• Sonuç bulunamadı

Bu başda Ýuwaş ummany boýunça syýahat edilýär.

Şanhaý portuna girelgäniň golaýynda bolup geçen waka öz-özünden düşnüklidir. «Tankaderanyň» duýduryşlaryny Iokagama barýan gäminiň üstündäkiler gördüler. Baýdagyň aşak düşürülenini görüp, kapitan öz gämisini kiçijik gämä tarap gönükdirdi. Sähel salymdan Fileas Fog gürleşişleri ýaly, Jon Bensbä ýol kireýini, bäş ýüz elli funt sterlingi gowşurdy. Soňra hormatly jenap, onsoňam, Auda hanym bilen Fiks gäminiň üstüne mündüler, olam bada-bat ümzügini Nagasaki bilen Iokagama tarap tutdurdy.

14-nji noýabrda, säher bilen bellenen wagtda Iokagama gelip, Fileas Fog öz işi üçin bir ýaňa giden Fiks bilen hoşlaşdy hem-de

«Karnatige» ugrady. Ol ýerde fransuz Paspartunyň hakykatdanam, düýn Iokagama gelendigini bildi. Muňa Auda hanym begenip tas uçupdy. Fileas Foguň özüniňem begenen bolmagy ahmal, ýöne onuň daş keşbinde şatlyk alamaty görünmedi.

Şol gün agşam San-Fransisko ugramaly bolansoň, Fileas Fog ur-tut hyzmatkärini gözlemäge başlady. Onuň fransuz we iňlis wekilhanalaryna ýüz tutmasy hiç-hili netije bermedi. Iokagamanyň köçelerinde Paspartuwa duşmak tamalaryny hem tala daňmaly boldular. Fog Paspartuny tapmak pikirinden el ýuwaýmaly bolanda nesibesi çekip, haýsydyr bir içki duýgusyna tabyn bolup, hormatly Batulkaryň tomaşa jaýyna bardy. Elbetde, ol beýle täsin lybasa beslenen Paspartuny tanap bilmezdi. Ýöne onuň özi arkan ýatan ýerinden tomaşaçylaryň arasynda oturan hojaýynyny göräýdi.

Görübem, biygtyýar halda süýri burnuny gymyldatdy, bu bolsa

tutuş piramidanyň deňagramlylygyny bozdy. Onsoň näme bolanyny okyjynyň özi bilýändir.

Paspartu bolsa bularyň hemmesini Auda hanymdan eşitdi. Ol oňa «Tankadera» gämisinde Fiks diýen bir jenap bilen Gonkongdan Iokagama çenli nähili gaýdandyklarynam gürrüň berdi.

Paspartu Fiksiň adyny eşidende hatda gaşynam çytmady. Ol özi bilen aňtawjynyň arasynda bolan wakalary jenap Foga gürrüň bermegiň entek wagty gelenok diýip hasap edýärdi. Şonuň üçinem, ol öz başdan geçirenlerini gürrüň berip, diňe özüni kötekleýärdi hem-de Gonkongda beýhuş bolýança tirýek çekip bulaşany üçin ötünç soraýardy.

Jenap Fog onuň gürrüňini parahat diňledi. Soňam sesini çykarman hyzmatkärine şu gäminiň üstünde geýer ýaly düzüwliräk geýim satyn almak üçin pul berdi. Bir sagat geçip geçmänkä, Paspartu burunyny hem ganatlaryny aýyrdy. Indi onda Tengu hudaýa sygynýanlygy barada ýekeje nyşan hem galmady.

Iokogama bilen San-Fransiskonyň aralygynda gatnaýan gämi Ýuwaş umman aragatnaşyk kompaniýasyna degişli bolup, «General Grant» diýlip atlandyrylýardy. Bu tigirli ullakan gäminiň iki müň bäş ýüz tonna suw sygymy bolup, ol oňat enjamlaşdyrylandy hem-de uly tizlik bilen gidip bilýärdi. Ägirt uly agram sazlaýjy gäminiň palubasynyň üstünde yzyny üzmän bir ýokary göterilýärdi, birem aşak düşýärdi. Onuň bir ujy porşeniň106 ştoky107 bilen baglanyşýardy.

Beýleki ujy bolsa göni hereketi aýlanyş hereketine öwrüp, ony gönüden-göni tigirleriň okuna geçirýän, maşynyň herekete getiriji çarhyny aýlaýan enjama birikdirilendi. «General Grant»

üç sany bogaldak bilen enjamlaşdyrylany üçin ýelken galdyryp bilýärdi. Ýelkenleriň üstüniň ululygy sebäpli gämi tizligini ep-esli ýokarlandyryp bilýärdi. Sagatda on iki mil geçýän bu gämi Ýuwaş ummany ýigrimi bir günde kesip geçmelidi. Şeýlelikde, Fileas Fog 2-nji dekabrda San-Fransisko barsa, aýyň on birine Nýu-Ýorka,

106 Porşen - turbanyň keseligine kesilen ýerini baglaýan hereketli enjam. Mehaniki işi suwuklugyň (gazyň) basyş energiýasyna öwürmäge hyzmat edýär.

