• Sonuç bulunamadı

Parahorlyk medeniýeti

Türkmenistan telekeçilik üçin amatly ýer däl: 2019-njy ýylda Töwekgelçilikler boýunça maslahat topary bu ýurtda kärhanalaryň düýpli korrupsiýa

kynçylyklaryna duçar bolýandygyny mälim etdi, hatda Liwiýa we Somaliden hem beterdigini belledi. Şeýle hem,

Türkmenistan ygtybarly maglumatlary almak üçin dünýäde iň ýapyk we ýaramaz ýurt hasaplandy. 1

Mundan soňky ýyl parahorlyga garşy TRACE işewür birleşigi parahorlyk töwekgelçiligi boýunça 194 ýurduň sanawynda (Demirgazyk Koreýadan soň ikinji ýerde) Türkmenistany 193-nji orunda goýdy. 2

Muňa garamazdan, käbir daşary ýurt kompaniýalary dürli derejedäki üstünlikler bilen Türkmenistan bilen iş salyşmagy saýladylar. Bu bapda türkmen hökümeti bilen şertnama baglaşan iň meşhur kompaniýalara we olaryň işlerine syn berilýär.

Türkmenistanda işlemek isleýän islendik kompaniýanyň başda ýurduň prezidenti bilen gatnaşygy ýola goýmagy möhümdir. Nyýazowyň edişi ýaly, Berdimuhamedow hem haýsy kompaniýanyň ýurtda işläp biljek ýa-da bilmejekdigini hut özi saýlaýar. Muňa aýdyň mysal hökmünde, 2008-nji ýylda Berdimuhamedowyň Italiýanyň “Eni” nebit kompaniýasynyň ähli işgärlerine giriş wizalaryny gadagan edýän karara gol çekendigini bellemek bolar. Kompaniýanyň "jenaýaty" Türkmenistan bilen şertnamasy bolan Beýik Britaniýanyň "Burren Energy" firmasyny satyn almazdan ozal türkmen nebit we gaz işgärleri bilen onuň maslahatlaşmandygyndadyr. 2019-njy ýylda Türkmenistanyň döwlet aragatnaşyk kärhanasy 3 Russiýanyň MTS kompaniýasyny ýurduň halkara we şäherara aragatnaşyk ulgamyndan kesdi. MTS-iň 4 Türkmenistandan gürrüňsiz çykmagy kompaniýa üçin takmynan 750 million dollar ýitgi boldy; 2018-nji ýylda ol arbitraž kazyýetine arz etdi. Maglumat bilen tanyş çeşmäniň habaryna görä, MTS Russiýanyň 5

https://www.riskadvisory.com/campaigns/corruption-challenges-index-2019-reveal/#panel-8; Bütindünýa Banky, ýyllyk Doing Business hasabatynda

1

Türkmenistany hatda görkezmeýär, https://www.doingbusiness.org/en/rankings; Heritage 2021-nji ýylda ykdysady azatlyk boýunça 178 ýurtdan ybarat sanawda Türkmenistany 167-nji orunda goýýar, https://www.heritage.org/index/country/turkmenistan, hemmesine 2021-nji ýylyň 19-njy martynda girildi.

https://www.traceinternational.org/trace-matrix, 2021-nji ýylyň 19-njy martynda girildi.

2

https://www.wsj.com/articles/SB120889777509535923, 2021-nji ýylyň 19-njy martynda girildi.

Dawa birnäçe aýdan soň çözüldi.

3

https://www.rferl.org/a/turkmenistan-mts-suspends-operationstelecoms/28764540.html, 2021-nji ýylyň 19-njy martynda girildi.

4

https://eurasianet.org/turkmenistan-mts-packing-up-and-leaving-further-dampening-investor-climate; https://thediplomat.com/2018/10/turkmenistan-

5

faces-2-new-arbitration-cases/, ikisine hem 2021-nji ýylyň 19-njy martynda girildi.

TÜRKMENISTAN KOLLAŽYNYŇ KARTASY

© CRUDE ACCOUNTABILITY

bir konsalting kompaniýasy üçin Türkmenistanda geçiriljek prezident saýlawlary baradaky hasabaty maliýeleşdirmek bilen türkmen häkimiýetleriniň gaharyny getiripdir. 6

