• Sonuç bulunamadı

Islendik zawodlarda zyñyndy gazlary ýaýratmak üçin ulanylýan uly turbalardan gazlar çykarylyp ýaýradylmak şerti, çykarylýan gazlarda

I.4. Gazlary gaty bölejiklerden arassalamak 1.Mehaniki tozan tutujylar

3. Islendik zawodlarda zyñyndy gazlary ýaýratmak üçin ulanylýan uly turbalardan gazlar çykarylyp ýaýradylmak şerti, çykarylýan gazlarda

çygyñ bolanlygy sebäpli ýaramazlaşýar.

Süzgüçler

Süzgüçlerde gazlary arassalamak prosesi dürli galyñlykda we dykyzlykda bolan gözenekli materiallardan gaz akymlaryny geçirip, onda tozan bölejikleriniñ saklanmagyna esaslanýar. Süzgüçlerde ulanylýan süzüji materiallar arassalanýan gazyñ düzümindäki tozan bölejikleriniñ ölçegine laýyklykda şeýle görnüşlere bölünýär: iri dispers bölejiklerden arassalamak üçin süzgüçlerde süzüji materiallar hökmünde koks, çäge, grawi ýaly materiallar ulanmak bolýar. Maýda dispers bölejiklerden arassalamak üçin süzüji materiallar hökmünde kagyz, sintetiki süýüm we mata ýaly dürli dykyzlyklardaky materiallary peýdalanmak bolýar.

Senagat şertlerinde süzgüçleriñ esasan ýeñ görnüşli süzgüçler ulanylýar.

Gazlary arassalamak üçin süzüji materiallar saýlanylanda arassalanýan gazyñ hiline, temperaturasyna görä saýlamaly. Saýlanylan material gazlaryñ düzümindäki maddalara we olaryñ temperaturasyna çydamly bolmaly.

Ýeñ görnüşli süzgüçlere tozanly gaz enjamyñ aşagyndan süzgüçlere ugradylýar. Süzüji materiallardan gazlar geçende gazlaryñ düzümindäki tozan bölejiklerini süzüji material özünde saklap galýar. Arassalanan gaz bolsa enjamyñ ýokarsyndan çykarylýar. Süzüji materiallar tozandan doýýança süzmek prosesi amala aşyrylýar. Doýandan soñ togtadylýar, süzüji materiallaryñ regenerasiýasy amala aşyrylýar.

Ýeñ görnüşli süzgüçleriñ esasy artykmaçlygy onuñ arassalaýyş effektiwliginiñ Ýokarylygy 99 % - e ýetýär. Şeýle arassalaýyş effektiwligi islendik ölçegdäki tozan bölejikleri arassalamak bilen gazanyp bolýar. Ýeñ görnüşli süzgüçlerde regenerasiýa prosesini mehaniki usullar silkmek, urmak, şeýle hem howa bilen tersine üflemek we ultra sesiñ kömegi bilen geçirip bolýar

Süzgüçleriñ esasy görkezijileriniñ biri olaryñ gidrawliki garşylygy.

Senagatda süzüji materiallar hökmünde ýüñ, pagta görnüşli materiallar ulanyp biliner. Olar gazlaryñ temperaturasy 1000 C çenli bolan ýagdaýynda arassalap bilýär

Ýeň görnüşli süzgüç.

Häzirki döwürde mehaniki, himiki, durnukly materiallar we sintetiki süýümler ulanylýar. Bu materiallar örän durnukly, çüýremeýär. Gazlaryñ temperaturasy 1500 C bolan ýagdaýynda hem peýdalanmak bolýar. Esasy süzüji material hökmünde aýna süýümleri paýdalanylýar. Olar 2500 C temperatura hem çydamly bolýar. Ýeñ görnüşli süzgüçleriñ arassalaýyş effektiwligini has-da ýokarlandyrmak üçin onuñ garmoşka görnüşini peýdalanmak maslahat berilýär.

Metallokeramika önümçiliklerinde täze gelejegi ýokary bolan tozan arassalaýjy enjamlar açyldy. Metallokeramiki süzgüçler tozanly gazlary örän ýokary arassalamak we himiýa, nebit himiýa hem-de beýleki pudaklardaky bölünip çykýan gazlaryñ düzümindäki gymmatly aerozollary tutmak üçin niýetlenýär. Bu enjamda süzüji elementler turbalardaky gözeneklere birikdirilýär. Süzüji

tozan tutujynyñ arassalaýyş effektiwligi 99.99 % ýetýär. Arassalanýan gazyñ temperaturasy 5000 C çenli bolup bilýär. Süzgüçleriñ gidrawliki garşylygy 50 – 90 Pa deñ. Regenerasiýa geçirmek üçin gysylýan howanyñ basyşy 0.25 – 0.30 Mpa çenli bolup bilýär.