107 Ştok - porşenli maşynyň porşen bilen polzunyny (hereketsiz gönükdirijiler boýunça gaýtalanýan-güýjeýän hereketi amala aşyrýan enjam) birleşdirýän bölegi.

ýigrimisine bolsa Londona, ýagny ozal gürleşilen wagtdan, 21-nji dekabrdan birnäçe sagat öň ýetip biljekdi.

Gämide ýolagçy köpdi. Olaryň arasynda iňlisler, amerikanlar, birgiden talap gözläp Amerika göçüp barýan hytaýlylar, şeýle hem öz zähmet rugsatlarynda ýeriň daş-töweregine syýahat edýän hindi goşunynyň serkerdeleriniň birnäçesi bardy.

Ýüzüşde hiç hili deňiz başdan geçirmeleri ýüze çykmaýardy.

Kuwwatly tigirler arkaly hereket edýän gämi birgiden ýelkenini ýokary göterip, çaýkanman beýleki etmän asuda ýüzýärdi. Ýuwaş umman adyna kybap gelip durdy. Jenap Fog adatdakylary ýaly parahat hem garasöýmezdi. Onuň ýanyndaky ýaş zenan maşgala bu adama diňe bir eden ýagşylygy babatda däl, hemme tarapdan gitdigiçe ysnyşyp barýanyny duýýardy. Dymma bolsa-da oňa şeýle rehimdarlyk eden Fileas Fog onuň kalbynda garaşanyndan has köp gozgalaň turuzdy. Ýöne onuň zordan basalyk berýän duýgulary şeýle täsin häsiýetli bu adama birjikde täsirini ýetirip bilmeýärdi.

Indi Auda hanym biziň jenabymyzyň etsem-petsemlerine on iki süňňi bilen gyzyklanýardy. Syýahata zelel ýetirip biläýjek ähli päsgelçilikler ony howsala salýardy. Ol bu babatda Paspartu bilen kän gürleşýärdi. Ol onuň kalbynda turýan gozgalaňa gowy düşünýärdi. Indi gerçek ýigit hem öz jenabyna durky bilen uýýardy.

Ol yzyny üzmän jenap Foguň rehimdarlygynyň, asyllylygynyň hem-de gaýduwsyzlygynyň öwgüsini ýetirýärdi hem-hem-de Auda hanyma ýoluň iň kyn böleginiň geçilendigini, olaryň eýýäm geň-enaýy Hytaý bilen Ýaponiýa ýurtlaryny geçendiklerini hem-de ýene-de medeniýetleşen dünýäniň çäklerine gadam basýandyklaryny, ýeriň daş-töweregine edilýän bu haýran galaýmaly syýahaty wagtynda tamamlamak üçin, otly bilen San-Fransiskodan Nýu-Ýorka baryp, umman gämisi bilenem Nýu-Ýorkdan Londona baraýmalydygyny gürrüň berip, oňa göwünlik berýärdi.

Iokogamadan ugralanyna dokuz gün bolanda Fileas Fog ýer togalagynyň gylla ýarysyny geçdi.

Hakykatdanam, «General Grant» 23-nji noýabrda bir ýüz segseninji meridiany kesip geçdi. Ýer togalagynyň günorta ýarym

böleginde bu meridian Londonyň gapma-garşysynda ýatýardy.

Dogry, Fileas Fog öz ygtyýarynda bolan segsen günüň elli ikisini harçlapdy hem-de indi onuň ätiýaçlygynda bary-ýogy ýigrimi sekiz gün galypdy. Ýöne «meridianlar boýunça hasaplananda» biziň syýahatçymyzyň ýarpy ýoldadygyny bellemek gerek, hakykat ýüzünde bolsa ol eýýäm ähli ýoluň üçden iki böleginden hem köprägini geçipdi. Dogrudanam, ol London bilen Adeniň, Aden bilen Bombeýiň, Kalkutta bilen Singapuryň, Singapur bilen Iokagamanyň arasynda näçe gezek aýlanyp-dolanmaga mejbur bolupdy! Eger-de ýeriň daş-töweregine Londonyň ýerleşen ellinji paralleli boýunça aýlanmaly bolsa onda ähli ýol takmynan on iki müň mile barabar bolardy. Fileas Fog bolsa ulag serişdeleriniň garma-garjaşyklygy üçin ýigrimi alty müň mil geçmelidi. Şu güne, 23-nji noýabra çenli ol ýoluň on ýedi ýarym müňüni geçilipdi. Indi ol dogry ýola düşdi, onsoňam oňa bökdençlik döredýän Fiksem ýitirim bolupdy.

