• Sonuç bulunamadı

5. kalkulýasiýa – önümi ýeke-täk ýa-da toplum öndürip ýerleş- ýerleş-dirmek üçin çykdajylaryň hasabyny we pul görnüşinde buhgalteriýa

5.3. Banklarda karzlaşdyrmagyň usullary we karz meseleleriniň çözulmegi

Ykdysady ylmy çeşmelerde karz bermegiň 3 usuly, ýagny:

1. Dolanyşyk.

2. Galyndy-aýlaw.

3. Galyndy usullary barada aýdylýar.

Dolanyşyk usuly boýunça karzlar gurluşyk-potrat edaralaryna, senagat we beýleki kärhanalara berilýär.

galyndy-aýlaw usuly boýunça karzlar söwda we üpjünçilik edaralaryna berilýär.

galyndy usuly boýunça karz aktiw-passiw kontokorrent ha-saplaryndan berilýär. Kontokorrent hasaby hasaplaşyk hasabynyň we karz hasabynyň işlerini ýerine ýetirýär.

kontokorrent – bu ýeke-täk hasap. Ol hemişelik müşderi üçin bank tarapyndan açylýar. Ol hasapda müşderiniň bank bilen hemme amallary (karz, hasaplaşyk hasaplary) hasaba alynýar we görkezilýär.

Bu usullardan başga girew usuly bar. Ol karz berlende ulanylýar.

Girew almak bazar ykdysadyýeti şertlerinde işleýän döwletlerde giň-den ulanylýan karz almak-bermegiň şerti. Girew almak bilen bagly meselelerde käwagt kyn çözülýän meseleler hem ýüze çykyp biler.

Mysal üçin, bank girew hökmünde müşderiniň awtoulagyny almaly bolsa, ony saklamaga ýeri ýok ýa-da bank goşmaça çykdajy etme-li bolýar (ýeri kärendesine almaly). Şol sebäpetme-li girew almaga derek diňe awtoulagyň resminamalarynyň nusgalary alynýar (ýöne awtou-lag ogurlanyp, heläkçilige düşüp, ýitip biler).

Banklar döwletiň hasabyna gurlan ýaşaýyş jaýlaryny girew hökmünde alanoklar, sebäbi kanun tarapyndan gadagan. Husu-sy eýeçilikdäki jaýlary banklar girewine alýarlar, ýöne ol jaýda ýa diňe bir adam ýaşaýyş ýazgysynda bolmaly, ýa-da hiç kim ýaşaýyş ýazgysynda durmadyk bolmaly. Döwlet şol kadalary Türkmenista-nyň raýatlaryTürkmenista-nyň hukuklaryny berkitmek üçin girizdi. Karz bermegiň obýektleri bankyň karz bermek çeşmeleriniň (pul serişdeleriniň) bar wagtynda müşderiler bilen bankyň arasynda ylalaşyk esasynda kes-gitlenýär. Ylalaşygyň şertleri karz şertnamasynda görkezilýär.

Täjirçilik we beýleki banklar karzlary (ssudalary) «Karz edarala-ry we bank işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, bankyň Tertipna-masy, ygtyýarnamasy we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kada-laşdyryjy görkezmeleri esasynda berýärler.

Ýokarda görkezilen hukuk resminamalarynyň esasynda täjirçilik we beýleki banklarda dürli karz bölümleri (departamentler), müdir-likler, toparlar (komitetler) döredilýär. Kadalaşdyryjy görkezmelere laýýyklykda, müdirlikleriň aýratyn Düzgünnamalary bolmaly. Bu resminamada müdirlikleriň wezipeleri, borçlary, hukuklary ýazylma-lydyr we olar bankyň başlygy tarapyndan tassyklanmaýazylma-lydyr.

Bankda karz işine jogap berýänleriň öz wezipe borçlary bolma-lydyr. Olar aýratyn buýrukda bankyň başlygy tarapyndan tassyklan-malydyr. Täjirçilik we beýleki banklarda karzlar bankyň karz topa-rynyň başlygynyň rugsady esasynda ýa-da onuň ýörite buýrugynda görkezilen bankyň gaýry jogapkär işgärleriniň goly esasynda berilýär.