Süýümli duman ýa-da damja tutujylar

Bu enjam gazlaryñ düzümindäki damjalardan aerozollaryñ galyndylaryndan arassalamak ýa-da tutmak üçin niýetlenýär. Esasy ulanylýan ýerleri kükürt we fosfor kislotasy önümçilikleri. Bu enjamda nasadka hökmünde täze sintetiki süýümler ulanylýar. Enjamyñ görnüşleri silindr ýa-da tekiz görnüşlerde bolup bilýär. Olar örän ýokary tizlikde işleýär. Enjamyñ öndürijiligi sagatda 3000 m3-dan 45000 m3 çenli ýetip bilýär.

Enjamyñ arassalaýyş derejesi 99 % ýetýär we ondan hem ýokary bolup bilýär. Onuñ gidrawliki garşylygy 50 – 60 MPa deñ.

Elektrofiltrler

Elektrofiltrler gazlaryň düzümindäki tozan bölejiklerini we beýleki maddalardan arassalamak üçin niýetlenýär. Elektrofiltrleriň arassalaýyş effektiwligi beýleki süzgüçlere seredeniňde ýokary bolýar. Bu enjam elektrik togunyň täsiri esasynda işleýär. Elektrofiltrler elektrik güýjenmäniň plastinka şekilli elektrodlarynyň arasynda ýokarlanmagy bolan ýagdaýynda enjamda bar bolan howa ionlaşýar we položitel, otresatel zarýadlara eýe bolýar. Soňra bu ionlar zarýadlarynyň gapma-garşysyna, ýagny ortisatel zarýadlary položitel, položitel zarýadlar otresatel tarapa hereket edýär. Ionlar öz hereketleriniň ugrunda duş gelýän tozan bölejiklerine zarýadlaryny geçirýär. Zarýadlaşan tozan bölejikler, soňra elektrodlaryň ýüzüne çökýär. Çöken tozan bölejikler öz zarýadlaryny ýitirýär. Netijede elektrodlaryň ýüzünde tozan bölejikleriň gatlagy emele gelýär.

Bu emele gelen gatlagy elektrotdan silkmek, ýuwmak ýa-da urgynyň kömegi bilen aýyrmak bolýar. Elektrofiltrler konstruksiýalary boýunça turba we plastinka şekilinde bolup bilýär.

Turba şekilli elektrofiltrler diametri 200-250 mm bolan wertikal turba, turbanyň içinde 2 – 4 mm diametrli elektrod çekilen. Bu enjamda tozan bölejikleriniň çökýän elektrody bolup, turbanyň özi hyzmat edýär.

Plastinka şekilli elektrofiltrler – bu enjam tekiz, parallel plastinkalardan ybarat bolýar. Olaryň daşyna elektrodlar örtülen bolýar. Çökdüriji enjam bolup plastinkalar hyzmat edýär.

Elektrofiltrlerde tozan bölejikleriniň ölçegi 5 mkm – den ýokary bolan ýagdaýynda arassalamak effektiwligi has-da ýokary bolýar. Elektrofiltrlerde gazlaryň saklanmagy 5 – 6 sekunda deň. Elektrofiltrleriň energiýa harçlanmagy 1000 m3 gaz üçin 0.12 kwt – dan 0.20 kwt sagatda deň bolýar. Bu enjamyň işleýşi effektiw, ýokary temperaturaly, gazlary arassalamaga ukyply. Elektrofiltrleriň regenerasiýa prosesi esasan mehaniki usullar bilen amala aşyrylýar. Tozan

gatlaklary silkmek mehanizmiň kömegi bilen aýrylýar we ýörite toplaýjy gaplarda toplanýar.

Elektrofiltr Ultrasesli enjamlar

Bu enjamlar ýeň görnüşli süzgüçleriň we siklonlaryň işleýiş effektiwligini ýokarlandyrmak üçin ulanylýar. Enjamlarda ultrases örän kiçi tozan bölejikleriň koagulýasiýasy üçin geçirilýär. Ultrasesiň çeşmesi höküminde dürli sirenler ulanylýar. Bu enjamlaryň arassalaýyş effektiwligi arassalaýan gazlaryň düzümindäki tozanyň konsentrasiýasyna bagly. Tozanyň konsentrasiýasy ýokary bolsa, arassalaýyş effektiwligi hem ýokary. Bu enjam esasan siklonlar bilen bilelikde oturdylýar we kül häsiýetli tozanlardan dürli kislotalaryň dumanlaryndan arassalamak üçin niýetlenýär. Ultrasesli enjamy şeýle görnüşde suratlandyrmak bolýar.

Ultrasesli enjam

Bu enjamda tozanly gaz berilýär. Ýiti sireniň sesine hem-de suw ýaýradyjy enjamdan gelýän suwuň täsirine gazyň düzümindäki örän kiçi tozan bölejikler ulalyp, (3) şlam toplaýja çökýär. Arassalanan gaz enjamyň ýokarsyndan

I.5.Eredijileri we organiki maddalary tutmak we gaýtadan işlemek