Şol gün, 23-nji noýabrda, Paspartu gaty begendi. Megerem bu tekepbir ýigidiň üstünden geçýän ýurtlarynyň wagtyny nädogry diýip hasap edip, özüniň atasyndan galan ajaýyp sagadynda London wagtyny saklamak üçin, sagadynyň tilini süýşürmäge kes-kelläm garşy çykany okyjymyzyň ýadyndadyr. Ynha, onsoň 23-nji noýabrda, ol sagadynyň tilini bir saparam öňe ýa yza süýşürmedik bolsa-da, onuň sagady gämi sagady bilen birmeňzeş wagty görkezdi.

Paspartunyň muňa nähili şoh bolanyna düşünmek kyn däl. Şu mahal Fiks şu ýerde bolaýan bolsa, onuň muňa näme diýip, näme aýtjagyny Paspartunyň gaty bilesi geldi.

«Ol kezzap maňa meridian diýen bolup, gün-aý diýen bolup, takal baryny okady! — diýip, Paspartu içinden öwran-öwran gaýtalaýardy. — Tapan bolýan zadyny! Bu tetellileriň gürrüňine gulak gabartsaň, bahym sagadyň waragyny çykaraýarsyň! Men bilipjik durun-a, ir-u-giç günüň meň sagadyma dogrulanjagyny!..»

Paspartu öz sagadynyň sanlary Italiýanyň diňlerindäki sagatlaryňky ýaly ýigrimi dört sagada bölünen bolaýanlygynda, oňa şatlanara jinnek ýaly delil bolmajagyndan bihabardy. Şeýle bolaýanlygynda gämi sagady ir sagat dokuzy görkezse, onuň

sagadynyň tilleri agşam dokuzy, ýagny düýn agşam sagat ýigrimi biri görkezerdi hem-de wagtyň tapawudy laýyk London bilen bir ýüz segseninji meridianyň arasyndaky tapawuda, ýagny dokuz sagada deň bolardy.

Fiks munuň tebigy kanunalaýyklykdygyny düşündirse düşündirerdem welin, Paspartu muňa birä düşünmezdi, düşünäýende-de ony asla kabul etmezdi. Dogrusyny aýtsaň, birdüşünäýende-dendüşünäýende-dekgän, gaýa gopuz ýok ýerden bir gudrat bilen aňtawjy hut şu pursat palubada peýda bolaýsa, oňa düşnükli sebäplere görä jany ýanyp duran Paspartu, onuň bilen asla başga zat hakynda, özem düýbünden başgaça äheňde gürleşerdi!

Dogrudanama bu mahal Fiks niredekä? Ol bolsa hakyt «General Grantyň» üstündedi.

Hakykatdanam, Iokogama gelenden soň polisiýa gözegçisi, ertesi gün ýene-de taparyn diýip, jenap Foguň yzyndan aýryldy-da, bada-bat iňlis wekilhanasynyň wekiliniň ýanyna ugrady. O taýda ol ahyrsoňy, Bombeýden bäri öz yzy bilen gelýän, mundan kyrk gün ozal çykarylan tussag etmek üçin buýruk hatyny aldy. Buýruk haty Gonkongdan, Fiksiň özüniň münüp gaýtmaly gämisi bolan, şol «Karnatik» gämisi bilen ugradylypdyr. Aňtawjynyň nähili lapy keç bolanyny göz öňüne getirip bir görsediňiz. Indi buýruk hatynyň jinnek ýalam peýdasy ýok ahweti! Fog Angliýanyň garamagyndaky ýerlerden çykypdy. Indi jenaýatçyny tussag etmek üçin ony paş edip, ýurtdan çykaryp berilmegi hakda karar zerurdy.

«Aý, näme, buýruk hatynyň bärde nepi degmese-de, Angliýada-ha peýdasy deger. — diýip, Fiks birneme köşeşensoň aýtdy. — Bu kezzap polisiýany bulaşdyrandyryn öýdýän bolara çemeli. Özem görnüşi ýaly ýurduna dolanyp barjak bolýan ýalaky. Onda näme!

Menem munuň yzy bilen giderin. Pul babatynda aýdanymyzda bolsa, az-küş galaýsa-ha ne ýagşy! Ýol diýdi, baýrak diýdi, sud işidir jerime diýermiň, aý sanasaň sanap oturmaly, pilem satyn aldy-how bu, garaz beýleki çykdajylarynam ursaň bu jalataý bäş müň funtyň eýýäm ýoguna ýandy. Ýöne, oň üçin bankyň puly tükenesi ýok-la!»