Karz alyjy öňünden arza we karz almagynyň ykdysady tarapyny esaslandyrýan resminamalary tabşyrmaly. Karzy ykdysady tarapdan esaslandyrýan resminamada karzyň meýilnama maksatlary, mukdary, möhleti, göterimi bilen yzyna gaýtarmagyň belli wagty, teklip edilýän maddy üpjünçiligi, karzyň gönükdirilen işiniň gysga häsiýetnamasy we onuň ykdysady netijeliliginiň hasabaty dogrusyndaky şertler bel-lenilmeli.

Arza bilen bilelikde bank, eger gerek bolsa, karz alyjydan:

– dörediş resminamalarynyň düzgünnamalaryny, resmileşdiriji şahadatnamalaryň we beýleki dörediş resminamalarynyň notarius ta-rapyndan tassyklanan göçürmelerini;

– ýere eýeçilik hukuklaryny tassyklaýan resminamalary;

– patent şahadatnamalaryny;

– müşderiniň karz almak hukugyny tassyklaýan resminamalary;

– karz alyjynyň işiniň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny, yla-laşyklaryň, şertnamalaryň göçürmelerini, şonuň içinde kärende ha-kyndaky şertnamalaryny;

– karz alyjynyň işiniň peýda berijiligi, düşewüntliligi, karzy gö-terim bilen yzyna gaýtarmaly möhleti hakyndaky hasabatyny;

– hasabat we statistika, maliýe netijeleri hakyndaky deklarasiýa-laryny;

– karz alyjynyň hasaplaryndan göçürmeleri, onuň hasaplaşyk ha-saby başga bankda ýerleşýän bolsa, beýleki hasabatlary we karz aly-jynyň karz almak ukyplylygyny subut edýän maglumatlary;

– düýpli maýagoýum (inwestision) taslamalarynyň barlagyndan (eks pertizadan) geçirilendigi baradaky resminamalaryny talap edip biler.

Eger-de karz alyjy bankyň müşderisi bolmadyk ýagdaýynda, ol banka ýokarky edaradan ýa-da notariusdan, ýa-da bolmasa, ha-saplaşyk hasabynyň ýerleşýän banky tarapyndan tassyklanan golla-ryň nusgalary bolan kartoçkanyň (resminamanyň) göçürmesini, sal-gyt gullugynda hasaba durany hakynda güwähatyny tabşyrmaly.

Müşderi bank bilen öňden bäri işleşip, diňe gowy tarapdan tanal-ýan bolsa, banka tabşyryltanal-ýan resminamalaryň sany azalýar, sebäbi ol ynamdar, abraýly müşderiniň hataryna girýär.

Müşderiden arza alnandan soň, bank seljeriş işlerini ýerine ýetir-ýär. Bank tarapyndan berilýän karzlar ýörelgelere laýyk gelmeli we düzgün bolşy ýaly, kanun esasynda karz alyjynyň emlägini gaýtaryp alar ýaly girew bilen üpjün edilmeli.

Girewiň, kepilleriň, ätiýaçlyklaryň dogrulygyny we ýeterlikdigi-ni bankyň özi barlamaly.

Karz beriji dogry doldurylan girew, kepilnama, ätiýaçlyk polýu-syny, borçnama we beýleki resminamalaryny bir nusgada karz alyjy-dan karz bermänkä almalydyr.

Karzlary karz alyjylara bank, karz serişdeleriniň (çeşmeleriniň) möçberine görä bermelidir. Bellemeli zat, bank karz alyja karz berende onuň möçberi Merkezi bank tarapyndan tassyklanan kadalaşdyryjy ta-lapdan artyk bolmaly däldir. Bank karz alyja pul serişdelerini karz ber-mäňkä müşderiniň näçe serişdäni goýum edip goýmakçydygyny bilmeli.

Şeýle ýagdaýyň sebäpleri bar:

1. Bank öz maýasyny, serişdelerini ýökary töwekgelçilikli ugur-lara ibermeli däl. Müşderiniň karzyň hasabyna amala aşyran goýum-lary ýitgili bolan ýagdaýynda, onuň hususy serişdeleri bolmasa, müş-deriniň ýitgisini bank çekmeli bolýar. Eger-de müşmüş-deriniň özi goýum eden bolsa, zyýany özi çekýär we banka çekilen ýitgiler barada mag-lumatlary berýär.