Türkmenistanyň prezidenti para we howandarlyk ulgamynyň ýokarsynda durýar. Kaspiniň energiýa meseleleri boýunça ABŞ-nyň jogapkär öňki ýokary derejeli işgäri Stiwen Mann 2009-njy ýylda beren interwýusynda 1990-njy ýyllaryň ahyrynda halkara konsorsiumynyň Hazar deňziniň üstünden turbageçiriji gurmaga synanyşanda, gol çekilen mukdardan artyk Nyýazowyň öňünden 10 million dollar töleg talap edendigini aýtdy. Prezident başda 5 milliard dollar talap etdi, sonra tapgyrlaýyn ony 500 million dollara çenli arzanlatdy: “Nyýazow olar söwdalaşýandyrlar öýdýärdi” – diýip Mann belledi. Köplenç Nyýazowyň 7 esassyz talaplary sebäpli konsorsium 2000-nji ýylyň martynda terk etdi. Türkmenistana girmek ýa-da hatda prezident bilen duşuşmak üçin para bermeklik Nyýazow ölenden soňam dowam etdi: 2007-nji ýylda ýaýradylan ABŞ-nyň diplomatik e-hatlaryna laýyklykda, daşary ýurtly işewir adamlaryň prezident bilen duşuşmak üçin töleýän tölegleri Berdimuhamedow häkimiýete geleli bäri 10-15% ýokarlandy. Şol bir çeşme Türkmenistanda parahorlygyň adaty ýagdaýdygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, ady agzalmaýan bir kompaniýa öz tanyşlaryndan birine ýewropaly bir abraýly, ýöne auditorlardan para gizlemek başarnygy bolan bir işewiriň “dogry görnüşini” hödürlemek bilen 2,5% komissiýa teklip edipdir. 8 Türk gurluşyk kompaniýalary 2011-nji ýyl töwereginde türkmen hökümeti tarapyndan töleg meselesinde kynçylyk çekenlerinde, käbir çeşmeler munuň sebäbini bu firmalaryň ilki Nyýazow režiminde töläp, sonra ikinji gezek Berdimuhamedowa "para tölemekden" ýüz öwürendikleri bilen düşündirýärler. Olaryň käbiri 9 dawa sebäpli emläkleriniň we enjamlarynyň türkmen häkimiýetleri tarapyndan ele salnandygyny öňe sürdi. 10

Türkmenistanda işleýän iň bolmanda bir kompaniýanyň şertnama baglaşmak üçin parahorlyk medeniýeti bilen ylalaşandygy subut edildi. 2010-njy ýylda Germaniýanyň Daimler AG awtoulag öndürijisi Türkmenistan ýaly köp ýurtda parahorlyk barada geçirilen giňişleýin derňewden soň ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we Birža boýunça komissiýasyna 185 million dollar jerime tölemäge razy boldy. ABŞ-nyň 11 Adalat ministrliginiň beren arzasynda Daimleriň 2000-nji ýylda doglan güni mynasybetli Türkmenistanda bir “ýokary derejeli wezipeli adama” sowgat hökmünde bronirlenen kaşaň sedan awtoulagyny gowşurandygy aýdylýar. Onuň Prezident Nyýazow üçin sowgat edilendigi giňişleýin habar berildi. 12 13

MTS bilen tanyş çeşme bilen hat alyşma, 2021-nji ýylyň marty.

6

Web sahypa indi işlänok, ýöne web arhiwine girip bolýar,https://web.archive.org/web/20090903224905/http://oilandglory.com/2009/04/nabucco-

7

huckerism-iran-pollyanishness.html, web arhiwine 2021-nji ýylyň 19-njy martynda girildi; söhbetdeşlik gaýtadan berildi https://www.turkishnews.com/en/

content/ 2009/04/14/nabucco-hucksterism-iran-pollyanishness-and-a-5-billion-bribe-the-oil-and-glory-interview-steven-mann/, 2021-nji ýylyň 19-njy martynda girildi.

https://wikileaks.org/plusd/cables/07ASHGABAT1348_a.html, 2021-nji ýylyň 19-njy martynda girildi.

8

https://www.chathamhouse.org/sites/default/files/publications/research/2016-03-08-turkmenistan-bohr.pdf, sahypa 67, 2021-nji ýylyň 19-njy martynda

9

girildi.

https://eurasianet.org/even-for-favored-turks-turkmenistan-a-risky-investment, 2021-nji ýylyň 19-njy martynda girildi 11 http://www.rferl.org/content/

10

Russian_Turkmen_Officials_Allegedly_Pampered_By_Daimler/1999308.html, 2021-nji ýylyň 19-njy martynda girildi.

http://www.rferl.org/content/Russian_Turkmen_Officials_Allegedly_Pampered_By_Daimler/1999308.html, 2021-nji ýylyň 19-njy martynda girildi.