Belli-külli netijä gelip, Fiks bada-bat «General Grant» gämisine

ugrady. Jenap Fog bilen Auda hanym paluba galanlarynda, olam şol mahal şotaýdady. Fiks Tengu hudaýyň çaparynyň eşigini geýen Paspartuny tanap, juda geň galdy. Özüniň bärde näme işleýänini düşündirmeli bolar öýdüp, Fiks şobada gämi otagyna sümüldi.

Gämide ep-esli ýolagçy bolansoň, ol duşmanynyň gözüne ilmezlige bil baglady, ýöne ahyrsoňy gäminiň öň tarapynda oňa pete-pet gabat geläýdi.

Paspartu onuň bilen kän düşünişjek bolup durman, bokurdagyndan ýapyşdy. Gapdalda duran amerikanlar hezil edişip, kimiň ýeňjegi hakynda urdular, jedeli. Paspartu hem maýaçlap, görgüsiýaman aňtawjynyň gulagynyň düýbüne ýapdy. Şeýdip, ol fransuz boksunyň iňlis boksundan doly artykmaçdygyny aýdyň görkezdi.

Içini sowadansoň Paspartu bada-bat köşeşdi. Üstünden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Fiks gaty gözgyny halda ýerinden turup, öz garşydaşyna seretdi-de, ondan:

— Bolduňyzmy? — diýip, sowuklyk bilen sorady.

— Häzirlikçe-hä boldum.

— Onda ýör düşünişeliň.

— Heý menem siziň bilen...

— Bu siziň jenabyňyzyň bähbidi üçin gerek.

Paspartu aňtawjynyň sowukganlylygyna jadylanan ýaly bolup, onuň yzyna düşdi. Onsoň, olar gäminiň burnuna baryp oturdylar.

— Siz meni mazaly ýepbeklediňiz. —diýip, Fiks söze başlady.

— Ýeri bolýa-da. Indi maňa gulak asyň. Şu mahala çenli men jenap Foguň duşmanydym, indi bolsa men onuň tarapyna geçýän.

— Ahyrsoňy akylyňyza aýlandyňyzmy! — diýip, Paspartu gygyryp goýberdi. — Siz indi beri ony dogruçyl adam hasap edýärsiňizmi?

— Eger-eger. — diýip, Fiks sowuk jogap berdi. — Men ony ýalançy, kezzap diýip hasaplaýan... Ýuwaş! Köşeşiň, maňa geplemäge maý beriň. Jenap Fog Britan eýeçiligindäki ýerlerdekä, men ony eýdip-beýdip tussag etmäge buýruk haty gelýänçä eglejek bolýardym. Ony eglejek bolup edibilenimi etdim. Bombeý ybadathanasynyň ruhanylarynam men onuň üstüne küşgürdim.

Gonkongda sizem içirip, jenabyňyzdan aýra düşürdim. Eýdip-beýdip ony Iokogama gidýän gämidenem gijä goýdum...

Paspartu ýumrugyny düwüp, diňläp otyrdy.

— Indi bolsa, — diýip, Fiks sözüni dowam etdi. — jenap Fog, Angliýa dolanaýjak ýalaky? Bu gaty gowy, menem onuň yzyna düşjek. Ýöne indi men, ozal oňa päsgelçilik döretmäge nähili jan eden bolsam, edil şonuň ýaly jan edip, onuň ýolundaky päsgelçilikleri arçaşdyraryn. Görýäňizmi, men indi başgaça oýun etjek, çünki şeýtsem maňa bähbitli bolýar. Onsoňam, maňa bähbitli zat size-de bähbitli, çünki siz jenaýatça ýa-da sap ýürekli adama gulluk edýändigiňizi diňe Angliýa baranyňyzdan soň bilip galarsyňyz!

Paspartu Fiksiň aýdanlaryny dykgat bilen diňledi hem-de onuň çynyny aýdýandygyna göz ýetirdi.

— Dost bolarysmy? — diýip, Fiks sorady.

— Seň bilen dostlaşyb-a bolmaz. — diýip, Paspartu jogap berdi.

— Ýaran bolsak bolaýmagymyzam ahmal. Ýöne bir şert bilen.

Dönüklik edýäniňi sähelçejik aňdygym edil boýnuňy oňuraýaryn.

— Bolýar! — diýip, polisiýa gözegçisi parahat jogap berdi.

On bir gün geçensoň, 3-nji dekabrda «General Grant» Altyn Derweze aýlagyna girdi hem-de San-Fransisko geldi.

Jenap Fog heniz ýekeje güni-de utduranokdam, utanokdam.

Benzer Belgeler