2. Hususy serişdelerini goýum eden müşderiler, esasanam, bar güýjüni üstünlikli işlemäge gönükdirýär. Karzyň maddy üpjünçiligi bolanda-da bankyň karz goýumlary müşderiniň öz goýumlaryndan artyk bolmaly däl. Käbir banklar müşderiniň goýumlaryndan artyk möçberde karzlary hem berýärler, ýöne bu ýagdaý Karzlaşdyrmak ba-radaky Düzgünnama laýyk gelenok.

Banklar entek karz berilmäňkä müşderi hakynda doly hem anyk maglumatlary ýygnamaly. Olaryň içinden wajyp maglumatlary eda-ralaryň, kärhanalaryň, şereketleriň we beýleki guramalaryň garaşsyz audit gulluklary tarapyndan üç ýylky barlanan hasabatlardan balans we beýleki hasabat resminamalarynyň seljerilmesi esasynda alyp bol-ýar. Mysal üçin, kärhananyň ykdysady we maliýe ýagdaýyny şu

gör-kezijileriň esasynda kesgitlemek mümkin:

1. Peýdasy pes ýa-da peselýär.

2. Öndürilýän önüme bazar islegi peselýär.

3. Dürli çykdajylary köpelýär.

4. Bergileri artýar.

5. Dörediş toplamasyna seretmän, söwda-senagat hereketleri güýçlenýär.

6. Hususy serişdelere (ätiýaç toplamalary hem şonuň içinde) gö-zegciligi ýeterlik bolmadyk görkezijileri ösýär. Dolanyşyga serede-niňde debitor bergileri köp.

7. Ýitgilere garşy geçiren çäreleri netije berenok.

Ýokarda görkezilen görkezijileri karz berilmänkä ýa-da olary dü-zedip boljak tapgyrlarynda ýüze çykarmaly. Eger-de şu ýagdaýlara üns berilmese, ýitgileri tutuşlygyna bank çeker. Şol sebäpli karz alyjynyň arzasy seljerilende bank işgärleri karz bermegiň ýörelgelerini ýatdan çykarmaly däl. Eger-de karzyň ýörelgeleri gabat gelse, arzalar boýunça netije çykarmak kyn däl. Käbir ýagdaýda karz bermegiň birnäçe ýörel-gesi gabat gelip, ýene şonçasynyň gabat gelmezligi hem mümkin.

Görkezilen ýagdaýlarda bankyň özi soňky netijä gelmeli bolýar.

Eger-de töwekgelçilikli teklipler her gezek yzyna gaýtarylsa, bank müşderilerini ýitirip biler, ýa-da tersine, bank maliýe taýdan ynamsyz kärhanalaryň arzalary esasynda köp karz berse, köp müşderiler ber-gili galar. Şol sebäpli banklar belli bir netije çykaran wagtynda ban-kyň syýasatyny göz öňünde tutmaly. Karz banban-kyň syýasatyna gabat

gelýän wagtynda berilýär. Eger-de karz syýasaty önüm öndürýän kiçi we orta kärhanalary ösdürmäge gönükdirilen bolsa, bank şu ugurdan işleýän müşderä karz bermelidir.

Karz bermek barada meseläni çözen bank, müşderi bilen karz şertnamasyny baglaşýar.

Şertnamada karzyň maksady, mukdary, möhleti, bermegiň we karzyň göterimi bilen yzyna gaýtarylmagynyň tertibi, borçlaryň mad-dy üpjünçilik boýunça nusgasy, karzy bermekde we gaýtarmakda ta-raplaryň hukuklary we borçlary, hasabatlaryň, hasaplaşyk we gaýry karz bermek üçin gerekli resminamalaryň sanawy, olaryň banka tab-şyrylmaly wagty, müşderiniň karzy ýapmagynyň üpjünçiligini barla-magyň şertleri we beýlekiler görkezilýär.

Karz berlende işgärleriň amallar bölümine ýörite görkezme ber-melidirler. Şol görkezmäniň esasynda müşderä nagt ýa-da nagt däl görnüşinde karza pul serişdeleri goýberilýär.

5.4. karzy yzyna gaýtarmagyň şertleri we göterim