11

Bu document ozal şu sahypada bardy, http://www.justice.gov/criminal/fraud/fcpa/cases/docs/daimlerag-info.pdf, 28-nji sahypa, ýöne häzir açylanok we

12

arhiwde goýulmandyr. Jikme-jiklikleri beýleki metbugat makalalarynda habar berildi: seret, https://eurasianet.org/turkmenistan-ashgabat-on-receiving-end-of- daimler-bribes-us-federal-court-documents, 2021-nji ýylyň 25-nji martynda girildi.

http://business.timesonline.co.uk/tol/business/industry_sectors/transport/article7086766.ece, 2020-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna girildi, makala indi tölegli.

13

Şeýle hem bu resminama 2003-nji ýylyň ýanwarynda Daimleriň “Türkmen hökümet işgäriniň şahsy manifestini” - Nyýazowyň mukaddes kitaby “Ruhnamany” türkmen dilinden nemes diline terjime edendigi we takmynan 250,000 dollar baha kesilen 10,000 nusgasynyň çap edilendigi öňe sürüldi. “Taýms” 14 gazetinde çap edilen maglumatda Daimleriň müňden gowrak ulag üçin sargyt alandygy aýdylýar. 15 Tassyklanylmadyk habarlarda nemes häkimiýetleriniň maglumatlaryna görä, Nyýazowyň ogly Myradyň Daimler tarapyndan Türkmenistanda edilen ähli söwdasynyň belli bir paýyny alandygy aýdylýar.16

Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasy 1997-nji ýyldan bäri energiýa, suw, hereket we saglygy goraýyş ugurlaryndaky şertnamalar bilen Türkmenistanda işleýär. Şeýle hem, prezident Nyýazow üçin tomusky 17 ýaşaýyş jaýyny gurdy we 2003-nji ýylda ýürek problemasy ýüze çykanda oňa lukmançylyk kömegini berdi. 2003-nji ýylda Siemens Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary üçin esasy diňleýji ulgamyny 18 döretmekde aýyplandy, Siemens bu aýyplamalary ret etdi. 2008-nji ýylda ABŞ-nyň häkimiýetleri 19 tarapyndan Siemens kompaniýasynda giňden ýaýran para barada geçirilen derňewden soň, oňa 1,6 milliard dollar jerime salyndy, emma bu aýyplamalarda kompaniýanyň Türkmenistandaky işi barada 20 agzalmaýar. 21

Howandarlyk ulgamyndan daşarda pul gazanmaga synanyşýan kompaniýalar türkmen häkimiýetleriniň gazabyna duçar bolup bilerler. 1999-njy ýylda nemes telekeçisi Aşgabadyň daşynda üstünlikli bir towuk fermasyny açanda, Nyýazow muňa gaty gaharlandy. Türkmen häkimiýetleri girdejiniň ýarysyny talap etdiler, kompaniýanyň eýesine “haç atasynyň tekliplerini” berdiler, talap ret edilenden soň bolsa fermany ele saldylar. Araçy kazyýet işi 2014-nji ýylda nemes telekeçisiniň peýdasyna çözüldi. 22

12-nji bellige serediň.

14

http://business.timesonline.co.uk/tol/business/industry_sectors/transport/article7086766.ece, 2020-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna girildi, makala indi tölegli.

15

http://www.nrhz.de/flyer/beitrag.php?id=1572, 2021-nji ýylyň 19-njy martyna girdi.

16

https://press.siemens.com/global/en/pressrelease/turkmenistan-chooses-siemens-technology-partner-infrastructure-expansion, 2021-nji ýylyň 19-njy

17

martyna girdi.

http://www.shadowoftheholybook.net/reps/Germany-Turkmenistan_connections_Jan09.pdf, 2021-nji ýylyň 19-njy martyna girdi. Bu web sahypasyna

18

görä, Siemens Ruhnamanyň bir nusgasyny alandan soň Nyýazowa öwgi hatyny iberdi.

https://www.freedomforsale.net/articles/25-siemens-created-wiretapping-system-for-turkmenistan-secret-police#.XhYCztSLSHsps://

19

www.freedomforsale.net/articles/25-siemens-created-wiretapping-system-for-turkmenistan-secret-police#.XhYCztSLSHs, 2021-nji ýylyň 19-njy martyna girdi.

https://www.nytimes.com/2008/12/21/business/worldbusiness/21siemens.html, 2021-nji ýylyň 19-njy martyna girdi.

20

https://www.freedomforsale.net/articles/23-siemens-bribery-scandal#.XhYDltSLSHs, 2021-nji ýylyň 19-njy martyna girdi.

21

https://thediplomat.com/2018/10/turkmenistan-faces-2-new-arbitration-cases/, 2021-nji ýylyň 19-njy martyna girdi.

22