisiyle Mehmet’in halini

AYDINSPOR AKSARAYSPOR ANKARA DEMİRSPOR BATMAN BELEDİYESPOR 2 FATİH KARAGÜMRÜK BALIKESİRSPOR DÜZCESPOR ARAKLISPOR BATMAN. PETROLSPOR 3 GÖLCÜKSPOR BANDIRMASPOR

YABANCILAR SADECE TURKCELL SÜPER LİGİNDE SÖZLEŞME İLE TEKNİK SORUMLU VE ANTRENÖRLÜK YAPARLAR.YABANCILAR HİÇ BİR UNVAN ALTINDA TURKCELL SÜPER LİGİN ALTYAPISI,

Gazlaryň düzümindäki çyglylyk olaryň häsiýetlerini üýtgedýär, ýagny esasy häsiýetleriniň biri ýanma ýylylygy. Bu görkezijisi peselýär, şeýle hem gaz

The Pre si dent of Turk me nis tan, Gurbanguly Berdimuhamedow and the Pri me Mi nis ters of the ot her fo ur count ries held talks on the ro le and place of the re gion's econo

Mysal üçin, “Türkmenhowaýollary”kompaniýasy öz Moskwadaky wekilligine şol wekilligiň işgärlerine zähmet hakyny tölemek üçin pul serişdeleri ugradan bolsa,

Kärhananyň adynyň üýtgedilip guralmagyny, onuň eýesiniň ýa-da hukuk adresiniň çalyşmagyny, esaslandyryjylaryň düzüminiň, ustaw hazynasynyň möçberiniň